Print this page
Thursday, 29 September 2016 09:57

wagt,dünýä we ahyret hakynda(2)

wagt,dünýä we ahyret hakynda(2)

 

Terkidünýä şeýle diýipdir: «Dünýäparaz garypdyr. Ol ony zeýrenip ýygnaýar we nägile bolup iýýär».

 

* * *

Hasan Basry bir adamdan:

—   Seniň dünýä bolan islegiň nähili? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

­­— Örän güýçli — diýip jogap beripdir.

Onda Hasan Basry:

—    Ondan isleýän zadyňa ýetdiňmi? — diýip sorapdyr.

Ol:

—     Ýok — diýipdir.

Onda Hasan Basry:

— Sen ondan isleýän zadyňa ýetmedik bolsaň, ondan islemeýän zadyň nähili bolar? — diýipdir.

 

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Zamananyň iň gowusy köňlümiň hoşnutlyk tapanydyr».

 

* * *

Wehb ibn Munebbih[1] şeýle diýipdir: — Atly aýlanyp ýörkäm, şeýle bir ses eşidildi:

 

Eý, ynsanlar! Ägä boluň, bir düşelge bu dünýä,

Islegini bitirip, göçüp, kepenläp münýär.

 

* * *

Akyldardan:

— Dünýäniň mysaly nämä meňzeýär? — diýip sorapdyrlar.

Onda akyldar:

— Dünýä özüniň mysaly bolmakdan has pesdir — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Bir şahyr şeýle diýipdir:

 

Gije uzyn, ýöremeýär ýyldyzlar,

Ýa-da azaşdymy, ýitirip ýoly.

Olar bu gijede syr bolup galdy,

Meniň üçin olar azaşan ýaly.

 

Başga biri oňa şeýle jogaby beripdir:

 

Gije-hä uzalmady, ýyldyzlaň şol bir ýoly.

Aşyga gije uzyn, olar öňküsi ýaly.

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Uzyndyr ýar bilen geçirlen gije,

Pynhan posa bolsa, süýji hem gysga.

 

* * *

Aly ibn Ubeýde[2] şeýle diýipdir: «Zamananyň gözi erbetlikler bilen gyrpyldady, halaýyk hem onuň gözleriniň gabaklarynyň arasynda galdy».

 

* * *

Rahypdan[3]:

— Siziň baýramyňyz haçan? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Haýsy gün Allatagallanyň öňünde günä iş etmesem, şol gün hem maňa baýramdyr — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Zahytdan[4]:

— Allatagalla nämäni iň pes edip ýaratdy? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Eger çybynyň ganaty ýalyjak hem adalatsyzlyk bar bolsa, pany dünýäni — diýipdir.

Soragçy bolsa:

— Eger bu ganatdan köp bolsa, ondan hem has pesdir — diýipdir.

 

* * *

Bir çarwa arap ýylyň başynda sapara çykarman bolupdyr. Ol öz-özüne: «Eger men muharram[5] aýynda sapara çyksam, haramlyga mynasyp iş etdigim bolar. Eger sapar[6] aýynda ýola çyksam, saralaryn öýdüp gorkýaryn» diýip, saparyny rabyg[7] aýyna goýupdyr. Haçanda rabyg aýy gelip sapara çykanda bolsa, syrkawlapdyr we uzak wagtlap keselinden açylmandyr. Ol öz-özüne: «Men rabyg aýy saglyk aýydyr diýip pikir edýärdim, emma ol syrkawçylygyň dörtden biri eken» diýipdir.

 

* * *

Şygyr:

 

Göterenler zamananyň ýükünden,

Akmaklara geçmeginden çekinmez.

 

* * *

Şygyr:

 

Bu gün terbiýeledi meni zamana,

Durmuşy ýeňene peşgeş hamana.

 

* * *

Şygyr:

 

Diýdiler: «Bu ýyl-a sörtükli boldy»,

Bolmaz-a, ähli ýyl ýagyş-ygally.

 

* * *

Şygyr:

 

Ýüzi reňkli zaman dilli degirmen,

Aýlanar ol bir pursatam dek durman.

 

* * *

Abu Zeýt Ensary[8] şeýle diýipdir: «Abu Dukeýşiň[9] ýanyna bardym. Ol syrkaw ýatan eken.

Ondan:

— Dünýäni nähili görýärsiň? — diýip soradym.

Ol:

— Göwün isleýşim ýaly görmeýärin. Erbet zamanda ýaşaýarys. Tapan jomart däl. Jomart hem tapmaýar — diýdi».

 

* * *

Hasan Basrydan:

— Eý, Abu Sagyt, sen Muhammet sallallahy alaýhy we sellemden: «Zamana diňe erbetlige gider. Kyýamat diňe erbetleriň üstüne gopar» diýen hadysy rowaýat etmediňmi? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Hawa, rowaýat etdim — diýip jogap beripdir.

Oňa:

— Omar ibn Abdyleziziň zamany barada näme diýersiň? — diýipdirler.

Ol:

 — Ynsanlara dynç almak hem gerek ahyry![10] — diýipdir.

 

* * *

Jahyz[11] şeýle diýipdir: «Nowruz[12] güni mihrijandan[13] has öňdedir. Sebäbi, nowruz Nuh pygamberiň döwründäki tupandan öň Jem (Jemşit) şanyň döwründe hem bolupdyr. Nowruz güni Yspyhanyň Kis diýen ýerinde uly baýramçylyk edilip başlanypdyr. Kim ol baýramçylyga girse, adamlaryň köplüginden ýaňa ondan çykyp bilmez eken. Mihrijan bolsa Peridun şanyň döwründe ýüze çykypdyr. Ol Zahhakyň[14] Dünýänet (Demawent) dagynda ýüze çykan we baýramçylyk edilip başlan günüdir».

 

* * *

Abussamt[15] halypa Japar Mütewekkil[16] barada şeýle diýipdir:

 

Zamananyň gowusy zamanasy Japaryň,

Biziň üçin mihrijan ol zamanaň her güni.

Her bir kişä aýandyr, kimlerdigi kimleriň,

Ähli zatdan ajaýyp, dilleriň wasp edeni.

 

* * *

Jahza Barmaky[17] şeýle diýipdir:

 

Ketjal dek bolsa-da ýyldyzlar gije,

Onuň uzaklygy baky däl hijem.

Zym-zyýatdyr olar daň atan mahal,

Jomart hem wepala meňzeýär säher.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kimiň aladasy we gaýgysy dünýä bolsa, Allatagalla onuň kalbyndan baýlygy alar. Ony garyp eder. Oňa ýazgytdan özge zat bermez. Kimiň aladasy we gaýgysy ahyret bolsa, Allatagala ony baý eder. Ol islemese-de, dünýäni oňa berer».



 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh