Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 08 November 2015 10:59

irge goýun guzlanda

irge goýun guzlanda

 

 

 

Han Ýigrenseçeniň gelniniň tarypyny eşidip, ony synamakçy bolupdyr. Bir gezek ol Ýigrenseçeniň öýüne gelip, oňa şeýle buýruk beripdir:

— Men saňa iki ýüz irge[ii] goýun berjek. Şolaryň her birini ekiz-ekizden guzladyp, ýedi günde dört ýüz edip, maňa gaýtararsyň.

Ýigrenseçen aňka-taňka bolupdyr. Han bolsa onuň jogabyna-da garaşman, şol bada öz ýoluna gidipdir.

Han gidensoň gelni Ýigrenseçene garap:

— Sen goýunlary elli-elliden üç adama paýla, özüňe-de ellisini goý - diýipdir.

Soňra olar özlerine alan elli goýunlaryny ýedi günde soýup, dost-ýarlaryny çagyryp, iýdiripdirler. Wadaly güni han bulara gelipdir. Han gelmezinden öňürti tutynyň aňyrsynda düşek salyp, gelni Ýigrenseçeni ýatyrypdyr. Han gele-gelmäne:

— Hany Ýigrenseçen? - diýip gygyrypdyr.

Onda gelin:

— Ýigrenseçen hol tutynyň aňyrsynda çaga dogurjak bolup ýatyr - diýip, jogap beripdir.

Onda han gelne:

— Hi erkek adamam çaga dograrmy? - diýen.

— Näme, irge goýun guzlanda, erkek adam çaga dogurmazmy? - diýip, gelin hana jogap beripdir.

Han içinden: «Bu ikisi biri-birinden beter, bular meniň başyma gelen bela eken» diýip, süzüberipdir.

 



 

 

Add comment


Security code
Refresh