Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 15 October 2016 11:18

wagt,dünýä we ahyret hakynda(6)

wagt,dünýä we ahyret hakynda(6)

 

 

 

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Bu mömine şeýle bir gysga bolar welin, göýä günüň batýarka sallanyşy ýaly gysga bolar».

 

* * *

Dawut ibn Abu Hint[1] şeýle diýipdir: «Bendäniň kyýamat güni elli duralgasy bardyr. Her duralganyň arasy müň ýyldyr».

 

* * *

Gije bilen gündiz iki sany hazynadyr. Olary taşlama. Olar seniň peýdaňa işleýändir. Olaryň ikisini hem ulan.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Zamanany baş egdirip bilmersiň, şonuň üçinem oňa mylaýym bol».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Dünýä saňa özüniň sypatlaryny görkezdi, saňa öz erbetliklerini açdy. Sen dünýä ýaşaýjylaryndan düşýän zatlara aldanmaly dälsiň. Olar oňa topulýarlar. Sebäbi olar uwlaýan itlerdir, açgöz ýyrtyjy haýwanlardyr, biri-birine hyrryldaşýarlar, güýçli ejizi gemirýär, uly kiçini dalaýar, biri rahatdyr, beýlekisi misgindir. Olar akyllaryndan azaşanlar we nadanlyklaryna atlananlardyr».

 

* * *

Abdylmälik[2] Hajjaja hat ýazyp, maňa zamanany beýan et diýipdir. Ol hem: «Düýn göýä bolmadyk ýalydyr. Ertir hem göýä bolmadyk ýaly bolup geçer. Bu günüň bolsa boş wagty uzyndyr. Emma ony hem aýdym-saz bilen gysgaldýarlar, akylly kişi geljegi üçin munda azyk taýýarlamalydyr» diýipdir.

 

* * *

Isa alaýhyssalam  şeýle diýipdir: «Ýazyklar bolsun. Men dünýäni alyn dişleri bolmadyk garry aýal görnüşinde gördüm. Onuň ähli zynatlary bardy.

Ondan:

— Näçe gezek durmuşa çykdyň? — diýip soradylar.

Ol:

— Sanamadym. Örän köp — diýdi.

Ondan ýene:

— Olar öldülermi ýa-da saňa talak berdiler? — diýip soradylar.

Ol:

— Ýok, men olaryň hemmesini öldürdim — diýdi.

Onda oňa:

— Seniň galan ýanýoldaşlaryň hem nähili betbagt eken! Olar nädip öňküleriň saňa öýlenip düşen ýagdaýlaryndan nusga almaýarlar. Olar senden heder etmeýärmikäler! — diýdiler».

 

* * *

Ibn Abu Uýeýne[3] şeýle diýipdir:

 

Hiç kim dünýä öýünde dynç alyp gören däldir,

Emma dünýä akylla ybratdyr-göreldedir.

 

* * *

Hasan ibn Aly köplenç şuny aýdar eken:

 

Eý, bu pany dünýäden lezzet alanlar, biliň,

Saýasyna daýansaň birisiň biakylyň.

 

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Dünýä öýsüze öýdür. Malsyza maldyr. Ony akylsyzlar ýygnar. Pähimsiz onuň lezzetleriniň ugrunda bolar. Ylmy ýok oňa duşmançylyk eder. Düşünjesi bolmadyk oňa bahylçylyk eder. Ony tanamaýan onuň ugrunda ylgar».

 

* * *

Mälik ibn Dinar[4] şeýle diýipdir: «Jadygöý dünýäden gorkuň. Sebäbi ol alymlaryň hem kalbyny jadylaýandyr. Kimiň kalbynda imandan bir zerre bar bolsa dünýäniň soňuna daýanmasyn».

 

* * *

Kim dünýä uly ähmiýet berse, dünýäde we ahyretde gaýgysy köp bolar.

 

* * *

Ol gün (kyýamat gününde) kyýamatyň gorkunçlygyndan ýaňa garrylar bükülip, çagalar garrar.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Günler içinde sagat çalt geçýär. Aý içinde gün çalt geçýär. Ýyl içinde aý çalt geçýär. Ömür içinde ýyllar çalt geçýändir».

 

* * *

Enes şeýle diýipdir: «Pygamberden günler barada soraldy. Ol: «Ruh gün mekirlik we aldawçylyk günüdir. Sebäbi kuraýşy taýpasy bu günde Darun-Nedwede[5] hilegärlik edendir. Dynç gün agaç oturtmak we gurluşyk günüdir. Sebäbi ol günde Allatagala dünýäni ýaradyp başlapdyr. Baş gün sapara çykmak we söwda günüdir. Sebäbi Şugaýyp alaýhyssalam  bu günde sapara çykdy we söwda edip, peýda gazandy. Ýaş gün gan günüdir. Sebäbi How ene bu günde aýbaşy gördi we Adam Atanyň ogly öz doganynyň ganyny dökdi. Hoş gün dowamly bela günüdir. Sebäbi Alla ol günde Pyrguny gark etdi we ad bilen semut kowmuny heläk etdi. Sogap gün hajatlaryň islenilýän we soltanlaryň kabulhanasyna barylýan gündür. Sebäbi Ybraýym alaýhyssalam  ol günde hökümdaryň ýanyna bardy, öz hajatlaryny isledi, ol hem oňa hormat goýdy we oňa aýaly Hajar sowgat berildi. Anna gün sawçylyk we nika günüdir. Sebäbi nikalar bu günde gyýylýar».

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam bir gezek sahabalara ýüzlenip: «Size jennetiň sagatlaryndan bir sagady habar bermegimi isleýärsiňizmi? Ol sagatda kölegeler uzalýar, rysgallar paýlanýar, rehmet giňelýär, dogalar kabul bolýar» diýipdir.

Oňa:

— Hawa, ýa, Resulalla — diýip jogap beripdirler.

Ol:

— Ol wagt daň atandan tä gün dogýança bolan aralykdyr — diýipdir».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Bir gün Muhammet alaýhyssalam gün dogmazdan ozal uklap ýatan Äşäni yralap, oňa: «Rebbiň rysgalyny gazanmak üçin we gapyllardan bolmazlygyň üçin tur, çünki Alla öz bendeleriniň rysgallaryny daň atandan, tä gün dogýança paýlaýandyr» diýdi».

 

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ertir namazyňdan soň, tä gün dogýança özüniň tutuş maşgalasy bilen Allanyň zikrine meşgul bolan kişi, meniň ýanymda Ysmaýyl[6] ogullaryndan bir kişini azat edenden hem has gowudyr».

 

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Nebsim gudrat elinde bolandan ant içýärin, men şeýle bir kişileri bilýärin, olar dünýä üstünde ýöreýän topraklaryndan hem has az üns berýärler. Olaryň gün dogdumy ýa-da batdymy, hiç hili habarlary hem ýok».

 

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Eý, oguljygym! Dünýä özi üçin çalyşýana, çalyşýandyr. Onda heläk bolmazdan, ondan gaç. Walla, men saňa bulary duýdurýaryn we heläkçiligi habardar edýärin».



 

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh