Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 27 May 2017 11:18

Oraza aýy hakynda

Oraza aýy hakynda

 

„Ramazan aýy şeýle bir aýdyr welin, ynsanlyga ýol görkeziji bolan, olary dogry ýola alyp gidýän we haky batyldan aýyrýan iň açyk we
röwşen saçýan delilleri içine alan Kuran ol aýda inderildi“


 

Birinji
pähim


 

Mübärek Ramazan aýynda agyz beklemek Yslamyýetiň bäş
esasynyň birinjilerindendir hem-de Yslam şygarlarynyň ulularyndandyr.

Mübärek Ramazan aýynda agyz beklemegiň Haktagalanyň
dolandyryjylygy‚ ynsanyň jemgyýetçilik ýaşaýşy‚ şahsy ýaşaýşy‚ nebis terbiýesi
we Allahyň nygmatlaryna şükür etmek bilen baglanyşyklyhikmetleri bar.

Orazanyň Haktagalanyň dolandyryjylygy bilen
baglanyşykly ençeme hikmetlerinden bir hikmeti:


Haktagala zeminiň ýüzüni nygmat suprasy görnüşinde ýaratmak
bilen, ol suprany „Hiç
garaşylmadyk ýerden“
  nygmatlarynyň ähli
görnüşleri bilen doldurmak bilen‚ dolandyryjylygynyň‚ rahmaniýetiniň we
rahimiýetiniň kämilligini beýan edýär. Ynsanlar gaflata düşüp, sebäpleriň täsirinde galyp, ol ýagdaýyň aňladýan hakykatlaryny doly görüp
bilmeýärler‚ käwagt bolsa unudýarlar.

Mübärek Ramazan aýynda bolsa musulmanlar birden
düzgün-nyzamly bir goşuna öwrülýär. Ezeli Soltanyň zyýapatyna çagyrlana meňzäp‚
agşama ýakyn „Geçiberiň“ emrine garaşýan ýaly bolup, bendä gelişýän haly görkezmekleri bilen‚ ol
mähir-şepagatly‚ beýik we tutumly rahmaniýete giň möçberde we düzgün-nyzamly
bir gulluk bilen jogap berýärler. Heý-de‚ şeýle beýik gulluga we keramatly mertebä
goşulyşmaýan ynsanlar ynsan adyna laýyk bolup bilermi?!

 

Ikinji
pähim


Mübärek Ramazanda agyz beklemegiň Haktagalanyň
nygmatlary üçin minnetdarlyk bildirmek‚ ýagny şükür etmek bilen baglanyşykly
ençeme hikmetlerinden bir hikmeti:


„Birinji sözde“ diýilişi ýaly‚ bir hökümdaryň aşhanasyndan
hyzmatkäriň alyp gaýdan tagamlary belli bir nyrh talap edýär. Hyzmatkäre nygmatlary
getireni üçin çaýpuly berilýän bolsa, ol örän
gymmatbaha nygmatlaryň gymmaty ýokdur öýdülip‚ ol nygmatlary bereni bilmezlik barypýatan
akmaklyk bolar. Edil şonuň ýaly Haktagala beşer üçin zeminiň ýüzünde neşir eden
çäksiz görnüşdäki
nygmatlaryň bahasy hökmünde şüküri
isleýär. Ol nygmatlaryň daşky sebäpleri we eýeleri hyzmatkär hökmündedir. Ol
hyzmatkäre pul töläp, nygmatlary alýarys. Olardan minnetdar bolýarys. Hatda
laýyk bolmasalar-da‚ çakdan-aşa hormat edip‚ sag bolsunlar aýdýarys. Aslynda nygmatlaryň
asyl eýesi Biribar ol nygmatlar üçin ol
sebäpkärden çäksiz derejede köp şüküre laýykdyr. Ynha‚ ol nygmatlary gönüden-göni
Ondan bilmek‚ ol nygmatlaryň gadyryny bilmek‚ ol nygmatlara özüň mätäçdigiňi
duýmak bolsa, Oňa şükür etmekdir.  

Ine‚
mübärek Oraza aýynda oraza tutmak hakyky, halys‚ uly we umumy bir şüküriň
açarydyr
. Çünki başga
wagtlarda agyz beklemäge mejbur bolmadyk
ynsanlaryň köpüsi hakyky açlygy duýmaýandyklary üçin bu ençeme nygmatlaryň gadyryny bilmeýärler. Dok adam
(esasanam, gurply bolsa) bir döwüm gury çöregiň nygmatlyk
derejesini bilmez. Emma agyz açylýan wagty ol gury çörek bir mümin üçin örän
gymmatbaha ylahy bir nygmat bolar. Muňa onuň tagam duýujy agzasy şaýatdyr. Patyşadan başlap‚
tä iň garyba çenli her kim mübärek Oraza aýynda ol
nygmatlaryň gymmatyna düşünýär. Şeýlelikde
magnawy bir şüküre miýesser bolýar.

Şeýle hem gündüzine iýip-içmegiň gadagan edilmegi netijesinde „Ol nygmatlar meniňki däl. Men olar
iýip-içmekde özerkli däl. Diýmek başganyň maly we nygmatlarydyr. Onuň emrine
garaşýaryn“ diýip‚ nygmatyň nygmatdygyna göz ýetirer. Magnawy görnüşde şükür
eder.

Ine‚ şeýlelikde, oraza
köp jähetden  ynsanyň hakyky wezipesi bolan
şüküriň açaryna öwrüler.

 

Üçünji
pähim


Orazanyň
ynsanyň jemgyýetçilik ýaşaýşy bilen baglanyşykly ençeme hikmetlerinden bir
hikmeti
:

Ynsanlar gün-güzerany babatynda dürli hili ýagdaýda ýaradylypdyrlar. Haktagala şol tapawutlylyk sebäpli‚ gurplylary garyplara
ýardama çagyrýar. Baýlar garyplaryň gözgyny ýagdaýlaryny we açlyklaryny
orazadaky açlyk arkaly doly duýup bilerler.

Eger orsaza
bolmasa, nebisjeň birgiden baýlar‚ açlygyň we garyplygyň ynjy
beriji zatdygyna we olaryň mähir-şepagata mätäçdigine düşünmez. Bu jähetde ynsanyň beýleki birine sefkaty, rehimi inmegi bolsa‚ hakyky şüküriň bir esasy bolup
durýar. Kim bolsa-bolsun‚ özünden has garyby tapyp biler. Oňa  mähir-şepagatly
bolmaga borçludyr.

Eger nebsine açlyk çekdirmek mejburýeti bolmasady‚
mähir-şepagat sebäpli dörän ýardamlaşmak jogapkärçiligi bolan ýagşylygy we
ýardamy edip bilmezdi. Edäýse-de, hakyky manada bolmazdy. Çünki onuň ýagdaýyny çyndan
duýmaz.

 

Dördünji
pähim


Mübärek
ramazan aýyndaky agyz beklemegiň nebis terbiýesi bilen baglanyşykly köp
hikmetlerinden bir hikmeti:


Nebis özüniň azat, erkin bolmagyny isleýär. Şeýledirin hem öýdýär. Hatda
toslama bir dolandyryjylyk we „kellesine
görä hereket etmek“ arzuwy onuň tebigatynda bar. Ol çäksiz nygmatlar bilen terbiýe
edilýändigi hakda pikir etmek islemeýär. Aýratyn hem, dünýäde mal-emlägi we güýç-kuwwaty hem bar
bolaýsa, üstesine gaflat hem ýardam edýän bolsa, Allahyň nygmatlaryny basybalyjy ýaly, edil ogra mäňzäp, haýwan ýaly ýuwudar.

Ine‚ mübärek Oraza aýynda iň baý adamdan başlap‚ tä iň
garyba çenli her kimiň nebisi, özüniň mälik däl-de‚ mülkdügine, özerkli däl-de‚ guldugyna düşüner. Emr
bolmasa‚ iň ýönekeý we iň aňsat zady hem edip bilmejekdigine göz ýetirer. Elini
suwa urup bilmejekdigini biler. Netijede hyýaly dolandyryjylygy zym-zyýat
bolar‚ gullugyna dolanar‚ hakyky wezipesine – şüküre başlar.

Add comment


Security code
Refresh