Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 05 November 2016 21:31

WAGT, DÜNÝÄ WE AHYRET HAKYNDA(10)

WAGT, DÜNÝÄ WE AHYRET HAKYNDA(10)

 

 

 

 

 

* * *

Halyt ibn Abdylmälik ýedi ýaşynda Medine häkimligine bellenilipdir. Şol ýyl gurak bolupdyr, hatda çöldäkiler Şama göçüp başlapdyrlar. Şonuň üçinem: «Halydyň ýyllary ýaly ýyllary indi yzyna getirmäwersin» diýipdirler. Hatda ol «Ýusubyň[1] ýyllarynyň bolşy» ýaly diýen atalar sözüne öwrülip galypdyr.

 

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Hakykatdan-da Alla meret aýynyň ortasynda öz ýaradan bendeleriniň ählisiniň günäsini geçer. Diňe özüne şirk goşan müşrigi[2] we öz musulman dogany bilen öýke-kineli ýagdaýda bolanyň günäsini geçmez».

 

* * *

Hasan Basry oraza baýramy günlerinde birnäçe adamlaryň gülüşip-oýnaşyp ýörendiklerini görüpdir. Ol şeýle diýipdir: «Oraza ynsanlaryň Allanyň tagat-ybadatynda ýaryşmak üçin aýlaw edilip goýuldy. Ömrümden ant içýärin eger, aradaky gaýyp perde açylyp, hemme zat äşgär bolsa-dy, bularyň arasyndaky ýagşy kişiler haýyr işleri bilen, zalymlar bolsa donlaryny täzeläp, çekýän arpalaryndaky kem çekmekden seresap bolmak bilen meşgul bolardylar».

 

* * *

Sagyt ibn Jubeýr[3] Ibn Apbasdan şeýle gürrüň beripdir: «Dünýä jemi ýedi müň ýyldyr. Şu wagt alty müň bir ýüz ýyl geçdi. Ýöne ýyllardan ýene-de asyrlar geler, olar muňa birleşen däldir (bulardan başgadyr)».

 

* * *

Kagbul Ahbar[4] şeýle diýipdir: «Dünýäniň uzynlygy 6000 ýyldyr».

 

* * *

Şu wagt ajal ýakaňdan tutmanka, onuň bu pursatyny amal etmäge mümkinçilik we olja hasapla. Sebäp we bahana görkezmegi taşla. Sen çäkli wagtyň içindesiň we ömrüň hem uzak däldir.

 

* * *

Isa alaýhyssalam  şeýle diýipdir: «Eý, dünýäni talap ediji, dünýäni ýyk. Seniň ony terk etmegiň oňa iňňe sokan ýalydyr».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Kim möwç urýan deňizde öý gurnar. Bu size dünýädir. Ony ýaşaýyş ýeri hökmünde tutmaň».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Kim dünýäde özüni erbet alyp barsa, Alla oňa garşy çykar. Ahyrete diňe dünýäni terk etmek bilen ýetip bolar».

 

* * *

Rahypdan:

— Nädip dünýäni özüňe gadagan edýärsiň? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Men özümiň ondan islegsiz çykjakdygyma göz ýetirdim, şonuň üçinem ondan öz islegim boýunça çykdym — diýipdir.

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  bir gün Resulallanyň ýanyna barypdyr. Resulalla şol wagt boýranyň üstünde ýatan eken. Hezreti Omar ony görüp, aglap:

— Eý, Allanyň pygamberi, bir düşek ýazyp ýumşak ýerde ýatsadyňyz — diýipdir.

Onda pygamber oňa :

— Meniň dünýä bilen işim ýok. Men bilen dünýäniň mysaly göýä bir syýahatçynyň yssy günde seýr edip barýarka, bir agajyň aşagynda dynç almak üçin düşläp, dynç alyp, soň bolsa terk edip gidişi ýalydyr — diýipdir.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim-de kim juma güni sabyr edip we sogap isläp agzyny beklese, oňa on sany üýtgeşik gün berler, ol günler dünýä günlerine meňzemez».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Biliň, Alla size rehim etsin. Hakykatdan hem siz hakykatyň az aýdylýan wagtynda, dilleriň dogruçyllykdan kütek, hakykatyň basgylanýan döwründe ýaşaýarsyňyz. Siziň döwrüňiziň ýaşaýjylary günälere özüni beren, aldanylmaga öwrenişen, ýaşlaryňyz azan, garrylaryňyz günäkär, alymlaryňyz mynapyk, karylaryňyz ryýakär. Kiçileriňiz ulularyňyza hormat goýmaýar, baýlaryňyz garyplaryňyza seretmeýär».

 

* * *

Kimiň juma güni metjitden çykmanka gözünden ýaş aksa, Allatagala çepdäki perişdä bakyp: «Bendämiň amal depderini düýrle. Indiki juma çenli onuň günä işlerini ýazma!» diýer.

 

* * *

Abu Zer şeýle diýipdir: «Dünýä göýä ýumşak başly düýe ýalydyr. Eger onuň kellesinden tutsaň, guýrugyny hem getirer, ýagny eger günüň başyny haýyr bilen başlasaň, tä soňuna çenli şol gün haýyrly bolarsyň».

 

* * *

Lukman Hekim ogluna şeýle diýipdir: «Dünýäniň içine girme, aralaşma, ol seniň ahyretiňe zyýan ýetirer. Ony terk hem etme, ynsanlara ýük bolarsyň».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  her gezek münbere çykyp dik durup, hutbasyny şeýle sözler bilen başlar eken: «Eý, ynsanlar, Alladan gorkuň! Ol ynsany ýöne ýere oýun üçin ýaradan däldir. Ol ynsany ýöne ýere öz peýwagtyna goýberen däldir. Ahyretiň tersine erbetlikleri gözüňize gowy şekilde görkezilýän dünýäňizi hem ýöne ýere ýaradan däldir. Siziň dünýäde rüstem hasaplap, uly ähmiýet berýän ulumsylygyňyz näme? Ahyretden hem rüstem görýän pes gynançlaryňyz ýaly bular näme?».

 

* * *

Huzeýfe[5] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Siziň iň haýyrly bolanyňyz ahyreti dünýä üçin terk edeniňiz ýa-da dünýäni ahyret üçin terk edenleriňiz däldir. Gaýtam, tersine, ikisinden hem peýdalanandyr».

 

* * *

Halypa Mugawyýa Dyrar ibn Damra Şeýbanydan Hezret Aly barada sorapdyr. Onda ol: «Şaýat bolýaryn, men ony köp ýerlerde gördüm. Bir gezek ol mährapda durup, bir eli bilen sakgalyndan tutup, närahat ýagdaýda enesini ýitiren köşek ýaly aglap şeýle diýýärdi: 

— Eý, dünýä, dünýä! Sen menden daş dur. Sen maňa hüjüm edýärsiňmi ýa-da maňa hasrat çekdirýärsiňmi? Seniňki ýaly hyýanatym ýok. Haýhat, haýhat! Sen menden başgasyny gözle! Meniň saňa mätäçligim ýok. Men seni gaýdyp yza almaz ýaly üç gezek talak diýdim. Seniň ýaşaýşyň gysga. Seniň hataryň aňsat. Seniň maksadyň pes. Ah, azyk az, ýol bolsa uzak. Sapardan soň baryljak ýer uludyr».

 

* * *

Muhammet ibn Wasyg bir gezek dünýäniň gürrüňini edip oturan bir jemagatyň ýanyndan geçip barýarka:

— Bular kim? — diýip sorapdyr.

Oňa:

— Bular zahytlar — diýipdirler.

Onda ol:

— Dünýä nähili hatarly zatdyr, hatda zahytlar hem onuň gürrüňini edýärler — diýipdir.

 

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Eý, oguljygym! Sen uklaýşyň ýaly ölersiň, oýanyşyň ýaly hem direlersiň».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dünýäden habardar boluň. Ondan hiç zat galan däldir, gapda galyndynyň galyşy ýaly diňe galyndy galandyr. Şeýle-de ahyret sizi hem garşy alar. Olaryň ikisiniň hem ogullary bardyr. Siz ahyretiň ogullaryndan boluň. Dünýäniň ogullaryndan bolmaň. Her bir dogan çaga kyýamat güni ejesine garaşjakdyr. Şeýle-de bu günler amal günüdir, hasap güni däldir. Ertir bolsa hasap günüdir, amal güni däldir».

 

* * *

Abytdan:

— Dünýäni näme üçin terk etdiň? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Sebäbi men onuň lezzetini özüme gadagan etdim, şonuň üçinem onuň gaýgysyndan daş durýaryn — diýipdir.

 



 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh