Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 06 April 2017 11:29

Yslam taglymaty

Yslam taglymaty

 

 

Eý, Perwerdigär! Beren nygmatlaryňy artdyr!

Allatagala sizi penasynda aman sak­lasyn, siziň şükür et­me­giňize ýardamçy bolsun! Size tagat-ybadat etmäge güýç-gaý­rat berip özüniň rehmeti bilen halas bolanlardan etsin!

Siz maňa «Gündiz ogrularynyň hileleri­niň beýany we gije ogrularynyň mekirlik­lerini düşündiriş» atly kitabymy okamak bilen egsik taraplaryňyzy görüp, gowşak taraplaryňyzy berk­leş­di­rendigiňizi aý­dyp­dyňyz. Olaryň hileleriniň we mekir­lik­le­ri­niň gizlin taraplary bilen tanşyp, özüňiziň özlerini hile we me­kir­lik bilen hiç kim aldap bilmez öýdýänlerden hem has hüşgär bolandygyňyzy agzapdyňyz. Şeýle hem eseri çintgäp okap, göz­­den geçirmek bilen, ondan peýdalanmagyň özboluşly iş­di­gi­ni aýdyp, maňa: «Husytlaryň täsin­likleri bilen gysgançlaryň öz­leriniňkini dogry hasaplamaklaryndaky degişmeleri we çyn ha­saplaýmaly taraplaryny maňa gürrüň ber. Men hem gerek ma­haly çynlakaý işler üçin oňa ýüzleneýin, degişmeleri bilen şat­lanyp, dynç alaýyn» diýipdiňiz.

Men bu kitapda Hyzamynyň ýakymly hoş sözlerini, Kin­di­niň husytlyk meselesinde özüni goramagyny, Sehl ibn Ha­ru­nyň haty­ny, Ibn Gazwanyň aýdanlaryny, Harysynyň hutbasyny we beýleki husytlar barada eşiden täsin sözleri ýazdym.

Men bu kitapda husytlar:

— Näme üçin husytlygy gowulyk we gys­gançlygy tyg­şyt­ly­lyk hasaplaýarlar?

— Näme üçin bermezlik üçin tagalla ed­ýärler we muny äti­ýaçlylyk diýip düşün­dirýärler?

— Näme üçin haýyr-sahawatdan gorkup, ony zyýanly ha­sap­laýarlar?

— Näme üçin jomartlygy isrip, keseki­leriň aladalaryny et­me­gi bolsa nadanlyk hasaplaýarlar?

— Näme üçin ýazgarylmakdan we tankyt­lan­makdan çe­kin­meýänlere höwes bildirýärler?

— Näme üçin durmuşyň lezzetini mäh­netine, tagamyny bol­sa ajylygyna çalyş­ýarlar?

— Näme üçin öz öýlerinde lezzetli tagamlar barka, çe­kin­mez­den kesekileriň rysgallaryna göz dikýärler?

— Näme üçin sözüň doly manysynda husyt bolmaklaryna ga­ramazdan, husyt adyny ýigrenip, samsyklyk edýärler?

— Näme üçin bermeli bolanda ýumulan elleri, ga­zan­ma­gyň gaýgysy bilen açylýar?

— Näme üçin baýlar ýaly baýlyklaryny gidermekden gor­kup, ellerindäkini goramaga tagalla edýärler? Ýöne baýlar ýaly baý­lyk­larynyň köpelmegi üçin tagalla etmeýärler?

— Näme üçin garyplyk gorkusyny ulal­dyp, umytsyz bol­ýar­lar?

— Näme üçin husytlyklary sebäpli özlerine kynçylyk dö­re­dip, muny bagtlylyk hasaplaýarlar we beýleki adamlary hem muňa çagyrýarlar, özleri aldansalar-da, kesekilere nesihat ber­ýär­ler?

— Näme üçin akylly we bilimli­dik­lerine garamazdan, adam­laryň arasynda husytlygy ündäp, bu häsiýetlerini ak­la­ýar­lar?

—   Näme üçin husytlygy ýuwmarlajak delilleri köpeldip, öz­lerini pähim-paýhasly we dana hökmünde görkezýärler?

—   Näme üçin özlerini aklaýan mahallary uzak niýetleriň we gizlin manylaryň içine girýärler?

—   Näme üçin «husyt» adynyň erbet­ligine, husytlygyň ha­lanmaýandygyna, «husyt» adynyň abraýynyň ýokdugyna, tä ça­gala­ryna erbet täsir edýändigine gözleri ýetýänçä kelleleri iş­le­meýär? — diýen soraglara jogap bermek isledim.

Gazanjyň kynlygynyň we nepiň ujypsyz­lygynyň arasyn­da­ky deňsizlige garamazdan, säher çagy gyzgyn ýorgandan jy­da düşüp, gysga ömrüň içinde külpet we aýraçylyk bilen özi üçin ýygnan mal-mülküne diňe özüniň laýykdygy barada pikir ed­ýän we mirasdüşerine bahyl husyt adam nädip mähirli bolup bi­ler?

Ýa-da öňürti akmaksyran bolup, gapyl­lygyň we akmak­ly­gyň tarapynda ýaly görnüp, soň akyllaryny ulanyp, pähimli söz­ler, paýhasly kelemeler we çeper sözlem gurluş­lary bilen hu­­sytlygy goramakdaky ussat­lygy, onuň özüni nadan we ak­mak hökmünde görkezmegini puja çykarmazmy?

Husytlygyň peýdaly taraplaryny subut etmek üçin öz­le­ri­niň oýlap tapan delil­lerini we ýörelgelerini görüp, näme üçin ba­şuçlarynda duran jomartlygyň gözelli­gini görmeýärler?

Siz maňa: «Bize şulary düşündir!» diýipdiňiz:

— Husytlaryň akyllaryny ysmaz edip, pikirlerini ýara­maz­­lyga sezewar edýän, hüş­gär­liklerini daňyp, deňagram­ly­lyk­la­­ryny ýitirýän zat näme?

— Näme üçin hakykaty äsgermän, adamlara garşy dur­ýar­lar?

— Biri-birine ters bolan bu gylyk-häsiýetlerini we ters gur­luşlaryny näme bilen düşündirip bolar?

— Kellesinde akyl-paýhaslary barka bu aşa pähimsizlige se­bäp näme?

— Mese-mälim we beýik bolan zadyň üstüni ýapyp, çyl­şy­rymly we pes bolan zady görkezýän sebäp näme?

Şeýle hem siz: «Husytlykda söz diňlemez bolan, erbet­lik­de adynyň çykmagyna göz ýuman, garşydaşy bilen je­del­leş­ýärkä mylaýym bolmagyň deregine dawa-jenjel ýoluny tutan, hu­sytlygyň tarapdary bolup, kitaplardaky diňe bähbidine bolan zat­lary aýtmak göwnüne ýaraýan, aklyndan ýeňlip, özüniň kemçiligini adamlara düşündirmäge syna­nyşýan husyt adama haý­ran galyşym, özüniň husytlygyny bilýändigine garamazdan, adam­lara gowy görünmek üçin öz gylyk-häsiýeti bilen jet­leş­ýän husyda haýran galyşym ýaly däldir, muňa has geň gal­ýa­ryn. Belki-de, husyt adam gowy görnüp, gizlejek bolýan ha­ky­ky ýüz keşbiniň äşgär bolmagyndan çekinip, abraý ga­zanmak is­lemeýäni şöhratlandyrmak, ýama kabul etmek islemeýäni hem ýamamaga tagalla edýän bolmaly?

Eger ol husyt öz kemçiligine we özüniň kemçiligini gö­re­ne beýlekileriň göz ýeti­rişi ýaly, nebsini terbiýelemekde, ýal­ňyş­­laryny düzeltmekde, öňki ýagşy gylyk-häsiýetlerini yzy­na ge­tirmekde we zeper ýeten ahlagyny tämizlemekde özüniň ejiz­digine göz ýetiren bolsady, şöhratparaz görünmegi terk edip, özüni ýazgarýanlaryň dillerinden halas bolmak üçin sarp eden zadyny gazanan hasaplardy. Netijede, öz üstüne synçylary çek­mezdi, özüni öwsünler diýip suprasyna şahyrlary oturtmaz­dy, hüjüm ilçileriniň (jomartlygyny ýaýratjak bolýanlaryň) ha­ta­­ryna goşulmazdy, özünde ýok zady görkezmek derdinden ha­las bolup, halkyň arasynda bolardy.

Men husyda örän geň galýaryn! Ol özge adamlar özüne hö­dür-kerem eden mahaly, ola­ryň kemçiligini gizlin hem bolsa syz­ýar, emma özi hödür-kerem eden mahaly, kemçi­ligi görnüp dur­sa-da, görmedik bolýar.

Men bu kitabymda şulary agzadym:

— Näme üçin husytlar baýlyk toplamak üçin özlerini jo­mart­larça alyp barýarlar, emma sähel hödür-kereme gezek ge­len­de gys­gan­ýarlar?

Eger olar isleselerdi, sähelçe jomartlyk arkaly, husytlyk ýo­ly bilen tygşyt­lan­la­rynyň birnäçe essesini gazanyp bilerdiler.

Şeýle hem siz maňa:

— Etmedik işini, göýä ýerine ýetirýän ýaly görnüp, ýalan ab­raý gazanýanlaryň hakyky ýüzlerini aýdyň görkezýän;

— Özlerini jomart öýdýänleriň perde­sini syran;

— Hakykat bilen ýalany tapawutlandyran;

— Pes adamkärçiligi bezeýän gylyk-häsiýetler bilen, ru­hu­belent häsiýetleri tapa­wut­landyrýan erbet gylyk-häsiýetleri hök­man aýt — diýipdiňiz.

Munuň bilen siz ol erbet häsiýetlere garşy çykmagy, ol hä­siýetleriň bulara nirede we nähili ýagdaýda duçar bolan­dy­gyny we netijelerini açyk görnüşde bilmek barada pikir ýö­re­dip­diňiz.

Eger siz bu kitaby gowy okasaňyz, kitabyň size haýsydyr bir kemçiligiňizi habar berýändigini görersiňiz, kemçili­giňizi gö­rüp, ondan saplanmaga syna­ny­şar­syňyz. Eger öz kem­çi­ligiňizi öň bilýän bolsaňyz, jomartlygyňyz gysgançlygy­ňyz­dan ar­tyk bolsa, sahylyga we adamlaryň söýgüsini gazanmaga ta­gal­la edersiňiz, bermäge güýjüňiz ýetmeýän bolsa, özüňizi giz­lär­siňiz, päk wyždanyňyz bilen ýalňyz galarsyňyz, namysly ýa­şar­syňyz.

Gylyk-häsiýetleriňiz bilen araňyzdaky gizlin söweş, kä­ma­hal bähbidiňize, kämahal hem garşyňyza bolup, iki tarapy­ňyzyň delilleri deň derejede bolsa, ýazgarylmakdan çekinmän, hüşgär bolup, kynçylygy taşlap seresaply bolarsyňyz. Ýazga­ryl­­makdan halas bolanyň utýandy­gyny, howatyryň deregine ke­pilligi saýlap alanyň dogry iş edýändigini görersiňiz! Siz özüňiziň bulary bilmäge mätäçlik çekýändigiňizi we her bir at-abraýly adamyň bu ylma mätäçdigini aýdypdyňyz.

Şonuň üçinem, eger men siziň emlä­giňizi ogrulardan, ab­raýyňyzy ýazgarylmakdan gorap bilsem, diňe şol mahal ýagşy atanyň we mähirli enäniň etmedik işini eden hasap­lanaryn.

Şeýle hem siz meniň şu soraglar barada ýazmagymy isle­ýärsiňiz:

— «Kişiniň kesekä garanyňda öz gyzyna öýlenmäge hakynyň has uludygy, erkegiň gyz doganyna daş hossa­ryndan has ýakyndygy, ýakyn bolanyň namys edilmäge we gaba­nyl­maga laýykdygy, nesli köpeltmegiň ekini köpeltmäge meň­zeýändigi» düşünjesiniň (öňki wagtky käbir dinsiz­leriň gyzyna we gyz doganlaryna öýlen­mekleriniň) sebäbi näme?

Ýöne şuny hem aýdalyň, däp-dessur muny wagşylyk ha­sap­laýar, din hem ony gadagan edendir. Bu hili işleriň wagşy­lygy ynsanlar tarapyndan beýan edilendir we bu iş örän geňdir.

Şeýle hem siz menden:

— Käbir ýerlerde ýalany hakykat dere­jesinde gözel, ha­ky­ka­ty hem erbet görkezýän;

— Adamlaryň ýalan sözläp, ýagşylyklary unudyp, erbet­lik­leri agzamak bilen zulum edýändiklerini, hakykaty hem öz bäh­bit­lerine ulanyp, zyýanly tarapyny unudyp adamlara kömek ed­ýändiklerini öňe sürýän:

—   Eger iki taraplaýyn terezä goýup ikisiniň arasynda ada­latly bolsalardy, beýle derejede adalatsyz bolmazlardy we beý­le göz bilen seretmezlerdi — diýýän­leriň beýle pikirlen­mek­­leriniň sebäbini ýazmagymy isleýärsiňiz.

Siz şeýle hem menden:

— Huşsuzlygy köp ýat tutmakdan üstün tutmalydyr;

— Umumy pikirsizlik umumy pikire gelmekden peýdaly­dyr;

— Haýwanlar adamlaryň ýaşaýşyndan dereje taýdan has ýo­kardadyr;

— Bir haýwan bilen bir abraýly adamy ýa-da akylly we mer­tebeli bir aýal bilen düşünjesiz nadan bir aýaly baksaň, haý­wan ol akylly we mertebeli adama garanyňda tiz semrär. Sebä­bi akyl gorky we pikir bilen, akylsyzlyk bolsa köňül rahatlygy bilendir;

— Bela garaşýan beladan daş bolsa hem, ol belanyň için­de­dir;

— Akylly tä özüne bela gelýänçä umyt içindedir — di­ýe­niň, bu garaýyşlarynyň sebäbini ýazmagymy isleýärsiňiz.

Siziň bu soraýan zatlaryňyzyň köpüsiniň jogabyny meniň «Me­seleler» atly kita­bymdan tapjakdygyňyz üçin bu kitabyma al­madym.

Gysgançlaryň husytlygyň tarapynda bolmaklary bilen hu­syt­laryň geň-taň we hoş sözleri baradaky soraglaryňyza gel­sek, bu­lary gözüm bilen görüp, şaýat bolan zatlarymdan we husytlar ba­rada eşiden gürrüňlerimden ýygnadym. Kitabym özü­niň göw­rüminiň gysga­lygyna we içindäki kemçilikleriň azlygyna ga­ramazdan, ol size husytlaryň kyssalaryny gysga, husytlaryň öz taraplaryny çalmak­laryny giňişleýin görnüşde beýan edýär. In­şalla, ýazan zatlarym husytlyk babynyň iň gyzykly zat­la­ry­dyr.

 

* * *

Öňürti Sehl ibn Harunyň hatlary we Horasan halkynyň ýa­kymly hoş sözleri bilen başlaýaryn. Adamlar horasanlylaryň gür­rüňleri meselesinde köp zatlary aýd­ýarlar.

Bu kitapda siziň üçin üç zat, ýagny täze deliliň düşün­di­ril­me­gi, hoşamaý hiläniň beýan edilmegi, ýagşy sözlerden peý­da­la­nylmagy bar.

Isleseňiz bulara gülersiňiz ýa-da size güýmenje bolar. Ag­la­mak barada aýtsam, eger ol ýerinde, wagtynda we sebäpli bol­sa adamzadyň ýaradylyşyna laýykdyr, netijesi gowudyr. Ol ag­laýanyň mähirliligini, ýumşaklygyny görkezýändir. Hatda ag­lamak wepadarlykdan, welizadalarda bolsa wejdiň[1] sebäp­le­rin­­den hasaplanypdyr.

Aglamak abytlary[2] Allatagala ýakynlaş­dyrar. Allataga­la­dan gorkýanlar rehmet dileglerini aglap beýan edýärler.

 

* * *

Akyldarlaryň biri çagasynyň köp aglaýandygy sebäpli how­salanan adama: «Gorkma, aglamak çaganyň bedenini ös­dü­rer we gözleriniň görejini ýitelder» diýipdir.

 

* * *

Amir ibn Abdy Kaýs eli bilen gözlerine urup: «Ýaşar­ma­ýan, açylyp ýumulmaýan gury zat» diýer eken.

 

* * *

Safwan ibn Muhriz gaýgy-gama batyp uzak wagtlap ag­lan­soň, oňa: «Köp aglamak, gözleri kör eder» diýipdirler. Saf­wan bolsa: «Hiç bolmasa körlük meniň dert­lerime şaýat bolar» di­ýip jogap beripdir we tä gözleri kör bolýança agla­magyny do­wam edipdir.

 

* * *

Köp adamlar aglamak bilen öwülipdirler. Ýahýa we Heý­sem hem bulardandyr. Safwan ibn Muhrize «köp aglaýan» di­ýen lakam berlipdir. Çendenaşa köp aglamak zyýanlydyr. Göz­leri kör edip, beýnini zaýalap biler. Akyl nogsanlygyna sebäp bo­lar we adamy gorkak eder. Şeýle hem köp aglaýanlar samsyk gyr­naga we lälik çaga meňzedilipdir.

Bolýar, elmydama şadyýan bolýanyň, tä, şadyýanlygy gu­tar­ýança gülmegine näme diýersiň? Gülmek erbet bolsady, on­da güllere, Ýemen matasyna, zynat bezeglerine we owadan köş­ge «göýä gülýän ýaly» diýlermidi?

 

* * *

Gurhan-y Kerimde Allatagala barada: «Ol güldürýän we ag­ladýan, öldürýän we direldýändir» diýilýär. Allatagala gül­me­gi durmuş bilen, aglamagy hem ölüm bilen deň edip goýdy. Ol hiç haçan erbet zady özüne degişli etmez we ýaradan zat­la­ry­na kem zady nygmat hökmünde bermez. Gülkiniň adamza­dyň durmuşyna peýdalary heý nädip beýik bolmasyn!

Gülmek ýaradylyşyň içinde we bedende bar bolan zatdyr. Çagada ýüze çykýan ilkinji haýyr alamaty gülmekdir. Çaga gül­ki bilen ösýär we ulalýar. Begenjiniň we güýjüniň sebäbi bo­lan gan çaga güldügiçe köpeler.

Araplar gülkiniň peýdalaryna şeýle derejede ynanypdyrlar welin, bu sebäpli çagalaryna «Dahhak»[3], «Bessam»[4], «Talk»[5] we «Talyk»[6] ýaly atlary dakypdyrlar.

Pygamberimiz hem gülüşipdir we degi­şipdir. Salyh adam­lar hem gülüşipdirler we degişipdirler. Araplar kimdir birini öwenlerinde «dişleri gülýän», «agşam ýyl­gyrýan», «myhman ýa­ly güler ýüzli», «jomart we şadyýan kişi», birini ýamanlan­la­ryn­da bolsa «gyşyk ýüzli», «ýykyk ýüzli», «möle gözli», «tur­şy ýüzli», «ýüzünden göýä sirke damýar»[7] diýip­dirler.

Degişmäniň ýeri we ölçegi bolmaly. Çünki, her işde aşa git­mek akmaklyga, kemçilik bolsa ýetmezçilige sebäp bolar. Yn­sanlar çäkli gülmegi we çäkli degişmäni ýazgarmandyrlar. Eger degişmeden maksat janyň hezil etmegi bolsa, gülmek hem gül­ýäne lezzet berýän bolsa, onda degişme çynlakaýlyk, gül­mek bolsa agraslykdyr.

 

* * *

Men bu kitapda hemme zady düşnükli edip ýazaryn we özü­miň usulymyň kem ýerlerini sizden gizlemerin. Ýöne siziň gö­wün isleýşiňiz ýaly kämil bolmagy we doly görnüşde beýan edil­megi mümkin däl. Çünki bularyň arasynda kenaryndan, gy­ra­syndan gürrüň gozgatjak, eýeleriniň kimdigini derrew ta­nat­jak niçeme sözler bar, hatda atlaryny aýtmasak-da, olardan mak­sadymyzyň kimlerdigi belli bolar. Atlaryna salgylanmak bi­len atlaryny aýtmak ikisi bir zatdyr.

Kitabymyň içine alynjak sözleriň eýeleriniň arasynda ýag­şy­zadalar, weliler, pirler we meşhur kişiler bar. Ýazaryn diýip, soň ýazmadyk sözlerim elbetde size peýdaly bolup bilerdi. Ýö­ne bu ýagdaý olaryň (göz öňünde tutulýanlaryň) öňünde gü­nä­kär bolmagym üçin ýeterlik sebäp bolup bilmez. Kitabyň maz­mu­nynyň we göwrüminiň çaklaň bolmagy sebäpli bularyň ese­re alynmazlygy elbetde iň gowy ýoldur. Ýazylman taşlanan bu bö­lümler sözüň uzaljak hem-de siziň göwnüňizden turmajak bö­lümleridi.

Şeýle hem ýazylmaly örän jaýdar sözler bar welin, ýöne hal­kyň arasynda giňden ýaýran däldir. Eger ýaýran bolsa hem eýe­leriniň kimlerdigi näbellidir. Şonuň üçinem bu sözleri ýaz­mak eýelerine hiç hili zyýan getirmez. Kime degişlidigi, kim ta­rapyndan aýdylandygy we kimler bilen baglanyşy­k­ly­dyk­lary nä­belli sözleriň manysy doly we göwnejaý bolmaz.

Sözlem bilen sözleriň we olaryň manylarynyň ara­bag­la­ny­şy­gy bolmasa sözüň çeperçiligi ýitip, beýan edilýän gürrüňe ze­­per ýetýär. Eger Abyl Harys Jummeýa, Heýsem ibn Mutah­ha­ra, Muzebbide ýa-da Ibn Ahmara degişli bolmadyk gyzyksyz gür­rüňleri olara degişli etseler, diňe olara degişli edilendikleri se­bäpli gürrüň has hem gyzyklydyr. Şeýle hem eger gyzykly, çe­per we manyly gürrüňleri toslap, olary Salyh ibn Huneýne, Ibn Nowaýa we atlary meşhur bolmadyk käbir kişilere degişli et­seler, berilýän gürrüňiň gyzygy gaçar.

Edil şonuň ýaly-da, takwaçylyk mese­lesinde bir mowzuk dö­redip, «bular Bekir ibn Abdylla Muzeniniň, Amr ibn Abdy Kaýs Anberiniň, Muwerrik Yjlynyň ýa-da Ýezit Rakkaşynyň sö­züdir» diýilse, onuň täsiri birnäçe esse artar. Bu hili ýag­da­ý­lar sözde bolmadyk bezegi we gyzyklanmany döredýär.

Emma eger «Bu mowzugy Abu Kagp Sufy, Abdylmömin, şa­hyr Abu Nuwwas ýa-da Hüseýn Haly dagylar aýtdy» diýseň, sö­züň öz manysyndan başga hiç hili ähmiýeti bolmaz. Şonuň üçinem eýelerine degişli edilen sözlerden başga-da, kämahal gor­­kym, kämahal hem ynsabym sebäpli eýelerine degişli edil­me­dik sözleri ýazdym.

Siz bu kitaba isleg bildirmedik bol­saňyz ony ýazmazdym. Sö­zümi atlaryny agzan­larymyň öç we zulum mowzuklarynyň ny­­şany edip goýmazdym.

Meni bu kitaby ýazmagyma siz iterdiňiz. Eger adamlar­dan bu kitabym sebäpli maňa garşy bir ýazgarma geljek bolsa, jo­gap­kärçilik size degişlidir. Emma eger meniň kemçiligimi tap­salar, onda jogapkärçilik maňa degişlidir.

Özüniň husytlyk meselesindäki gara­ýyş­laryny ýazgaranla­rynda we bu meselede ýazan kitaplaryny tankytlanlarynda Sehl ibn Harunyň (Abu Muhammet ibn Rahbunyň) rahbun taýpa­syn­dan[8] bolan doganoglanlaryna jogap hökmünde ýazan haty şeý­ledir:

«Bismillähi-r-rahmany-r-rahym. Allatagala siziň işleriňizi düzedip, dargap ýatan zatlaryňyzy jemlesin! Size ýagşylygy öwredip, haýyrly kişilere öwürsin!

Ahmet ibn Kaýs: «Eý, temim ogullary! Dawa-jenjele yl­gap gitmäň. Dawa-jenjele iň çalt gidýänler, ondan gaça dur­mak­dan utanmaýanlardyr» diýipdir. Akyldarlar hem: «Köp kemçilik gözläp, köp ýazgarýana seret. Ol öz kemçiligi üçin kesekilere kemçilik ýükleýär. Iň uly kemçilik, kemçiligi bol­ma­­dyga kemçilik ýüklemekdir. Bir sopynyň bir pire gol ber­me­gine päsgel bermek, päkýürekli adamy aldamak gör nähili erbet işd­ir» diýipdirler.

Men aýdýan zatlarym bilen diňe siziň dogry ýoly tap­ma­gyňyzy, dogruçyllygyňyzy, erbet ýagdaýyňyzyň düzelmegini we nygma­tyňyzyň dowam etmegini isledim. Muny size aýd­ýarkam ýalňyşan bolsam hem, aramyzdaky ýagşy niýetimi erbetlige ulanmadym.

Siz gowy bilýänsiňiz, men size öňürti özüm üçin saýlan we adamlaryň arasynda rowaç tapan zatlary wesýet edýärin. Bu wesýetim bilen size ýüzlenýändigim zerarly menden ýüz öwür­megiňiz, meniň garyndaşlyk hak-hukuklary bilen bag­la­ny­şykly borçlarymy unudandygyma degişli duýduryşy­ňyz, me­niň hor­mat-sylag goýmagym meselesinde siziň garaý­şy­ňy­zyň dog­ru­dygyny tassyk etmeýär.

Siz açyk ýagdaýda ötünç soramaýşyňyz ýaly, garyndaşlyk borç­laryňyzy hem ýerine ýetirmediňiz. Eger kemçilikleri aýtmak abraý bolsady, men siziň kemçilikleriňizi paş ederdim, emma men muny etmerin.

Iň uly bagtsyzlyk — öwredýänleriň ýalňyşlary yzygiderli gaý­talanyp, talyplaryň gowy diňlemeýändikleriniň unu­dyl­ma­gy, ýamanlaýanlaryň ýamanlaýan mahaly goýberen ýalňyşlary geň görlüp, näkesleriň ünsden düşürilmegidir.

Siz meniň hyzmatkärime: «Hamyryň has gowy bol­ma­gy­ny we çişmegini isleseň, ony gowy ýugur we gowy aldyr» di­ýip aýdan sözlerim sebäpli meni ýazgardyňyz. Omar ibn Hat­tap (goý, Alla ondan razy bolsun!) hem aýalyna: «Hamyry go­wy ýugur, sebäbi ol çig zatdyr» diýipdir.

Siz şeýle hem meniň: «Gurply mahaly emlägini sarp ed­ýän ýerini bilmeýän adam, gytlykda tygşytly bolmaly ýerini hem bilmez», «Ýeter öýdüp az mukdarda täret suwuny ge­tirt­dim. Hatda ölçegden sähelçe köpdi. Täret agzalarymy ýuwup baş­lan mahalym, suw agzalaryma ýetmedi. Eger suwy tygşytly tu­tan bolsadym, suw başdan-aýagyma çenli ýeterdi» diýen söz­le­rimi hem ýazgardyňyz.

Meni: «Hasan Basry isrip barada: «Suwda we otda hem is­rip bardyr» diýipdir» diýen sözüm sebäpli hem ýazgardyňyz, söz­ümi erbet we ýerliksiz hasapladyňyz. Ol diňe suw bilen çäk­len­medi, üstesine oty hem goşdy.

Içinde ajaýyp miweler, hur­malar we başga-da ir-iýmiş bar bo­lan sebedi açgöz çagadan, iýermen guldan, akmak gyr­nak­dan we işýakmaz aýaldan goramak üçin agzyny möhürläp go­ýa­nymda hem meni ýazgardyňyz.

Ne edebiň aslynda, ne häkimýet diwanynda, ne ýol­baş­çylaryň däplerinde, ne-de dolandyryjylaryň işlerinde lezzetli ta­gam­laryň, datly şerbetleriň, owadan lybaslaryň, ýyndam ulag­laryň gowusy-erbedi meselesinde, hojaýyn bilen gul, uýan bi­len uýulýan deň däldir. Bularyň mejlisdäki ýagdaýlary, de­re­je­le­ri we salam beriş dessurlary hem deň däldir.

Nädip deň bolsun? Hojaýyn deňlige närazyka, gul deň­siz­lige närazy. Hojaýyn bilen guly tapawutlandyryp bil­me­ýär­si­ňiz, şonuň üçinem isleýän adam gapysyndaky itini semiz to­wuk bilen, eşegini hem gabygy ardylan künji bilen bakar.

Möhürleme meselesinde hem meni ýazgardyňyz. Emma käbir ymamlar külçäniň gabyny hem möhürläpdirler. Boş wyž­dany hem möhürläp: «Toprak bilen möhürlemek güman et­mek­den haýyrlydyr» diýipdirler. Siz boş zady möhürleýäne hiç zat diý­mediňiz-de, bar zady möhürleýäni ýazgardyňyz.

Men hyzmatkärime: «Etiň üstüne suwy köpräk goşup bi­şir. Ikisini hem bilelekde gaýnat, suwundan hem peý­da­la­nar­syň» diýenimde hem meni ýazgardyňyz. Hezreti Muhammet alaý­hyssalam hem: «Eti bol suwly edip bişiriň, etler biri-birine deg­mese, ete etiň suwy degsin» diýipdir.

Siz meniň: «Ýyrtylan eşigi ýamap geýseň uzaga çeker, tyg­şytly bolar. Tekepbirlige päsgel bolar we ybadata meňzär. Ýa­mamak tygşytly bolmakdyr, agzybirligi saklamakdyr. Ag­za­la­lyk bolsa erbetlige elter» diýmegimi, aýakgabymy be­jert­me­gi­mi, könelen köýnegimden gursakça tikinmegimi ýaz­gar­dy­ňyz. Hezreti Muhammet alaýhyssalam hem aýakgaplaryny be­jer­dip, eşiklerini ýamap geýipdir.

Sugda binti Awf hem ýoldaşy bolan sahaba Talhanyň eşik­lerine meňzeş reňkli matadan ýama eder eken.

Hezreti Omaryň eşiklerinde deriden ýamalar bolupdyr. Ol: «Ýamaly geýmekden utanmaýanyň gün-güzerany ýeňildir, ulum­sy­lygy azdyr» diýer eken. «Köne geýmedigiň täze lybasy bol­maz»[9] diýipdirler.

Zyýat ibn Ebihi bir adamy söze ezber bir adam tapyp ge­tir­mek üçin iberipdir. Oňa söze ezber adamyň akylly we ugur­tapyjy bolmagyny tabşyrypdyr. Ýaňky adam hem bir kişini alyp gelipdir. Zyýat:

— Bu adamy öň hem tanaýarmydyň?

Ýaňky adam:

— Ýok.

— Bu adamy öň görüpmidiň ýa-da onuň bilen gür­leşip­mi­diň?

— Ýok. Görmedimem, gürleşmedimem.

— Onda näme üçin muny saýladyň?

— Howa örän yssydy. Men adamlaryň akyllydyklaryny gü­ne laýyk iýip-içmek­lerinden we geýnişlerinden tanaýaryn. Hemmeler täze eşikdediler, bu adam bolsa könelerini geýipdi. Netijede men onuň tygşytly adamdygyny bildim.

Köne lybas laýyk ýerde geýlende täze ýalydyr. Allatagala hemme zat üçin bir ölçeg goýup, oňa mekan taýýarlandyr, hem­me wagta we wezipä laýyk sözleri ýaradandyr. Ol zäher bi­len direlden, azyk bilen öldürendir. Suw bilen gark eder, der­man bilen öldürer. Eşik ýamamak, bejermek pes köňülligi aň­lad­ýar. Ýamamaýanyň ýygnaýan zady isripden we ulum­sy­lyk­dan ybaratdyr. Bu meselede: «Bejertmek iki gazanjyň biridir», «Çaga-çuganyň azlygy iki baýlygyň biridir» hem diýipdirler.

Ahmet ibn Kaýs aýagy döwlen geçisiniň damagyny çal­man­dyr, eýsem onuň ýarasyny sarapdyr. Nugman ibn Munzir hem şeýle edipdir. Hezreti Omar: «Bir ýumurtga iýen, bir to­wuk iýen ýalydyr» diýipdir. Bir emeldara: «Size towuk sowgat ber­mekçi» diýlende, ol: «Eger berjek bolsaň, guzlaýan towuk be­riň» diýipdir. Abud Derda eti gazalyp alnan süňki hem ula­nyp­dyr.

Şeýle hem siz meniň: «Hiç kim ömrüniň gysgalygyna, bi­liniň küýküdigine, süňňüniň ejizligine aldanyp, jomartlyga ni­ýet etmesin. Emlägini elinden giderip, baş­gasynyň emlägine öw­rülmegine, isribi ornaşdyrmaga we açgözleriň öz emlägine göz dikmegine sebäp döretmesin. Mümkin onuň ömri has-da uzalar. Belki, zürýady kesi­lenligine garamazdan, oňa zürýat ber­ler. Kellä, akyla-huşa gelmeýän wagtlarda ençeme syrly ýag­daýlar ýüze çykyp biler. Rysga­lyny gözlemekden ýaňa ejiz, gazanmakdan ýaňa ýadaw ýagdaýa düşendigi üçin, birmahallar beren zatlaryny yzyna islär. Soň hem zadyny yzyna ber­me­ýän­den, özüne merhemet etmeýänden nägile bolup başlar» diý­me­gimi hem ýazgardyňyz. Amr ibn As: «Hiç ölmejek ýaly dünýä üçin, ertir öljek ýaly ahyret üçin tagalla et» diýipdir. Isrip hu­mar­dan gazanylana, mirasdan gelene, tapylan zada we pa­ty­şa­la­ryň peşgeşine tarap örän batly, çalt gider.

Baýlyk eger halal ýol, kynçylyk, zähmet bilen gazanylyp, ga­zanylan mahaly gazan­ýanyň dinine we abraýyna zeper ýet­medik bolsa, ol beden ýadawlygy, köňül gaýgysy bilen ýyg­na­lan bolsa örän uzaga çeker. Gün-güzeranynyň çykdajysyny ha­sap­lamaýan, girdejisini hem hasaplamaz. Girdejisini ha­sap­la­ma­ýan sermaýasyny ýitirer.

Baýlygyň gadyryny bilmeýän we garyplyga razy adam pes­ligi özüne laýyk hasaplan adamdyr. Halal gazanylan zat halal zatlara sarp edilmelidir. Haram emläk haram ýerlere gider. Tämiz zat tämiz zady çagyrar. Boş ýere zat sarp etmek, hu­kugy bolan adamlaryň öňüne perdedir (haky bolanlara hak­la­ry­ny bermäge päsgel bolar).

Meniň: «Hak-hukuklaryň berilmegi howa­ýylyga böwet bolar» diýen sözümi hem ýazgardyňyz. Mugawyýa: «Her isrip bir hak-hukugy zaýalar» diýipdir. Hasan Basry hem: «Bir za­dyň nireden gelendigini bilmek isleseňiz, sarp edilen ýerine se­re­diň. Sebäbi diňe haram zat isrip ediler» diýipdir.

Size bolan rehim-şepagatym we söýgim sebäpli, ene-ata­la­ryň öňündäki borçla­ryňyzy ýerine ýetirip, olaryň emläklerini go­rama­lydygyňyzy, olary iýdirip-içireniňizde we bile ge­ze­ni­ňiz­de üns bermeli zatlary nesihat üçin: «Siz apatlaryň we be­lalaryň mekany bolan dünýädesiňiz. Belalara ynam bildirip bol­maz. Mal-mülküňizi yzyna getirip bolmajak derejedäki apat­lardan goramak isleýän bolsaňyz, dürli ýerlerde saklamak bilen goraň. Çünki bela-apat bir wagtda hemme zady gabap al­masa, birden gelmez» diýipdim.

Hezreti Omar: «Gullary, gyrnaklary, düýeleri, goýunlary we ähmiýetli-ähmiýetsiz beýleki zatlaryň hemmesini aýry-aýry ýerlerde saklaň» diýipdir. Ibn Sirin bir gämiçiden: «Ha­ryt­la­ry­ňy­zy nädip goraýarsyňyz?» diýip sorapdyr. Onda ol: «Gäminiň aýry-aýry ýerlerinde saklaýarys. Olaryň käbirlerine zeper ýetse-de, käbir­lerine ýetmeýär. Ýöne biziň jan-saglygymyz, sa­la­matlygymyz alyp barýan harytla­ry­myzdan has gymmatlydyr» di­ýip, jogap beripdir. Ibn Sirin bolsa oňa: «Işýakmaz ha­sap­la­ýan aýalyň, aslynda iş oňarýan aýaldyr» diýen atalar sözü­ni aý­dyp­dyr.

Şeýle hem size bolan mähir-muhabbetim zerarly: «Baý­lyk­da serhoşlyk, emläkde hyjuwlylyk bardyr. Kim baýlyk ser­hoş­lygy bilen emlägini aýamasa ony ýitirer. Kim baýlygyny ga­ryplyk gorku­syna salmasa (baý mahaly garyplygyny unutsa), ony elden giderer» diýen sözüm üçin hem meni ýazgardyňyz. Se­rediň Zeýt ibn Jebele bu meselede näme diýýär: «Garyp dü­şerin öýdüp gorkýan baý adam iň garyp adamdyr. Garyplygyň ser­hoşlygy, şera­byňkydan has güýçlüdir».

Siz maňa: «Mal-mülki mynasyp ýerlere sarp etmeli we zerur ýetmezçiliklerden galan ýerde takwaçylyga höwes­­len­dir­meli. Bu işlere degişli höweslendiriji sözleri aýtmaly. Bu söz­le­ri aýdýan, olary ýazýan hatlaryndan başga şygyrlarynda we hut­balarynda hem ulansyn» diýipdiňiz. Onuň ýaly bolýan bol­sa, men hem Ýahýa ibn Halyt barada aýdylan şu şygry ýa­za­ýyn:

 

Gaýgyrmaz, soňun saýgarmaz,

Boş ýerlere sarp etmeli bolanda.

Kämahallar ýüz berende zerurlyk,

Husyt kimin tapdyranok pul onda[10].

 

Bu meselede Muhammet ibn Zyýat hakda hem şygyr aý­dy­landyr:

 

Iki sany ýagşy gylyk bar onda,

Bilýär özün erbetden daş tutmagy,

Şeýle hem, haçanda wajyp bolanda,

Bilmeýär malyna rehim etmegi.

 

Men: «Mal-mülk ylmyň öňündedir. Çünki alym gün-gü­ze­ranyny mal-mülk bilen dolandyrýar. Adamlary ylym ar­tyk­maç­lygy däl-de, mal-mülk saklaýandyr. Esasy zat ikinji de­re­jeli zatdan öňe tutulmaga mynasypdyr. Ruhumyz arkaly ak­ly­myza aýlanyp, köp zada göz ýetirsek-de, gün-güzeranymyz ýe­ter­lik bolansoň işle­rimizi akyl-paýhas bilen ýerine ýetirýäris. Na­danlygyň esasy sebäbi garyplyk we mätäçlikdir» diýenimde, me­ni ýazgaryp: «Sen bulary nädip aýdyp bilýärsiň»? diýdiňiz.

Akyldarlaryň ýolbaşçysy we danalykda deňsiz-taýsyz bolan bir adamdan sorap­dyrlar:

— Alymlar has üstünmi ýa-da baýlar?

— Alymlar üstün.

— Onda näme üçin alymlar baýlaryň gapysyna, baýlaryň alym­laryň gapysyna barşyndan has köp barýarlar?

— Alymlar baýlygyň gadyryny bilýän­digi, baýlaryň bolsa yl­myň gadyryny bil­meýändigi üçin — diýip jogap beripdir.

Men bu wakany gürrüň bermek bilen alymlaryň we baý­laryň ýagdaýyny anyk görkezmek isledim. Hemmeleriň mä­­täç bolýan zatlary bilen käbirleriniň mätäçlik çekip, kä­bir­le­riniň mätäç bolmadyk zady, heý, nädip deň bolup biler? Çünki, baý­lyk öýdäki duran gurala meňzär. Ol zerur halatynda ulanylýar, ze­rur däl ýagdaýynda bir burçda ýatar. Huzeýn ibn Munzir: «Men peýdalanmak üçin özümiň Uhut dagy[11] ýaly altynymyň bol­magyny isleýärin» diýende, ondan: «Onuň näme peýdasy bo­lar?» diýip sorapdyrlar. Huzeýn bolsa: «Maňa hyzmat et­jek­ler köpeler» diýip, üstüne şuny hem goşupdyr: «Baýlyk! Seniň kal­byňda yzzat, beýlekileriň kalbynda zillet-peslikdir, onuň peý­dasy bolsa ägirtdir».

Pygamberleriň ýollaryny, çaryýarlaryň aýdanlaryny, akyl­dar­­laryň sözlerini howaýy kişilere galdyrjak däl (olary hem be­ýan ederin).

Muhammet alaýhyssalam baýlara goýun, garyplara towuk edin­meklerini tabşyryp: «Puluň dünýä, diniň ahyret üçindir» di­ýipdir. Olar işlerini dünýä we ahyret diýip ikä böldüler. Bitin zadyň iki böleginiň birini pul hökmünde goýdular. Abubekir Syddyk: «Birnäçe günüň azygyny bir günde sowýan maşgala gaharym gelýär» diýipdir. Pygamberler, çaryýarlar we akyl­dar­lar köp et iýýänlere gaharlanar ekenler. Hyşam ibn Abdymälik: «Dirhemi dirhemiň üstüne goş, goý emläk bolsun» diýer eken.

Dana, akyldar we alym Abyl Eswet Duweli jomartlyk edip, puly çem gelen ýere sowrup ýörmegi gadagan edipdir. Ol ogluna: «Allatagala saňa bol rysgal berse, sen hem bol harçla, rysgalyňy azaltsa, sen hem çykdajyňy azalt. Ýöne jomartlykda Allatagala bilen ýaryşma. Sebäbi ondan jomart hiç kim ýokdur. Hak ýolunda halal gazanylan her bir dirhemi harçlamak, on müň dirhem almakdan haýyrlydyr» diýip, wesýet beripdir. Soň bol­sa gazanyň düýbündäki nahar kesmegini ýygnap: «Bir ada­myň bir günlük azygyny hem zaýalamaň» diýip, sözüniň üs­tü­ne goşupdyr.

Abud Derda bugdaý hoşalaryny çöpläp ýörkä, käbir isripçiler onuň bu işini taşlamagyny isläpdirler. Abud Derda ola­ra garap: «Abs ogullary hor-homsy bolsun! Adamzadyň durmuşdaky daýanjy — gün-güzeranynyň sada we ýeňil bol­ma­gydyr (isrip edip azap kynçylyga düşmegi däldir)» diýip, jo­gap beripdir.

Şonuň üçinem garaýyşlarymy ýalňyş hasaplamak bilen siz diňe maňa garşy çykmarsyňyz (çünki onda siz öňki ýaşap ge­çen ýagşyzadalaryň garaýyşlaryny hem ýalňyş hasaplarsyňyz). Bir zada başlamazyndan öňürti gowuja pikirleniň! Bäh­bi­di­ňiz­den öňürti zyýanyňyza bolan zat barada oýlanyň! Wessalam!».

 



1Wejd – Alla barada oýlanyp, onuň gudratlaryna akyl ýetirip, gözýaş dö­küp aglamak.

2Abyt – ybadat edýän, ybadathon, sopy.

[3] Dahhak – köp gülýän.

[4] Bessam – köp ýylgyrýan.

[5] Talk – gülerýüzli.

[6] Talyk – gülerýüzli, gülýän, gülüji.

[7] Türkmenlerde «ýüzünden gar ýagýar» diýilýär.

[8] Rahbun ogullary taýpasy – araplaryň rahbun ogullary taýpasy. Kitabyň için­de şunuň ýaly «pylan ogullary taýpasy» diýlip gelse, arap taý­pa­sy­dy­gy­ny aňladýar.

[9] Bu «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýen türkmen nakyly bilen ma­nydaşdyr.

[10] Kitapdaky goşgulary taraşlan we çeperleşdiren Seýitmämmet Hydyrow.

[11] Uhut dagy – Medine şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän dagyň ady. 620-nji ýylda bu ýerde musulmanlar bilen müşrik mekgelileriň arasynda sö­weş bolup geçýär.

Add comment


Security code
Refresh