Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 15 July 2015 13:02

Dökülen çal

Dökülen çal

 

 

 Bir gün Ýaňrasatlyk: «Esengulyda düýäniň çalyny pula satyn alýarmyşlar» diýip eşidip: «Onuň ýaly bolsa, ikibaşdan çaly item içmän, döküp ýörüs, gel, men ony satyp geleýin» diýip, alty-ýedi sany ýanlygy dolduryp, Esengula çal satmaga gidýär. Ogly onuň çal satmaga gitmegini öz ýanyndan oňlaman, ogrynça kakasyndan öňürti Esengula gelýär. Onuň maksady—kakasynyň çalyny dökdürmek. Tiz wagtdan Ýaňrasatlygam gelip ýetýär. Ol çally ýanlyklaryny düýeden düşürip, ýaňy bir aýallary daşyna ýygnap, çal satmaga başlajak bolanda, Garasatlyk ol ýerde häzir bolýar. Ol:

— Haý, kaka, men bir çaldan içeýin - diýip, bir ýanlygyň agzyny çözüp, dadýar-da,:

— Aý, bi turşy ekeni— diýäge-de, ony kakasynyň eline tutduryp, beýleki ýanlygyň agzyny çözýär. Onuň çalyna-da göwni ýetmedik bolup, ony hem kakasynyň beýleki eline tutdurýar. Soňam kakasynyň arkasyna geçip, ony gyjyklap ugraýar. Kakasynyň her elinde bir ýanlyk bolansoň, nätjegini bilmän duruberýär. Ýanlygy elinden sypdyrsa, çal döküljek, bolmasa-da ogly gününe goýanok. Ol ahyry ugruny ýitirip, elindäki ýanlyklary ýere taşlap, pyçagyny syryp alyp, ogluny kowmaga başlaýar. Ogly gaçyp, ýetdirmän gutulýar.

Ýaňrasatlyk yzyna dolanyp gelse, ýaňky ýanlyklardaky çal dökülip, ýere siňip barýarmyş. Garasatlyk şeýdip, maksadyna ýetipdir.

 

Add comment


Security code
Refresh