Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 28 June 2015 15:19

Täze telpek

Täze telpek

 

 

 

Gözi kör bir garyp ýaşula bir jomardyň rehimi gelip, täzeje silkme sowgat beripdir. Ýaşuly ondan gaty hoşal bolupdyr-da, begenjini aýalyna-da duýdurýar. Aýaly oňa:

— Gaty gowy bolupdyr, kakasy, büýä. Köne telpegi bolsa ütüp, tüýüni geljek ýyl etjek keçämize goşaýarys, şu gara günde olam esli ýetne - diýýär.

Şeýle diýip aýaly çykyp gidensoň, goja çaýyny içmäge başlaýar. «Derlänimde kirläýmesin» diýip, ol täze telpegini aýap, beýle ýanynda goýýar. Çaýyny içip gutaransoň, ütmek üçin köne telpegini gözläp başlaýar. Sermenip otyrka ahyry eline bir telpek ilýär. «Köne telpegim bolsaň gerek. Ahyry elime düşäýdiň öýdýän» diýip, ol telpegi ütüp başlaýar. «Köne-de bolsa, tüýleriniň berkdigini-aýt» diýibem içini hümledýär.

Bu telpegi ütüp bolup, derisini beýläk oklanda, körüň eline ýene bir telpek ilýär. «Täze telpegim bolsaň gerek» diýip, ol telpegi sermeläp, oňat barlap görse, köneje telpegi ekeni. «Wah, garybyň agzy aşa ýetse, burny ganary şu boldy-ow» diýip, kör goja özüni lampa aşak goýberipdir.

Add comment


Security code
Refresh