Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 17 September 2016 10:06

HALYPALARYŇ TARYHY WE OLARYŇ PAZYLATLARYNYŇ BEÝANY

HALYPALARYŇ TARYHY WE OLARYŇ PAZYLATLARYNYŇ BEÝANY

 

 

 

Hekaýatlara başlamazymyzdan ozal şuny bilmek gerek, halypalyk ýa görkezme bilen mö­minleriň emiri Abu Bekr Syd­dy­gyň özün­den soň, möminleriň emiri Omar Hatta­by ha­lypa edip belleýşi ýaly amala aşýar, ýa-da ýaşulularyň we abraýly kişileriň ygtyýary bilen Abu Bekr Syddygyň we hezreti Osma­nyň halypa bolşy ýaly halypa bolýar. Bu sünnileriň garaýşydyr. Kasym Zeýt atly adamdan göz­baş alýan zeýtliler[1] topary bolsa: «Haly­pa­lyk mirasa daýanýar» diýýärler. Bu topar ýene-de: «Py­gamber alaýhyssalamdan soň, halypa­lyk Apbasa ýa-da onuň perzentlerine ýetýär. Sebäbi aga (kakasynyň dogany) mirasa hak­ly­dyr» diýýärler.

Beýle garaýyş sahabalaryň ylalaşy­gy­na ters gelýär. Eger şeýle bolýan bolsa, olar hezreti Abu Bekriň halypa bolmagyna yla­laş­mazdylar.

Rafyzylaryň[2] käbiri şeýle diýýärler: «Ymamlyk ýörite gör­kezme bolmazdan hakyky bolmaýar. Pygamberimiz Hezret Ala: «Menden soň, halypalyk seniň hakyňdyr» diýip wesýet edip­dir» diýip dawa edýärler.

Bu garaýyş hem batyldyr. Sebäbi Py­gamberimiz Hezreti Ala şeýle diýen bolsa, onda halypalyk hukugy onuňky bolup, Abu Bekr ony güýç bilen aldygy bolardy. Mö­min­leriň emiri Hez­ret Aly özüniň şeýle kämil pazylaty, hormaty, ylmy, eder­men­ligi, pygambere garyndaşlygy we oňa dost-ýarlygy bilen Abu Bekriň halypalygyna razy bolup, öz hukugyny terk eden bolsady ýa-da güýç bilen onuň hukugy alnan bolsady, onda ol günäkär bolup, beýle pazylata eýe bolmazdy. Hezret Alynyň garyndaşlary hezreti Abu Bekriňkiden köp bolanlygy we olaryň ynsaply bolandyklary şübhesizdir. Eger möminleriň emiri hezreti Abu Bekre «halypalyk seniň hakyň däl» diýlen bolsady, ol hökman Hezreti Ala tabyn bolmaga razy bolardy.

Rafyzylaryň köpüsi: «Halypalyk miras bilen bolýar. Alydan soň onuň perzentleri halypalyga haklydyrlar» diýýärler. Bu pi­kir ters pikirdir. Sebäbi eger halypalyk miras bilen bolýan bolsady, onda pygam­be­rimizden soň, Apbas halypa bolmalydy. Se­bä­bi ol Pygamberimiziň agasy, Aly pygamberimiziň agasy­nyň ogludyr, ýagny doganoglanydyr. Aga bolsa, doganog­lan­dan ýokar­dadyr. Eger olar: «Hezreti Ala Mus­ta­panyň (s.a.w.) ýörite görkezmesi halypa bolmagyna daýanç bolýar» diýseler, onda mi­ras ýolundan hakly bolan zady ýörite görkezme ber­lenligi sebäpli, öz-özünden aradan aýrylar hem-de miras bilen berkidilýän zat diňe bir sany miras­düşere mahsus däldir. Sebä­bi mirasyň hö­kü­mi hemme mirasdüşerlere deňderejede de­giş­li bolmalydyr. Eger şuňa salgylansaň, onda Hezreti Alynyň per­zent­leriniň her haýsysy halypalyga (ymamlyga) hakly bol­ma­ly­dyr. Bu bolsa dürs bolmaz. Şeýdip, ymamlyk, aýdyşymyz ýaly, ýa ymamyň görkezmesi bilen ýa-da parasatly kişileriň ylalaş­magy bilen belli edilýär. Haryjy­lardan we rafyzylardan bolan bir bölek bedgatçy topar[3] bu barada ýaramaz gürrüňler edip­dir­ler. Adamyň ygtykady dürs bolma­ly­dyr. Biz başdangeçirme ki­tap­laryndan mö­minleriň dinine hormat edilýän we olaryň ab­ra­ýyny saklaýan gürrüňleri saýlap şu ýygyndyda getireris.

Ýene-de bilmeli zat, eger parasatly, ylym­ly adamlar iki adam bilen ähdi-peý­man etseler, onda halypalyk birinji ähtle­şe­niňki bolar we ikinjisi bolsa topalaňçy bolar. Eger ikisi bilen bir wagtda äht et­seler, şonda eger ikisiniň arasynda gapma-gar­şylyk bolsa, olaryň birini beýleki­sin­den ýokary saýyp bolmaz. Şeýlelikde, ola­ryň ikisiniň hem halypalygy batyl bolar. Şonda olaryň birini ýa-da başga bir adamy täzeden halypalyga saý­la­maly bolarlar. Şe­ri­gatyň hökümlerinde munuň görkezmesi şeý­ledir: eger ýetginjek ýaşyna ýetmedik gy­zyň iki hossary bolup, olaryň hersi ony aýry äre berjek bolsalar, onda olaryň ilki ni­ka­laşdyrany dürs bolup, ikinji nika­laş­ma batyldyr. Eger ol iki hos­sar ony iki kişä berip, bir wagtda nikalaşdyran bol­salar[4], iki­siniň hem nikasy batyl bolar. Halypalyk barada hem höküm şeýledir. Alla towpyk berijidir.

 



 

 

[3] Bedgatçy topar – täze ýüze çykan, esassyz delilleri ýapyşalga edinýän topar.

[4] Bu ýerde adaglamak düzgüni göz öňünde tutulýar. Adaglamak gyz ýa-da ýigit entek kämillik ýaşyna ýetmän­kä, hossar­lary tarapyndan nika­laşdyrmak üçin berlen ähtdir.

Add comment


Security code
Refresh