Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 05 October 2015 12:52

Çig gaýmak

Çig gaýmak

 

 

 Bir adam ýanyna alty-ýedi ýaşly oguljygyny hem alyp, sygryny satmak üçin bazara ugran. Onuň sygry örän hor hem süýtsüz ekeni. Şonuň üçinem eýesi ondan dynmak isläpdir. Ol adam bazarda sygryny öwüp, ýerde-gökde goýmandyr:

— Haý, seniň sygyr bolaýşyňy. Uzynly gün sag-da dur, özüň ýadaýmasaň, süýt berer durar. Bu tohum mal. Bi janaweriň ýuwaşlygyny bir diýsene. Bu bir tapylgysyz mal­dyr-la.

«Sygryň hor» diýjek bolana bolsa:

— Heý, halypa, sen munuň horlugyna osma. Muň ata-babasy şeýledi. Büýem şolara çekipdir. Wah, sen munuň süýt berşine seret - diýip, çyna berimsiz çypdyran.

Sygryň hyrydary köpelipdir. Olaryň mekirräginiň biri osmakladyp ýaňkyň oglundan:

— Jijim, sygryňyz şoň ýaly gowumy? - diýip soran.

— Gowy näme işlesin - diýip, oglan ýüregindäkini aýdan. — Uzyn günde bir käse süýt berenok. Onsoň kakam: «Muny eýdip-beýdip satyp, başga sygyr alaly» diýip, şu gün bazara getirişi şu.

Oglunyň gürrüňini diňläp duran kakasy birjik-de özüni ýitirmän:

— Häý, bedasyl, şu ejeň ikiňiz şu sygryň irdenki bir jam çig gaýmagyndan aýrylmajak bolup, her zat etjeksiňiz welin, menem-ä şu sygry sataryn - diýipdir.

Add comment


Security code
Refresh