Tuesday, 04 July 2017 17:47

Musulman sözi

Musulman sözi

 

Gepleşigimiziň bu sanynda musulman sözüniň üstünde durup geçmek isleýäris. Gurhanyň we Muhammet Pygamberiň musulmanlary nähili suratlandyrýandygyna ser salmakçy. Musulmanlaryň haýsy aýratynlyklary bilen öňe saýlanýandygyny görmäge synanşarys.

Musulman gysgaça aýdanymyzda Allanyň barlygyna we birligine, Onuň pygamberlerine, perişdelerine, kitaplaryna, ahyrýet gününe, heläkçilige we ykbala ýüregi bilen ynanan adamdyr.

Musulman adam Alla bolan wepalylygyny we tabynlygyny özünde, sözünde, hereketinde, durmuşynyň ähli ugurlarynda görkezýän adamdyr. Şol sebäpli musulman imanyny diňe ýürekden tassyklan we dili bilen ykrar eden adam bolman, ol şol bir wagtda şolary durmuşa geçirip, ýaşaýşyny şoňa görä utgaşdyran adamdyr.

Yslam dininiň ady bize Alla tarapyndan berilşi ýaly, musulman ady hem bize Alla tarapyndan berildi. Ol Gurhanda beyan edilýär.

Gurhanyň musulmanlaryň aýratynlyklary barada durup geçýän aýatlaryna ser salanymyzda göreldeli musulmanyň nähili bolmalydygy barada aýdylýar. Mukaddes kitabymyzda musulmanyň aýratynlyklary barada durup geçýän ençeme aýat bar. Olardan:

Musulmanlar diňe Alla ybadat ederler, diňe ondan medet dilärler, emma ondan gorkarlar. Allany köp ýatlarlar. Alla ynanyp, oňa bil baglarlar.

Olar namazlaryny dogry okarlar, namazlarynyň arasyny bölmezler. Ybadatlarynda arkaýynlyk görkezmezler.

Musulmanlar zekatlaryny (Sadakalaryny) bererler, özüne berilen rysgalyň mätäçleriňkidigini bilýärler we şoňa görä hereket edýärler. Hem bolçulykda hem-de ýoksullykda Alla üçin harç ederler.

Gowulygy buýurar, ýamanlygy gadagan ederler.

Allanyň haram diýeniniň janyna kast etmezler.

Özüne erk ederler, zyna etmezler.

Amanadyň we sözüň arkasynda durarlar.

Gyşarnyksyz şaýatlyk ederler.

Olar boş we peýdasyz zatlardan ýüz öwrerler.

Öte geçmezler. Sabyr ederler, ýöne ýere gozgalaň turuzmazlar.

Gahar-gazaplaryny ýuwdarlar we adamlary bagyşlarlar.

Isrip etmekden we gysgançlykdan uzakda durarlar, ikisiniň arasyndaky orta ýoly taparlar.

Özlerine Allanyň aýatlary ýatlaryna inderilende kör we ker ýaly hereket etmezler, ýürekleri titrär.

Muhammet Pygamberiň hadyslarynda hem ýygy-ýygydan musulmançylyk barada durlup geçilýär, göreldeli musulmanyň aýrtaynlyklary barada aýdylýar.

Hadyslaryň birinde Muhammet Pygamber musulmanlar barada: “Musulman elinden we dilinden musulmanlaryň arkaýyn bolan adamsydyr” diyyär. Pygamberimiz şeýle diýmek bilen musulmanyň dogry ýolda boljakdygyny, berilen amanada hiç haçan hyýanat etmejekdigini, elini harama uzatmajakdygyny, harama seretmejekdigini, harama barýan ýoldan ýöremejekdigini, hiç hili janly-jandara zeper ýetirmejekdigini, ezýet bermejekdigini, dilini ýalan söz bilen hapalamajakdygyny açyk ýagdaýda beýan edipdir. Biziň medeniýetimizde bolsa şol aýratynlyk “Eliňe, biliňe we diliňe eýe bol” görnüşinde beýan edilýär.

Başga bir hadysda Muhammet Pygamber özüň üçin islän zadyňy doganyňyz üçin hem islemelidigiňi, eger şeyle bolman halatynda doly musulman bolunmajakdygyny belläpdir. Beýleki musulmanlary söýen, olary sylan, gadryny bilen, olaryň begenjini we gynanjyny bölüşen, men däl, eýsem biz diýlen pikir bilen hereket eden adamlara musulman hökmünde garapdyr.

Käbir beýleki hadyslarda bolsa musulmanlar barada: “Musulman ynamdar adamdyr we ähli meselelerde ynam döreder. Maksady gowy adam bolmakdyr. Ähli işinde Allanyň razylygyny nygtar, işine we sözüne wepalydyr. Başgasynyň hakyny iýmez. Owadan gürlär, iş eden wagty hem owadan we birkemsiz eder. Başgalaryna kömek berer, sogap gazanmakda bäsleşer. Günä we haram işlerden çetde durar. Günä etmegi oda düşmek ýaly görer. Goňşylary bilen agzybir bolar. Olaryň isleglerini berjaý eder. Özüni görkezmegi gowy görmez. Gowulygy öňde goýar, erbetlik etmez” diýilýär.

Köňli rehim, merhemet, dostluk we gowulyk ýaly duýgulardan doludyr. Ýüreginde kine, öýke, ulumsylyk, kitüw we duşmançylyk ýaly häsýetleri bolmaz.

Musulman bergilä, syrkawa, garra, kyn ýagdaýda galana, ejir çekenlere, ezilenlere elini uzatmalydygyny bilýär. Ýetimler we hossarsyzlar ondan merhemet görer.

Musulman elinde bolany däl, eýsem mätäç adamlara berenini, paýlanyny esasy baýlygy hökmünde görer. Garyndaşlaryň, goňşylaryň we mätäçleriň gerekli zatlaryny biler. Ýoksul adamlara goluny gerer.

GD. Gepleşigimizi Muhammet Pygamberiň iki nesihaty bilen tamamlamak isleýäris. Pygamberimiz 1-nji nesihatynda musulmany atyr satýan adama meňzedip, onuň ýanyndaky adamlaryň gözelliklerden paý aljakdygyny aýdypdyr. Pygamberimiz 2-nji nesihatynda bolsa musulmany bal arysyna meňzedipdir, onuň hemişe gowy zatlar bilen meşgullanýandygyny belläpdir.

Add comment


Security code
Refresh