Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 17 September 2016 10:10

DOGRY ÝOLDAKY HALYPALAR (ÇARYÝARLAR)

DOGRY ÝOLDAKY HALYPALAR (ÇARYÝARLAR)

 

 

 Rowaýat etmeklerine görä, Mustapa alaý­hyssalamyň ba­ky­lyk älemine gitmeli wagty bolanda, onuň mübärek teni syr­kawlykdan ýaňa ejir çekýärdi. Bir gün Bilal azan aýd­ýar. Pygamberimiz (s.a.w.) özünde güýç-kuwwat tapman, Bilala: «Bar, Abu Bekre ymam bolma­lydygyny aýt» diýýär.

Bilal Pygamberimiziň permanyny Abu Bekre ýetirýär. Pygamberimiz Hezret Ala we Abdylla ibn Apbasa ýaplanyp, metjide gir­ýär. Abu Bekr öňe geçip, eýýäm bir rekagat namaz okap­dy. Ol serwerimiziň gelendigini aňyp, yza çekiljek bolýar. Emma Pygambe­rimiz onuň arkasynda mübärek elini goýup, oňa uýýar.

Resulalla edil gün kimin Ýasrybyň gün­bataryna tarap gi­densoň, sahabalar Resuldan soň, Abu Bekriň halypa bol­ma­gy­ny biragyz­dan tassyklaýarlar. Olar pygamberimiziň soň­ky ge­zek syrkawlan wagtynda Abu Bekri din sütünleriniň iň esasysy bolan namaza ymam edip belländigine esaslanypdyrlar. Ol ha­ly­palyga hemmelerden mynasyp bolaýmaly diýşipdirler. Şeý­lelikde, möminleriň emi­ri hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýýär: «Resulalla seni bi­ziň dinimiziň iň mö­hüm işi bolan namazda kabul etdi, onsoň biz nädip dünýewi işleri­mizde seniň halypa bolmagyňy kabul et­mäli».

Şeýdip, oňa ylalaşyk goluny beren il­kinji adam hezreti Omar­dy (goý, Allatagala ondan razy bolsun!). Möminleriň emi­ri Hez­ret Aly adamlaryň Abu Bekri halypa saýlan­dyk­laryny eşidip, gyssanmaç gelýär hem-de onuň bilen äht edişýär. Şol ýerde şeýle bir dyknyşyk bolupdyr welin, Sagt Ubada aýak as­ty­na düşüp, depelenmäge az galypdyr. Ol agyr hassady we ýarawsyz halda düşekde ýatyrdy. Şol gün Medinedäkileriň äh­lisi onuň bilen äht edýärler.

Adamlar onuň bilen äht etmek işini gutaransoňlar, mö­min­leriň emiri olara ýüz­lenip, şeýle diýýär: «Eý, doganlar we dost­lar, men bu işi musulmanlaryň arasyndaky gapma-garşy­lyk­lar aýrylsyn diýip kabul etdim. Häzir men hem siziň biri­ňiz­dirin. Eger bu iş gowy ýola düşse, onda siziň hüm­metiňiz we medediňiz bilendir. Eger meniň işim­de ýalňyşlyk gitse, meniň sizden ha­ýy­şym şudur, maňa dogry ýol görkeziň we ýal­ňyşym üçin temmi beriň».

Rowaýatçylaryň bir topary möminleriň emiri Alynyň edil şol gün ähtleşendigini habar berýärler. Emma käbirleri «Ol alty günden soň ähtleşdi» diýýärler. Ýene birnä­çesi bolsa «Alty aý­dan soň» diýýärler. Onuň aç-açan ähtleşendigi barada şübhe ýok. Ala ikiýüzlülik etmek gelişmez. Aly barada şeýle pikir edi­lip bilner diýlip çaklanyl­ma­gyndan hem Hudaý saklasyn. Şeýlelik­de, şu delil bilen pygamberimizden soň hakyky halypa­nyň hezreti Abu Bekrdigi mä­lim boldy.

 

Hekaýat

 

Haçanda Pygamberimiz bakylyk älemine ýerleşip, saha­ba­lar oňa hyzmat etmek bag­tyn­dan mahrum galanda, onuň wepat bolandygy baradaky habar aýan bolmazyndan öň, mömin­leriň emiri hezreti Omar münbere çykyp şeýle diýdi: «Muhammet ölüpdir diýmäň. Her kim Muhammet ölüpdir diýse, men onuň dilini keserin».

Ol bu söz bilen «Muhammet pygamber Allanyň kömegi, sylagy arkaly diri» diý­megi niýet edipdir. Bu şol Allataga­la­nyň: «Allanyň ýolunda wepat bolanlara hergiz öli diýmäň, olar öz Perwerdigärleriniň ýanyn­da]... diýen sözleri ýalydyr. Taba­rynyň «Ta­ry­hynda»: «Muhammet alaýhyssalamy Isany göteriş­leri ýaly asmana göterdiler, ol ýene-de gaýdyp geler» diýilýär. Bu söz batyldyr we ony möminleriň emirine ýöňkemek dogry däldir. Ol ýöne pitne oduny söndürmek üçin, göçme manyda Mu­ham­met ölenok di­ýip­dir.

Möminleriň emiri hezreti Abu Bekr bu sözi eşidip, Mus­ta­panyň otagyna girýär. Pygamberimiz öz mübärek düşeginde ýatan eken. Ol Pygamberimiziň ýemeni donuny çy­karyp, onuň ýaňa­gyndan ogşap aglaýar, soňra ýüzüni ýapýar hem-de derrew metjide barýar. Şol wagt Omar münberde: «Her kim Muham­met öldi diýse, men onuň el-aýaklaryny ke­serin» diýip duran eken. Abu Bekr oňa:

– Eý, Omar, aýdýanyň näme? Bu dünýäde ýaýradyp ýören zadyň näme? – diýýär.

Omar bu sözi eşidip, münberden düşýär. Abu Bekr mün­bere çykýar we betbagtlyk zerar­ly ot çabraýan sözleri bilen hut­ba aýdyp, soňundan bolsa:

– Eý, musul­man­lar, her kim Muhammede ybadat edýän bol­sa, onda Muhammet öldi. Emma her kim Muhammediň Perwerdigärine ybadat edýän bolsa, onda ol hiç wagt ölme­jek­dir we di­ridir. Panylyk tozany onuň beýiklik ça­dyrynyň etegine ýetmez – diýýär. Şeýle diýip, ol şu aýaty okaýar: «Muhammet diňe bir pygam­berdir. Ondan öň hem köp pygamberler geç­di».

Omar:

– Men bu aýaty Abu Bekrden eşidenimde, edil şol wagt eşi­­dendirin öýtdüm we öň hergiz eşitmedik ýaly boldum. Şon­da Abu Bekriň menden artykmaç­dygyny aňdym – diýýär.

Soňra Abu Bekr:

– Eý, mu­sul­manlar, eger iki dünýäniň hem bagtyýar­ly­gy­ny gazanaýyn diýseňiz, onda takwalygy öz şygaryňyz edi­nip, yslam dinini beýige galdyrmak üçin elde baryňyzy ediň – diýýär.

Ol bu sözleri aýdyp münberden düşjek bolanda, hezreti Omar ýerinden turup, onuň bilen ähtleşýär we ony halypa bo­lan­lygy bilen gutlaýar. Şol gün ähli medineliler onuň bilen ähtleşipdirler.

 

Hekaýat

 

Hezreti Mustapa ahyret älemine göç et­me­zinden öň Usa­ma ibn Zeýde leşger hem baýdak berip, Şama gitmegini we öz kakasy­nyň aryny almagyny hem-de ol ülkäni basyp almagy buýurýar. Pygamberimiz ajal düşe­gin­de wagty Usama Medi­ne­den çykypdy, em­ma heniz ugramandy. Abu Bekr halypa bolan­soň, ilki bilen Usamanyň Şama gitmegine rugsat berýär. Saha­ba­lar oňa şeýle diýýär­ler:

– Eý, möminleriň emiri, araplar mür­tet boldular we tabynlyk halkasyndan baş boşatdylar. Bu ýerden Şama çenli ýol uzak. Leşgeri Medineden daşlaşdyrmak dürs däl­dir – diýipdirler.

Şonda Abu Bekr:

– Beýik Allatagala bize ýardyr we ýardamçydyr. Men hez­reti Mustapanyň beren buýru­gy­ny bozup bilmen – diýip, jogap berýär.

Şeýdip, Usamany goşun bilen ugradýar. Usama ugramaz­dan öň möminleriň emiri Abu Bekriň ýanyna hoşlaşmaga gelýär. Mömin­le­riň emiri öýünden çykýar. Onuň atyny ge­tir­ýärler. Ol ata münmän, pyýada ýöreýär. Şol wagt ondan:

– Eý, möminleriň emiri, näme üçin aty­ňa münmeýärsiň? – diýip soraýarlar. Ol:

– Men Hudaýyň ýolunda turan tozan me­niň aýagyma siňsin diýýärin. Sebäbi men hez­reti Mustapanyň: «Her kimiň aýa­gyna Alla ýolunda tozan siňse, Hudaýtagala onuň tenine dowzah oduny haram eder» diýenini eşitdim – diýip, jogap berýär.

 



 

 

 

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh