Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 10 February 2016 11:08

iliň tersine

iliň tersine

 

ILIŇ TERSINE Bir adam bir gün akar ýabyň boýuny syryp, akymyň tersine ylgap barýan ekeni. Şeýdip barýarka biri duşup, ondan ylgap barmagynyň, onda-da akymyň tersine barmagynyň sebäbini soraýar. Ylgap gelýän: — Aý, halypa, meni saklama, meň aýalym suwa akypdyr, şony gözläp barýan - diýip, öz ugruna gidibermekçi bolupdyr. — How, dost, seň kelläň bir ýerindemi? Aýalyň akan bolsa, suwuň akym ugrundan gözlärler ahyryn. A sen bolsa akymyň tersine barýarsyňla? — Wah, halypa, kelläm gaty ýerinde-le, ýöne meň aýalymyň ýagdaýy şeýleräkdi. Ol mydama iliň tersine bolansoň, menem suwa akanda-da iliň tersine akandyr diýip, «Aýalyň suwa akdy» diýip, aýdan batlaryna pikir etdim. Ine, häzirem şu suwuň tersine barşym. Sen meni saklama, dost - diýip, akymyň tersine baka ýumlugaýan. Ol adam bolsa: — Belki onuňky dogrudyr - diýip, içini hümledip, ýoluny dowam eden.

Add comment


Security code
Refresh