Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 08 October 2016 08:18

wagt,dünýä we ahyret hakynda(4)

 

Sufýan Söwri[1] şeýle diýipdir: «Eger dünýäni tanamakçy bolsaň, dünýä kimiň elinde bolsa şoňa seret».

 

* * *

Omar ibn Zer Hemedany[2] şeýle diýipdir: «Düýn bilen şu gün ikisi dogandyr, olaryň biri seniň ýanyňa geler. Sen ol günde erbetlik edersiň we ol gün erbet ýagdaýda seniň ýanyňdan gider. Soň beýleki dogany seniň ýanyňa geler we saňa: «Doganyma eden erbetlikleriňi maňa etjek ýagşylyklaryň bilen süpürip aýyr. Ýogsam biz saňa erbet şaýat bolarys» diýer».

 

* * *

Muhammet ibn Sewka[3] şeýle diýipdir: «Dünýä bilen ahyretiň mysaly tereziniň iki tarapy ýalydyr, ýagny bir tarapy agralsa, beýlekisi ýeňlär».

 

* * *

Beni Ysraýylly bir hökümdar bir şäher gurdurypdyr. Onuň gurluşygyna uly üns beripdir. Soň şäheriň gapysynda çadyr gurup, nahar taýýarlap, uly hudaýýoly beripdir. Onuň bu şäherinden hiç kim aýp tapmanyr. Diňe üç sany donly kişi gelip:

— Biz seniň bu işiňde iki sany aýyp görýäris — diýipdirler.

Onda ol:

— O nähili aýyp ? — diýip sorapdyr.

Olar:

— Bu şäher weýran bolar we eýesi hem öler — diýipdirler.

Hökümdar olara:

— Bu iki aýby bolmadyk başga öýi siz bilýärsiňizmi? — diýip sorapdyr.

Olar hem:

— Hawa bilýäris, ahyret öýi — diýip jogap beripdirler.

Hökümdar hem olaryň bu sözünden soň tagat-ybadat bilen meşgullanmaga başlapdyr. Birnäçe gün olar bilen bolup, ybadat edipdir. Soň olar bilen hoşlaşypdyr we olar ondan:

— Sen bizde göwnüňe ýaramadyk zat gördüňmi? — diýip sorapdyrlar.

Ol hem:

— Ýok siz maňa öwretdiňiz, maňa hormat goýduňyz. Men özümi tanamaýanlar bilen dostlaşdym, siz maňa dost bolduňyz, maňa dogry ýoly öwretdiňiz we ahyreti tanatdyňyz — diýipdir.

 

* * *

Ibn Semmak şeýle diýipdir: «Dünýä kimi özüne meýil etdirmek üçin lezzetinden dadyrsa, ahyret hem dünýäniň ajylygyny ondan uzaklaşdyrmak üçin dadyrar».

 

* * *

 

Mujahyt[4] şeýle diýipdir: «Dünýäniň ähli günleri: «Elhamdulillä (Alla öwgi bolsun), ol meni dünýäden we dünýädäkilerden rahat etdi» diýmän gidýän däldir. Soň Allatagala ol güni ýygnar we ol gün hiç haçan yzyna gelmez».

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Eger ymmatym dünýä meýil etmäge niýetlense, onuň kalbyndan yslama hormat gider».

 

* * *

Fuzeýl[5] şeýle diýipdir: «Eger dünýä tutuşlygyna maňa halal diýip berilse we kyýamatda ondan sorag ýok diýilse hem, siziň biriňiziň maslygyň ýanyndan geçeniňizde, «ysy üstüme siňäýmesin» diýip, gaçyşyžyz ýaly men hem ony ýigrenip, gaçaryn».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Dünýä kyýamat gününde bezenip, bütin gözelligi bilen ýöräp geler. Ol:

—                Eý, Rebbim! Meni öz bendeleriň içinden iň ýagşylaryna öý et! — diýer.

Allatagala bolsa oňa:

— Seniň olara öý bolmagyňa razy däldirin. Sebäbi sen hiç zatsyň. Ýok bol! Dyr-pytrak bol! — diýer».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Eger dünýä seniň eliňde bolsa we saňa: «Ony taşla, seniň guburyň giňär» diýilse, sen etmezmiň? Ýa-da saňa: «Ony taşlasaň kyýamat gününde suwsuzlygyňy gandyrarsyň» diýilse, sen etmezmiň?»

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Ähli haýyr işler bir öýdedir. Onuň açary takwalykdyr. Hemme şerler hem bir öýdedir, onuň açary dünýäni söýmekdedir».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Dünýäni saz-söhbet we surnaý bilen islemek, dünýäni din bilen islemekden has gowudyr».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Ynsanyň dünýäni dünýädäki iň erbet zatlar bilen islemegi, ahyreti islenilýän zatlaryň iň gowusy bilen islemeginden has gowudyr».

 

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Allatagala dünýä şeýle diýipdir: «Eý, dünýä meniň mömin bendäm üçin ajy bol. Oňa süýji bolma».

 

* * *

Abyt (ybadathon) şeýle diýipdir: «Men gaýgy-gamlara, hata we günä işlere gynanmaýaryn. Men uklap geçiren gijelerime, oraza tutmadyk günlerime we Allanyň zikrini etmän geçiren wagtlaryma gynanýaryn».

 

* * *

          Ybraýym Edhem[6] şeýle diýipdir: «Kalbyňy dünýäni agzamakdan boşatsaň, kalbyň hem saňa öz razylygyny bütinleý berer».

 

* * *

Çarwa arap aýal kowmuna şeýle diýipdir: «Allatagala gowuşjakdygyňyza şatlanyň. Sebäbi bu günler bizi ýuwaş-ýuwaşdan oňa golaýlaşdyrýar (ýagny gün geçdikçe ölüm ýakynlaşýar)».

 

* * *

 

Mustewrit[7] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Dünýä ahyretiň ýanynda, siziň biriňiziň barmagyňyzy umman deňze batyranda galýan zat ýalydyr».

 

* * *

Abul Atahyýa[8] şeýle diýipdir:

 

Irden turdum, meniň sussum örän pes,

Bu ýollara çäre barmy, eý näkes?

 

Dünýä meni oýunjak dek oýnaýar,

Deňiz gark bolany şeýtmän goýmaýar.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dünýäni dost tutan göýä suwy goşawuçlap tutan ýalydyr. Barmaklary hem oňa hyýanat edip, suwy syzdyryp çykararlar».



 

 

 

.

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh