Saturday, 30 September 2017 09:09

MÜBÄREK GÜNLER WE GIJELER

MÜBÄREK GÜNLER WE GIJELER

 

 

1.      Juma güni (Anna güni)

Juma (anna) güni mübärek bir gündür. Şol gün musulmanlar üçin misli bir baýram güni hasap edilýär.

Hepdelik ybadatymyz bolan “juma namazy” bu güne berilendir. Pygamberimiz: “Günüň üstüne dogan iň haýyrly güni jumadyr, Adam ata şol gün ýaradyldy, şol gün jennete alyndy we şol gün jennetden çykaryldy; kyýamat hem şol gün gopjakdyr” (Müslim, Juma, 18; Tirmizi, Juma, 353.) diýipdir.

Juma gününde şeýle bir pursat bardyr, edil şol wagtda edilen doga dilegleriň kabul boljakdygy pygamberimiz tarapyndan buşlanypdyr. (Tirmizi, Juma, 354; Ebu Dawud, Juma, Hadys № 1046.)

Juma gününiň doga-dilegleriň kabul edilýän şol pursaty adamlaryň Allanyň halamaýan zatlaryndan gaça durmaklary we onuň razy bolan işleri bilen meşgul bolmaklary üçin gizlin tutulypdyr.

Mundan başga-da Allatagala jennetde mömin gullaryna juma güni teselli berip, hemaýat etjekdir (Ibn-i Kaýýym, Zadul-Mead, 1/138).

Juma namazy

Parz bolan bu namazyň uly ähmiýeti bardyr. Mukaddes Gurhanda bu hakynda şeýle diýilýär: “Eý möminler, Juma güni namaza çagyrylan (azan okalan) wagty derrew Allany ýatlamak üçin ylgaň we alyş-berşi, söwda-satlygy goýuň. Eger bilýän bolsaňyz, elbetde bu siz üçin gaty peýdaly we haýyrlydyr.”( Juma, 9.)

Juma güni suwa düşüp, ardynanyňdan soňra metjide gidip, hutbany diňleýän we namazy okan adamyň şol gün bilen öňki juma gününiň arasyndaky eden günäleriniň bagyşlanjakdygy pygamberimiz tarapyndan beýan edilipdir.(Buhary, Juma, 6; Müslim, Juma, 26.)

Pygamberimiz Juma namazyna gitmeýänler bilen baglanyşykly şeýle diýipdir: “Allatagala hiç hili saý-sebäpsiz üç sapar juma namazyny terk eden adamyň kalbyny möhürlär.” (Ebu Dawud, Salat, Hadys, № 1052.)

Juma güni juma namazyndan öň şu zatlaryň berjaý edilmegi sünnetdir:

a.       Boýtäret almak.

b.      Murtlaryňy gysgaltmak, dyrnaklaryňy kesmek we beýleki beden bilen baglanyşykly arassaçylygy berjaý etmek.

c.       Diş syntgysy ýa-da sürtgüji bilen dişleriňi arassalamak.

d.      Gelşikli we arassa egin-eşigiňi geýmek.

e.       Hoşroý atyr sepinmek.

f.        Metjide wagtyndan ir gitmek.

g.       Köpräk doga-dileg etmek we pygamberimize “salatü salam” aýtmak.

Juma güni berjaý edilmegi mekru bolan zatlar

Ymamyň hutba okamaga başlan wagtyndan başlap namaz okalyp bolýança alyş-beriş, söwda-satlyk ýaly bu dünýäniň işleri bilen meşgul bolmak we juma gününiň namaz wagty gireninden soňra namazy okamazdan ýolagçylyga, syýahata çykmak. Wagt girmezden öň çykylsa, onda zyýany ýokdur.

2. Üç tirkeşik aýlar

Üç tirkeşik aýlara Rejep, Meret, Oraza aýlary degişlidir. Musulmanlaryň ruhy dünýäsinde bu aýlaryň örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki bu aýlar mübärek gijeler bilen doludyr. Rejep aýynyň birinji juma gijesi “Regaýyp gijesi”, 27-nji gije “Magraç gijesidir”. Meret aýynyň 15- nji gijesi “Berat gijesi”, Oraza aýynyň 27-nji gijesi “Gadyr gijesidir”.

Oraza aýyndan soňra “sogap oraza” diýlip hasaplanylýan oraza Rejep we Meret aýlarynda tutulan orazalardyr.

Meret aýy pygamberimiziň Oraza aýyndan soňra iň köp oraza tutan aýydyr. Hezreti Äşe (r.a.):

“Men Resulullanyň Orazadan başga hiç bir aýy tutuşlygyna oraza bilen geçirendigini görmedim. Meret aýy ýaly hiç bir aýda oraza tutandygynam görmedim” (Buhary, Sawm, 52; Müslim, Syýam, 34.) diýip belläpdir.

Meret aýynda Pygamberimiziň örän köp oraza tutmagynyň sebäbini soran Üsamä (r.a.) pygamberimiz:

“Meret aýy Rejep bilen Oraza arasynda ynsanlaryň özünden gapyl bolýan bir aýydyr. Aslynda ol özüniň içinde amallaryň Allatagala hödürlenen aýydyr. Men hem agzym bekli bolsa-da, amalymyň Alla beýan edilmegini isleýärin. Hut şol sebäplem bu aýda has köp agzymy bekleýärin” (Neýlül-Ewtar, j.4, s.276.) diýip jogap beripdir.

Mukaddes Gurhanyň inen we oraza ybadatynyň kabul edilen aýy bolan Oraza aýynyňda-da bu aýlaryň arasynda bolmagy üç tirkeşik aýlaryny tapawutly häsiýetler bilen bezändir.

Bu aýlarda musulman bilini berk guşamaly, ýaşaýşynyň hasabyny edip, geljege has gujur-gaýratly ugrukmalydyr.

Ýaramazlyklary we biderek endikleri azaldyp, ýagşylyklary köpeltmeli, güýç ýeterligine görä garyp-gasarlara, ýoksullara gözegçilik etmelidir.

Şeýle edilen halatynda bu mübärek aýlaryň gadyr-gymmatyny biler we bu aýlaryň berýän ruhy güýjünden peýdalanar.

3. Regaýyp gijesi

Regaýyp gijesi Rejep aýynyň birinji juma gijesidir. Regaýyp “regibe” sözüniň köplügidir. Manysy köp bagyşlama, ýagşylyk etme diýmekdir.

Şoňa görä regaýyp gijesi Alla tarapyndan hemaýatyň, merhemetiň musulmanlara köp eçilen gijesi diýmekdir. Emma esasy manysyna görä pygamberimiziň ene düwünçegine düşen gijesi diýmek däldir. Sebäbi, bu babatda ne bir hakyky hadys, ne-de bir rowaýat bardyr.

Ol ençeme wagtdan bäri diňe aýdylan dogalaryň we ýerine salnan ybadatlaryň kabul edilen we jenaby Hakyň rehiminiň we hemaýatynyň bolluk bilen eçilen gijesi hökmünde gutlanylypdy.

Bu gijä mahsus “regaýyp namazy” diýlip atlandyrylýan namazyňda bir tutarygy ýokdur. Sebäbi, ne pygamberimiz, ne-de onuň çaryýarlary we tabygylary beýle atlandyrylýan namazy okapdylar. Bu babatdaky hadyslar hem ýasamadyr.

Bu gije ediljek ybadat-da beýleki mübärek gijelerde bolşy ýaly köpräk kaza we nepil namaz okamak, Gurhan okamak, Alladan ötünç we hemaýat dilemekdir.

4. Isra we Magraç gijesi

Isra – gijeki ýöriş diýmekdir. Magraç – asman, gök, merdiwan, basgançak diýmekdir.

Isra we Magrajyň asyl manysy pygamberimiziň bir gije syýahaty we iň ýokary orunlara beýgelmegidir.

Beýik ýaradana ýakynlygyň iň ýokary derejesi bolan magraç wakasy adamzat aňynyň çygrynyň aňyrsyndaky bir wakadyr. Bu wakany tebigy kanunlar bilen düşündirmek mümkin däldir.

Bu waka pygamberimiziň Medinä göç etmeginden bir ýyl öň Mekgede bolup geçipdir.

Magrajyň gysgaça mazmuny şeýledir: Pygamberimiz Rejep aýynyň 27-nji gijesinde Käbede uklan wagtyn- da, onuň ýanyna Jebraýyl aleýhissalam atly melek gelýär we oňa beýik Biribaryň huzuryna çagyrlandygyny habar berýär. Şonuň üçin pygamberimiz Jebraýyl aleýhissalamyň ýolbeletliginde ruhy taýdan aýagulag bolan Byrag bilen Mekgedäki Mesjid-i Haramdan Kudüsdäki Mesjid-i Aksa gelipdir. Magrajyň bu bölümi Isra süresiniň birinji aýatynda şeýle beýan edilýär:

“Bir gije oňa aýatlarymyzyň bir bölegini görkezeli diýip guluny Mesjid-i Haramdan daş-töweregi mübarek görnüşde bezelen Mesjid-i Aksa äkiden Allanyň şan-şöhrady beýikdir. Ol hakykatdan hem eşidýändir we bar zady görýändir.”

Kudüsde gysga wagtlaýyn bolupdyr, Mesjid-i Aksada iki rekagat namaz okapdyr. Ondan soňra başga bir aýagulag bilen magraç (ruhy merdiwan) bilen asmana çykypdyr. Arada durany bolmazdan, gönüden-göni Allatagaladan wahyý alypdyr.

Magrajyň syrlardan doly bu bölümine Nejm süresinde hem ýer berlipdir. Allatagala bu uly wakadan söz açýan we birmeňzeş ady alan Isra süresinde pygamberine wahyýyň üsti bilen ahlak we edep dessurlaryny habar beripdir, olaryň iň esasylary şulardan ybaratdyr:

-        “Allataga şärik goşmaň.

-        Ene-ataňyzy sylaň we hormat goýuň.

-        Hak eýelerine haklaryny beriň.

-        Isrip etmäň.

-        Öte geçmelerden, çyzykdan çykmalardan saklanyň.

-        Çagalary öldürmäň.

-        Zyna işinden daş duruň.

-        Nähak adam öldürmäň.

-        Ýetime güler ýüz beriň.

-        Ölçegde, çeküwde çyn çyzygyndan çykmaň.

-        Bilmedik zadyňyzyň yzynda süýrenip ýörmäň.

-        Ýer ýüzünde asla gopbamsyramaň we ýöräňizde burnuňyzy ýokary tutmaň.”

Soňra pygamberimiz şol gije yzyna gaýdyp gelipdir, öz ýany bilen birnäçe ruhy taýdan has oňat sowgatlary hem getiripdir. Bularyň arasynda: bäş wagt namaz, Allanyň özüne şärik goşmazlyk hakyndaky günälerini ba- gyşlamak üçin eden dilegleri kabul bolmagy we Bakara süresiniň soňundaky üç sany aýat hem bardyr.

Pygamberimiz daň atanda, ertir ir bilen bolup geçen wakany bolşy ýaly habar beripdir, egindeşleri oňa ynanypdyr. Sebäbi, asla ondan hakyky bolmadyk zady eşitmändiler. Hatda onuň aýdanlarynyň dogrudygyna duşmanlary-da ynanypdyr.

Ýöne Mekge müşrikleri wakany eşidip-eşitmänkä, gaty geň ýagdaýa düşüpdirler. “Heý-de bir gijäniň dowamynda munça ýerleri gezip bormy, ahyry?!” diýipdirler. Olar Magraçdaky bu täsin hakykata göz ýetirmekden gaty ejizdiler. Allatagalanyň gudraty bilen adamzadyň güýjüni biri-biri bilen garyşdyrýardylar, üstesine-de, her bir zada maddy görnüşde garaýardylar. Şonuň üçin Allanyň tükeniksiz gudratyna ynananlar bu wakanyň çyndygyna asla şübhelenmändiler, ony gaty tiz görnüşde ikirjiňlenmän tassyklapdyrlar.

Ynha, şonuň üçinem Magraç gijesi şeýle mübärek we gutly gijedir. Bu gijäniň iň ähmiýetli wakasy musulmanlar üçin bäş wagt namazyň parz edilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Bu gijede ediljek ybadatlaryň iň esasysy namaz okamakdyr. Namaz borjy bolanlar boldugyça kaza namazlaryny ýerine salmalydyr. Namaz borjy bolmaýanlar bolsa nepil namaz okamaly, Gurhan okamaly, toba we essapyralla aýtmaly, gijäni ýagşy doga bilen dileg edip geçirmeli.

Bu gijede ýörite ýoksullara, garyp-gasarlara we ýetim çagalara kömek edip, olary begendirmeli, olaryň göwünlerini şatlandyryp, ýagşy dileglerini almaly.

5.Berat gijesi

Kamary aýlaryndan Meret aýynyň on dördünji gününi on bäşinji gününe birleşdirýän gije “Berat” gijesidir.

“Berat” sözi “beraet” sözüniň gysgaldylan görnüşidir. Bergi-borçdan, günäden, jerimeden, hassalykdan halas bolmak diýmekdir. Şoňa görä, “berat gijesi” günälerden halas bolma gijesi diýmekdir.

Musulmanlar tarapyndan bu gijä hormat goýulmagy we gaty gadyrly garşylanmagynyň sebäbi hut şonuň üçindir.

Bu gijä “günä geçme” gijesi hem diýilýär. Çünki, bu gijede jenaby Hakyň örän köp sanly adamlaryň günäsini geçjekdigini pygamberimiz tarapyndan habar berlipdir. Pygamberimiz bu gijäni tutuşlygyna ybadat bilen geçiripdir.

Beýhakynyň Ala b. el-Harys arkaly bilen rowaýat eden bir hadysy şerifde hezreti Äşe şeýle diýipdir:

 

Pygamberimiz bir gije ýerinden turdy-da, namaz okamaga başlady. Sejdeni şeýle bir uzaga çekdirdi welin, ol sejdede gatap galandyr öýtdüm. Bu ýagdaýa uzak saklanyp bilmän, menem ýerimden turdum. Baryp elim bilen aýagyny elledim, ol şobada gymyldady. Ýüregim ýerine gelip, begendim we ýerime geçdim. Alyndiremede şeýle nyýazy eşitdim:

-“Allahym, azabyňdan ötünjiňe, gazabyňdan razylygyňa, şeýle hem senden ýene seniň özüňe medet sorap sygynýaryn. Şan-şöhradyň beýikdir. Saňa eden senamy seniň özüňe eden sena deň görmeýärin. Saňa geregiçe şükür etmekden ejiz gelýärin.”

Başyny sejdeden galdyryp, namazyny gutaran badyna:

-Äşe, näme, Allanyň resuly saňa nähaklyk eder öýtdüňmi? – diýdi.

-Eý Resulalla, aýdýanyň näme, men beýle pikir etmedim, ýöne alyndiremede uzak wagtlap eglenendigiň üçin gatap galaýdyňmykaň diýip alada etdimdä- diýdim. Onda pygamberimiz:

-Bu gijäniň haýsy gijedigini bilýärmiň?- diýdi. Men:

-Alla we onuň resuly has gowy bilýändir- diýdim. Onda pygamberimiz:

- Bu gije Meret aýynyň on bäşinji gijesidir. Allatagala Meret aýynyň on bäşinji gijesinde gullaryna rehimdarlyk eder, olary bagyşlar, merhemet isleýänlere rahmet berer, içi kineden, göriplikden dolulary bolsa şol durşuna galdyrar.” (Et-Tergib wet-Terhib, j.2, s.119, 1968, Beýrut.) diýip jogap berdi.

Bilnişi ýaly, yslamyň ilkinji ýyllarynda Käbe butlar bilen doly bolandygy üçin, pygamberimiz namazlaryny Beýtül-Makdise ýüz öwrüp okaýardy. Şunuň bilen birlikde kyblanyň üýtgedilmegini-de isleýärdi. Bu ýagdaý pygamberimiz Medinä göç edeninden soňra-da on alty aý we birnäçe günläp dowam edipdi. Göç ýylynyň ikinji ýyly Meret aýynyň on bäşinji güni pygamberimiz zyýarat üçin giden Beni Seleme ýurdundaky metjitde öýle namazynyň ikinji rekagatyny okaýan wagtynda, özüne kyblanyň üýtgedilendigini habar berýän aýat gelip ýetdi. Aýatda şeýle diýilýärdi:

“(Eý Muhammet!) Biz seniň ýüzüňiň asmana tarap öwrülendigini görýäris. Ynha, indi seniň hoşal boljak tarapyňa kybla öwürýäris. Mundan beýläk ýüzüňi Mesjid-i Harama tarapa öwür.” (Bakara, 144)

Şeýdip, kybla üýtgedildi. Pygamberimiz namaz ybadatynyň içindekä derrew Käbä tarap öwrüldi. Jemagat hem tutuş hatary bilen bilelikde Käbä tarap öwrüldi.

Ynha, birligiň tymsaly bolan bu taryhy waka “berat gijesiniň” gadyr-gymmatyny görkezen esasy sebäpdir. Pygamberimiz bu nygmaty beren jenaby Haka şükür etmek borjuny ýerine salmak üçin bu gijäni ýatman ybadat bilen geçirýär, öten-geçenler we diriler üçin doga okaýar, essapyrylla  aýdýar, toba edýär.

“Berat gijesine” mahsus bolan ýörite namaz ýokdur. Bu gije Gurhan okap, doga we essapyrylla aýdyp, toba edip, kaza we nepil namaz okap, ýoksullara, garyplara, ýetimlere hemaýat edip geçiriler.

Namaz borjy bolanlaryň bu gijede iň az bir günlük kaza namazy okamaklary maslahat berilýär.

6. Oraza aýy (Remezan)

Oraza aýy ýagşylyklardan doly bolan bir aýdyr. Adamzadyň tümlüge öwrülen gözýetimini aýdyňladan mukaddes Gurhan bu aýda inmäge başlapdy. Yslamyň bäş sany esasyndan biri hasaplanylýan oraza-da bu aýa gabat gelendir.

Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: “Oraza aýy ynsanlara ýol görkezen, hakykatyň we dogryny egriden aýyl-saýyl etmegiň anyk delilleri hökmünde Gurhan inderilen aýdyr. Sizden bu aýa ýetip bilen şol aýda oraza tutsun. Kim ýarawsyz ýa-da ýolagçy bolsa, oraza tutmadyk günlerini sanyna görä başga günlerde tutsun. Alla size aňsadyny eder, kynçylyga sezewar etmez. Ol sanlary tamamlamalysyňyz, çünki size dogry ýoly görkezendigi üçin, Alla tagzym etmegiňizi islär. Oňä şükür edersiňiz diýip düşünýäris.”(Bakara, 185.)

Oraza aýy ybadatlar aýydyr. Bu aýda beýleki aýlardan tapawutly we has köp ybadatlar bardyr. Bulary şeýle görnüşde jemläp bileris:

a.Oraza

Oraza – dinimiziň bäş sany esasy ybadatlarynyň biri bolup, Oraza aýynda tutulýar.

b. Tarawa namazy

Bu namaz Oraza aýynyň gijelerini nurlandyran we metjitleri jemagat bilen dolduran bir namazdyr.

Pygamberimiz şeýle diýipdir:

“Kimde kim Remezany şerifiň gijelerinde ybadatyň sogabyna ynanyp, ýagşylyga ýagşylygyň boljakdygyny göz öňünde tutup, Allanyň razylygy üçin tarawa namazyny okasa, öňki eden günäleri bagyşlanar.” (Buhary, Tewarih, 1; Müslim, Salatül-Müsafirin, 25.)

ç. Okalany diňleme we Gurhanyň hatym edilmegi

“Mukabele” adalgasynyň manysy kimdir biriniň haýsydyr bir kitaby okamagy we beýlekileriň hem ony diňlemegi diýmekdir.

Pygamberimiz bilen Jebraýyl aleýhissalam Oraza gijelerinde gezekleşip mukaddes Gurhany okardylar we diňlärdiler.

Egindeşleriň hafyzlaryndan we alymlaryndan Ubeýý b.Kab, Abdylla ibn Mesut we Muaz –Alla olaryň baryndan razy bolsun!- Orazada mukaddes Gurhany hatym ederdiler. Hafyz bolmaýanlar bolsa ýatdan öwrenen sürelerini okardylar. Hanefi messebiniň ymamy Ebu Hanifäniň – Alla oňa rehmet etsin!- Oraza aýynda altmyş bir gezek mukaddes Gurhany başdan aýak okandygy barada rowaýat aýdylýar (Merakyýul-Felah, Tarawa bölümi) (Bellik:nejatdin.de. Hormatly okyjylar! Kurany kerimi başdan aýak hatm edilende iň azyndan 28 sagat töweregi wagt gidýär. Ondan hem çalt okamaklygy halanmandyr. Bu ýerde ýönekeý hasap boýunça hiç ýatmazdan 24- sagatda 2-gezek okalandygy aýdilýar.Şonuň üçünem muny rowaýat görnüşde kabul etmek göwnejaýdyr.).

Orazada metjitlerde “mukabele” okalmagy pygamberimiz we onuň egindeşleri bilen yslam ýaşulularynyň ýaşaýşyndan alnan ajaýyp nusgaly adatlardyr.

7.Gadyr gijesi

Gijeleriň iň gadyrlysy, iň gymmatlysy Gadyr gijesidir. Çünki mukaddes Gurhanda ady agzalan ýeke-täk gije ol hem Gadyr gijesidir.

Adamzat üçin hemaýatkärligiň esasy çeşmesi bolan soňky kitap mukaddes Gurhan bu gijede inmäge başlapdyr.

Ýene bu gijede berjaý edilen ybadat içinde gadyr gijesi bolmaýan müň aýda ýerine salnan ybadatdan has peýdalydyr.

Birmeňzeş ady göterýän sürede şeýle diýilýär:“Şübhesiz, biz ony (Gurhany) Gadyr gijesinde inderdik. Gadyr gijesiniň nämedigini sen nireden biljeksiň. Gadyr gijesi diýilýän gije müň aýdan-da has haýyrlydyr. Melekler we ruh (Jebraýyl) şol gijede beýik Biribaryň rugsady bilen her hili iş üçin iner durar.Şol gije daň ýeri agarýança hemme ýer ümsümlik we arkaýynlyk, parahatlyk bolar.”

Ymamy Buharynyň köp sanly rowaýatyna görä, Gadyr gijesiniň Oraza aýynyň soňky on gijesiniň birinde bolmagy gaty ýerliklidir we hakykata ýakyndyr. Sebäbi, pygamberimiz bu aýyň soňky on gününde metjitde gurduran çaklaňja bir çadyryň içine girip, şonuň içinde diňe ybadat bilen meşgullanardy.

Pygamberimiziň şol çadyrynyň türk çadyry bolandygyny Müslimiň Ebu Seýit Hudrydan beýan eden rowaýatyndan göz ýetirmek mümkindir (Müslim, Syýam, 40).

Pygamberimiziň duş gelen Gadyr gijeleri hakyndaky rowaýatlarynyň arasynda 27-nji gijä degişli bolan rowaýat alymlaryň köpüsi tarapyndan makullanyp, bu gije Gadyr gijesi hökmünde ýörite bellenilip gelinýär.

Esasan-da wagtyň oňat geçirilmegini bilýän adamlar üçin her wagt gadyr gijesidir. Esasy zat, goý ol özüni ýaradan, tükeniksiz nygmat eçilen we hemişe bagyşlaýan jenaby Hakyň razylygyny gazanmak ýoluna düşsün!

Ylahy aşyklardan biri bolan Ibn Faryz:“Dost bilen duşuşmak pursatynyň Juma güni bolşy ýaly, bütin gijeler hem – beýik Biribar berdim diýip berse, gadyr gijesi bolar” diýen ajaýyp sözleri bilen ony çeper beýan edipdir.

Gadyr gijesiniň ybadat bilen geçirilmegi bahasyna ýetip bolmajak gazançdyr, gymmatlykdyr. Sebäbi, bu gijede berjaý edilen ybadat müň aýda ýerine ýetirilen ybadatdan has-da haýyrlydyr, örän peýdalydyr.

Bu gijä mahsus bolan ýörite ybadat ýokdur. Bu gijede edilmeli iş: Gurhan okamak, namaz okamak, doga etmek, günälerden saplanmak üçin toba etmek, essapyrylla aýtmakdyr.

Hezreti Äşeden rowaýat aýdylyşyna görä, pygamberimiz Oraza gijelerini ýokarda beýan edilen ybadatlar bilen geçirerdi.

Boýnunda namaz borjy bolan adamyň bu gijede hiç bolmasa, bir günlük namaz kazalaryny okamagy ýerliklidir. Netijede, hem boýun borjuny ýerine salar, hem-de şol gijäni gadyr-gymmatly görnüşde geçirer.

Hezreti Äşe (r.a.) pygamberimizden şeýle diýip sorady:

-“Eý Allanyň resuly! Gadyr gijesine duşsam, nähili doga edeýin?” Onda pygamberimiz:

“Allahümme inneke afüwwün tühibbül-afwe fa-fü anny” (Allahym, sen bagyşlaýyjysyň, günälerimi öt, özüňden medet!)” –diýip, doga etmekligi tabşyrypdyr (Tirmizi, Daawet, 84; Ibn-i Maje, Dua,5).

Bu gije bilen baglanyşykly pygamberimiz şeýle diýipdir:“Kim sogabyna ynanyp, onuň ejirlerni (sogaplaryň) umyt edip, Gadyr gijesini tutuşlygyna ybadat bilen geçirse, onda onuň öňki günäleri geçiljekdir.”(Buhary, Tewarih, 2; Müslim, Salat, 25.)

8.Dini baýramlar

Iki sany dini baýramymyz bolup, olaryň biri Oraza, beýlekisi-de Gurbanlyk baýramydyr.

a. Oraza baýramy

Oraza baýramy Oraza aýyndan soňra gelýän “Baýram aýynyň” (Şawwal aýy) birinji güni başlar we üç günläp dowam eder. Oraza aýynda orazasyny tutan musulmanlar Baýram aýynda agzaçar ederler we baýram edip gutlarlar.Bu baýrama mahsus bolan ybadatymyz pitre sadakasy we baýram namazydyr.

Bu sadaka baýram namazyndan öň berilmelidir.

b. Gurbanlyk baýramy

Gurbanlyk baýramy kamary aýlaryndan Zülhijjäniň onunjy güni başlaýar we dört günläp dowam edýär.

Arefe güni-de baýramyň dört gününiň üstüne goşulyp, bu bäş güne “umumy baýram günleri” (teşrik günleri) diýilýär. Bu günlerde parz namazlaryndan soňra tekbir getirilýändigi üçin “tekbir günleri” diýlip hem atlandyrylýar.

Bu tekbirler Arefe güni ertir namazyndan başlanýar, baýramyň dördünji gününiň ikindi namazynyň wagtyna çenli jemi 23 wagt dowam edýär.

Gurbanlyk baýramynyň Arefe we baýram günleri yslam dünýäsiniň iň saýlama we ajaýyp günleriniň nusgasydyr. Sebäbi Arefe güni dünýäniň her bir tarapyndan gelen hajy wekilleri Arafat dagynda ýygnanyp, Alla tarap ýüz öwrüp, ondan ötünç soraýarlar, ýagşy dilegler edýärler. Arafatdaky ýaşaýyş yslamyň agzybirliginden, musulmanlaryň dost-doganlygyndan bir nyşandyr.

Yslamyň bäş sany esasy ybadatyndan biri bolan haj we gurbanlyk, aýdylýan tekbirler we baýram namazy, Arefe güni bularyň bary Gurbanlyk baýramyna mahsus bolan ybadatlarymyzyň ajaýyp nusgalarydyr.

9. Möwlit gijesi

Möwlit – doglan gün, wagt diýmekdir. Milady hem şol manydadyr. Möwlit pygamberimiziň doglan wagtyna, milady bolsa hezreti Isanyň doglan zamanyna degişli bolan bir adet hökmünde bellenilen gündir.

Pygamberimiz Milady ýyl hasaby boýunça 571-nji ýylyň aprel aýynyň 20-nji gününe deň gelýän dört tirkeşik aýynyň birinji aýynyň (rebigilowwal) 12-nji gijesi daňdanlar Mekge-i Mükerremede “Darul-Tebabia” diýilýän öýde doglupdyr.

Pygamberimiziň kakasy Abdulmuttalybyň ogly Abdylla, ejesi bolsa Wehbiň gyzy Eminedir.

Pygamberimizi ilki ejesi emdirdi. Ondan soňra Ebu Lehebiň azat edilen gyrnagy Süweýbe tarapyndan emdirildi. Ýöne asyl süýt beren enekesi Halymadyr.

Pygamberimiziň ady Muhammetdir. Bu ady oňa babasy Abdulmuttalyp beripdir.

Onuň iň ýörginli we meşhur bolan atlary Muhammet bilen Ahmetdir. Bu atlar mukaddes Gurhanda hem geçýär.

Muhammet ady “Fetih” süresinde, Ahmet ady bolsa “Saf” süresiniň 6-njy aýatynda şeýle görnüşde habar berilýär:“Şuny ýatla we berk belle, Merýem ogly Isa, “Eý Ysraýyl ogullary! Men size Allanyň ilçisidirin, özem menden öň gelen Töwrady dogrulamak üçin hem-de menden soňra geljek Ahmet atly bir pygamberiň-de buşlukçysy hökmünde geldim.”

Pygamberimiz dogulmazdan öň, hezreti Isanyň emele getiren dini bozulypdy. Hristianlar Tewhitden teslise (üçlük: ata, ogul we ruh taňrysy) geçipdiler. Araplar bolsa daşdan, agaçdan ýasalan butlara çokunýardylar. Käbäniň içi-daşy tutuşlygyna butlardan doludy.

Ynsanlaryň gadyrlylyk ölçegleri gaçypdy, ýörejek ýollary ýitipdi. Gödeklik we nähaklyk göwünleri garaldypdy, Alla tarap giden ýoldan uzaklaşdyrypdy. Adamlaryň ýaşaýşy gaty ýaramazlaşypdy, ahlak tutuşlygyna aňkapdy. Zenanalar ýesirlige alnana dönüpdi, edil haryt ýaly alnyp satylýardylar, gyz çagalar rehimsiz görnüşde diriligine topraga gömülýärdiler.

Ynha, pygamberimiz şeýle ýagdaýda dünýä inipdi.

Şol gijäniň sabasy hakykatdan hem şeýle täsin we asudady. Adamzat üçin täze bir gün dogupdy, aýdyňlyk döwrüniň sahnasy açylypdy.

Ýagşylygyň güneşi we hemaýatyň şamçyragy bolan pygamberimiziň doglan güni Allatagalanyň bütin adamzada eçilen iň uly nygmatlarynyň biridir. Bu hakynda mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Aralaryndan özlerine Allanyň aýatlaryny okaýan, özlerini ruhy taýdan arassalaýan hem-de özlerine kitap we hikmetleri öwreden bir pygamberi ibermek bilen Allatagala musulmanlara uly we bahasyna ýetip bolmajak sowgady bagyşlandyr.”(Ali Imran, 164.)

Şonuň üçin musulmanlar bu mübärek gijäni has-da uly höwes bilen garşy alýarlar. Ony ybadatlar bilen geçirmeklige çalyşýarlar, ýeter-ýetmez adamlary, ýetim çagalary şatlandyrýarlar.

10.Aşyre güni we orazasy

Aşyre güni kamary aýlaryndan Aşyr (Muharrem) aýynyň onunjy günüdir.

Halk arasynda “aşyre” görnüşinde aýdylyp, hem Aşyr aýynyň onunjy gününe hem-de şol gün galla önümlerinden (bugdaý, tüwi) bişirilen aşa we kakadylan miwelerden taýýarlanylan tagama şeýle at berilýär.

Aşyre däbiniň taryhy gaty gadymydyr. Onuň gadymylygy hezreti Ybraýyma, hezreti Nuha, hatda Adam aleýhissalama çenli uzaýar. Şoňa görä dinleriň taryhy boýunça hormatlanylýan günleriniň arasynda aşyre ýaly gadymy we tutuş milletleriň arasynda özboluşly orna eýe bolan başga ajaýyp we gutly gün ýokdur diýlip hasaplanylýar. Başgaça aýdylanda, aşyre güni taryh boýunça we dürli milletler tarapyndan dini taýdan ýörite bellenilip geçilýän gündür.

Buharynyň hezreti Äşeden (r.a.) aýdýan rowatyna görä yslam dininden öň, jahyllyk döwründe Kureýiş aşyre güni oraza tutardy. Pygamberimiz hem bu däbe eýerip, şol gün agzyny bekläpdir, hatda Medinä göç edeninden soňra-da bu orazany dowam etdiripdir we şeýle etmegi maslahat beripdir. Ýöne Oraza aýynda oraza parz bolan wagty, ol aşyre gününde agzyny beklemegi goýbolsun edipdir. Şondan soňra musulmanlardan isleýan oraza tutupdyr, islemeýan hem tutmandyr.(Buhary, Sawm, 69.)

Bu rowaýandan belli bolşy ýaly, pygamberimiz Oraza aýynda hakyky oraza parz bolan wagty aşyre günündäki orazany musulmanlaryň öz isleglerine galdyrypdyr.

Pygamberimiz aşyre orazasyny tutandygy sebäpli, bu orazany tutmak haýyrlydyr.

Ýöne jöhitler-de şol gün oraza tutýandyklary sebäpli, oňa öýkünmek ýaly bolmasyn diýip, diňe aşyre güni däl, eýsem Aşyr aýynyň dokuzynjy güni bilen onunjy we on birinji güni oraza tutmak ýerlikli hasaplanypdyr.

Diňe aşyre güni oraza tutmak bolsa ýerliksiz görlüpdir.

More in this category: « Musulman sözi

Add comment


Security code
Refresh