Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 30 September 2016 20:04

wagt,dünýä we ahyret hakynda(3)

wagt,dünýä we ahyret hakynda(3)

 

 

 

Dünýäniň we ahyretiň mysaly iki aýally adam ýalydyr. Eger biri razy bolsa, beýlekisi öýkeleýändir.

 

* * *

Mesih Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Men dünýäni bütinleý taşladym. Şonuň üçin meniň öler ýaly maşgalam ýok, ýykylar ýaly öýüm ýok».

 

* * *

Wehb ibn Munebbih şeýle diýipdir: «Dünýä akylly üçin oljadyr, akmak üçin gaýgy-hasratdyr».

 

* * *

Ýahýa ibn Mugaz[1] şeýle diýipdir: «Dünýä şeýtanyň dükanydyr, onuň dükanyndan hiç zat ogurlama, soň ony gelip senden alyp gider. Dünýä weýrançylyk öýüdir, kim ony timarlajak bolsa, onuň kalby weýran bolar. Ahyret abatlyk öýüdir. Kim ony islese, kalby abat bolar».

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Siziň dünýä üçin ahyreti terk etmegiňizde ýa-da ahyret üçin dünýäni terk etmegiňizde haýyr ýokdur. Siziň üçin haýyrlysy ikisinden hem peýdalanmakdyr».

 

* * *

Aly ibn Hüseýin Sejjady[2] şeýle diýipdir: «Dünýä ukudadyr, ahyret bolsa oýadyr. Biz bolsa olaryň ikisiniň arasyny birleşdirijidiris».

 

* * *

Hasan Basry köplenç Nehşel ibn Harysyň[3] sözlerinden mysal getirer eken. Bu beýt hem şolaryň biridir:

 

Dünýä baky diri däldir ýaşaýan üçin,

Dünýä baky däldir hem zaman üçin.

 

* * *

Muhammet ibn Wasygdan[4]:

— Sen hiç zatsyz ýaşamaga razy bolarsyňmy? — diýip sorapdyrlar.

Ol hem:

— Hiç zatsyz ýaşamaga razy bolan adam, dünýäden razy bolan adamdyr — diýipdir.

 

* * *

Farkat[5] şeýle diýipdir: «Dünýäni eneke hökmünde, ahyreti bolsa ene hökmünde görüň. Siz çaganyň ulalyp, akly goýalyp başlanda enekesini taşlap, hakyky enesine ýönelýändigini görmeýärsiňizmi?».

 

* * *

Herem ibn Hybban[6] şeýle diýipdir: «Akylly adam dünýäni ahyretden öňe tutmaz, jomart adam Allanyň öňünde günä iş etmez».

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Ganhor hem dindara galkandyr gije,

Maksatlary üçin, güýç goşýan güýje.           

 

* * *

Ýezit Rakkaşy[7] şeýle diýipdir: «Siziň günleriňiz üçdür. Doglan günüňiz, gubura giren günüňiz, Rebbiňiziň huzuryna çykan günüňiz. Munuň iň gysga gününden, ýagny eneden bolup tä gubura girýänçäňiz bolan aralykdan, habardar boluň. Iki uzyn gün onuň şol wagt aralygynda edilen işlere görä kesgitlener».

 

* * *

Rabyganyň[8] ýanyna zahytlardan[9] we fakyhlardan[10] birnäçe kişi ýygnanypdyr. Olar dünýäniň panydygy barada gürrüň edipdirler. Rabyga bolsa sesini çykarman, olary diňläp oturypdyr. Olar gürrüňlerini tamamlanlaryndan soň, olara garap: «Kim-de kim bir zady halasa, şonuň gürrüňüni köp edýändir. Ony ýa öwer, ýa-da ýamanlar. Eger siziň kalbyňyzda dünýäden zerreçe zat ýok bolsady, ol barada hiç zat agzamazdyňyz!» diýipdir.

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Dünýä bolsa eger kimleriň dini,

Gorkmaz ondan, ýokdur oňa zyýany.

 

* * *

Zubeýt Ýamy[11], Alkama[12] we başga-da birnäçe zahytlar Nowruz we Mihrijan günleri gelende metjide girip, ygtykafda[13] oturar ekenler. Olar: «Eý, Allam! Eger kapyrlar bu günlerde küpür we jahyllyk içinde ygtykafda oturýan bolsalar, biz imanymyz üçin ygtykafda oturýarys. Biziň günälerimizi bagyşla!» diýip, dileg eder ekenler.

 

* * *

Abu Hanypanyň[14] atasy Nugman Merzuban[15] nowruz güni Hezreti Ala faluzeç[16] getirip beripdir. Hezreti Aly hem oňa: «Biziň nowruzymyz her gün» diýipdir.

Başga bir rowaýatda bolsa, mihrijan güni faluzeç getirdi diýilýär. Ol hem: «Biziň mihrijanymyz her gün» diýipdir.

 

* * *

Dawut Taýy[17] şeýle diýipdir: «Gije bilen gündiz ynsanlaryň bir düşelgeden başga bir düşelgä düşleýän düşelgesidir. Bu düşelge tä, olaryň saparlary gutarýança dowam edýär. Eger sen her düşelgä azykly we özüň üçin bähbitli gelmek isleýän bolsaň, onda seniň etmeli işiň, munuň üçin howlukmalysyň. Sebäbi sapar ýakyn wagtda kesiler. Sen bu işi başararsyň».

 

* * *

Dawut Taýy şeýle diýipdir: «Diniň üçin dünýä galyň töleme. Kim dini üçin dünýä galyň tölese, onuň dini puşman edip, oňa öýlener».

 

* * *

Bir adam Dawut Taýydan atyjylygy öwrenmekçi bolýandygyny aýdypdyr. Dawut hem oňa: «Atyjylyk gowudyr, ýöne sen öz döwrüňe seret, näme bilen meşgullanýarlar, ana, şony öwren» diýipdir.



 

 

 

.

.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh