Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 03 April 2017 18:22

Peýda

Peýda

 

Hudaýtagala duşmanyna pygamber iberende «Gaty sözleşme» diýdi. Biz asylara Ezraýyl perişdäni jan almaga iberende oňa: «Bendämi gaty tutma, oňa ýumşaklyk et» diýse rowa dälmi? Ýene Allatagala: «Eý, Musa! Pyrgaun size gaty sözlese, siz: «Lä ilähe illalla» diýiň. Eger ol batyl dawasyndan ýanyp, dogry ýoly kabul etse, siziň pygamberligiňiziň rastlygyna kaýyl bolsa, men oňa üç zady keramat ederin. Ol üç zat bu älemde hiç kime miýesser etmez. Birinji, Men oňa täzeden ýigitlik bereýin; ikinji, ony Günbatardan Gündogara çenli patyşa edeýin; üçünji, oňa öňki gören ömrüçe ömür berýin» di‎ýip aýtdy.

Musa alaýhyssalam bu kelamy eşidip, Tur dagyndan düşüp, Safuranyň ýanyna geldi. Görse, ýagmyr dynypdyr. Safura ýeňil­lik bilen dogupdyr. Ol goýunlary bakyp durupdyr. Onuň hemme işleri ýerbe-ýer bolupdyr. Musa alaýhyssalam Hu­daý­tagala şükür etdi. Daň atdy. Olar Müsür tarapyna göçüp, ýola rowana boldular.

 Şol gije Harun düýş gördi. Oňa bir kişi: «Seniň Musa atly doganyň gelýär. Onuň öňünden çyk» diýdi. Ol şol wagt oýan­dy. Şäherden çykdy. Musa alaýhyssalam egnine çäkmen, aýa­gyna bolsa çaryk geýip gelýärdi. Ol Harun alaýhyssalama ýoluk­dy. Harun alaýhyssalam ony tanamady. Musa alaýhy­sa­lam ony tanady. Harun alaýhyssalam ondan: «Sen kim bolar­syň?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam oňa: «Men gulduryn» diýip jogap berdi. Harun alaýhyssalam: «Sen kimiň guly bolar­syň?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam: «Men Allatagalanyň guludyryn» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Allatagala kimdir?» diýip sorady. Musa alaýhyssalam aýtdy: «Ol seni, meni we hemme älem-jahany ýaradandyr» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Taňrynyň sypaty nähilidir?» diýip sorady. Musa alaýhys­sa­lam: «Ol – özünden başga hudaý bolmadyk Alladyr. Ol gizlin we äşgär zatlary bilijidir. Ol çäksiz mähribandyr we möçber­siz rehimdardyr» diýip aýtdy. Harun alaýhyssalam: «Sen nire­den gelýärsiň?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Men Medýenden gelýärin» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Medýen ilinde Musa atly bir kişini görmediňmi?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Ol nähili kişidir?» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Ol uzyn boýly, owadan ýüzli we dili peltek kişidir. Ol beni Ysraýyldan garyp­lyk sebäpli ol ýere düşendir. Ol Şugaýp pygamberiň goýun çopanydyr» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Sen ol garyndaşyňy görseň tanarmyň?» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Hawa, men ony görsem tanaryn» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Hany seniň tananyň? Men Musadyryn» diýdi. Harun alaýhyssalam ýyglap turup, onuň bilen görüşdi we oňa: «Seniň hatynyň bilen goýun­laryň nirede?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Olar beýewanda. Men olary Hudaýtagala tabşyryp geldim» diýdi.

Musa alaýhyssalam Müsüre gadam goýanda, onuň hasa­syndan başga hiç zady ýokdy. Bu wagt ýassy namazynyň wag­tydy. Ol Müsüre girip, enekesiniň işigini kakdy. Onuň enekesi Batşaýyg çykyp: «Sen kimsiň?» diýdi. Ol: «Men myhman­dy­ryn» diýdi. Enekesi içeri girip ýagdaýy onuň enesine aýtdy. Ene­si oňa: «Işigi aç» diýdi. Ol işigi açdy. Musa alaýhyssalam garaňkyda otyrdy. Şol wagt Harun ýokdy. Harun gelenden soň çyra ýakdylar. Olar tanyşdylar. Musa alaýhyssalam hemmesi bilen görüşdi. Ol on ýylyň içinde bolan wakalary birin-birin beýan etdi.

Ondan soň Musa alaýhyssalam Harun alaýhyssalama: «Men Tur dagynda Allatagala bilen sözleşdim. Ol seni maňa şärik etdi. Ol ikimizi Pyrgauna ilçi edip iberdi. Biz ertir Pyrgaunyň ýanyna baryp, oňa Hudaýtagalanyň emr-u-permanyny ýetireli» diýdi. Harun alaýhyssalam: «Pyrgaunyň leşgeri köpdür. Biz iki­miz onuň ýanynda ejizdiris. Biz muňa näme alaç ederis?» diýdi. Ol ikisi: «Eý, Taňrymyz! Biz onuň bilen niçik barabar­lyk ederis?» di‎ýip mynajat etdiler. Allatagaladan: «Eý, Musa we Harun! Siz hiç gorkmaň. Sizi saklaýjy mendirin» di‎ýen owaz geldi. Harun alaýhyssalam: «Eger ol bizden keramat talap etse, biz näme ederis?» diýdi. Musa alaýhyssalam: «Meniň bu hasam bilen elim ikisi-iki keramatdyr» diýip olary Harun alaýhyssalama görkezdi

Add comment


Security code
Refresh