Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 11 September 2016 12:13

GURBAN BAÝRAMY

GURBAN BAÝRAMY

 

 

Gurban baýramy Mekgede inen “Biz hakykatdan hem saňa köwseri berdik. Sen-de

Rebbiň üçin namaz oka we gurbanlyk kes!” (Kewser 108/2) diýen ylahy buýruk

esasynda gurbanlyk kesmäge başlan Resulallah tarapyndan ilkinji gezek hijretiň

birinji ýylynda ähli müminlere baýram hökmünde yglan edilýär, bu günlerde baýram

namazyny okamak we gurbanlyk kesmek wajyp kylynýar.

“Gurban” sözlük manysy taýdan “k-r-b” kökünden işlik hökmünde “ýakynlaşmak”,

at hökmünde bolsa, “hyzmaty bilen soltana ýakynlaşan kişi” diýen manyny berýär.

Diýmek, “gurbanlyk” belli bir haýwany belli wagtda ruhy taýdan Allaha

ýakynlaşmak niýeti bilen kesmekdir.

Hadyslardan birinde: “Allahyň dergähinde günleriň iň haýyrlysy gurban

baýramynyň birinji we ikinji günüdir” diýilýär. Juma gününi-de hepdäniň iň

haýyrly güni diýip hasaplapdyrlar.

Hadyslardan birinde: “Allahyň dergähinde günleriň iň haýyrlysy gurban

baýramynyň birinji we ikinji günüdir” diýilýär. Juma gününi-de hepdäniň iň

haýyrly güni diýip hasaplapdyrlar.

Arefe gününiň (Arefe güni: gurban baýramyndan bir gün öň) ertir namazyndan

başlap, baýramyň dördünji gününiň ikindi namazyna çenli ýigrimi üç wagtlyk parz

namazyň yzyndan, salam berlenden soňra bu tekbiri bir gezek aýtmak wajypdyr.

Jemagat bilen ýa-da ýeke özi namaz okaýan, gurban kesýän ýa-da kesmeýän, ýolagçy

ýa-da däl, aýal-erkek ähli kişi ýokarda agzalan wagtlardaky her parz namazyň

yzyndan teşrik tekbirini (Teşrik tekbiri: Allahu ekber, Allahu ekber, la ilahe

illallahu wallahu ekber. Allahu ekber we lillahil hamd) aýtmalydyr.

“Remezan we Gurban baýramlaryny Lä ilähe illallah, Allahu ekber, Subhanallah

we Elhamdülillahlar bilen bezäň” hadys-y şerifine laýyklykda baýramlarda köpräk

tekbir (Allahu ekber) aýtmak, tesbih (Subhanallah) we tahmid (Elhamdulillah)

sanamak sünnetdir.

Hadyslarda gurban kesmek we Gurban baýramy barada

Pygamberimiz “Haly-ýagdaýy ýerinde bolup (dini ölçeglere görä baý saýylyp),

gurban kesmeýän kişi biziň namazgähimize, mesjidimize golaýlaşmasyn”, “Gurbanlar

eýeleri üçin syrat köprüsinden geçilende ulag bolup hyzmat eder”, “Gurban kesen

malyňyzyň bir bölegini iýiň, bir bölegini paýlaň, bir bölegini-de ýygnap goýuň”

ýaly hadyslary bilen gurban baýramynyň we mätäçlere kömek etmegiň ähmiýetini

beýan edipdir.

Gurbanlygy baýramyň birinji gününde kesmek has ýerliklidir. Mukym (ýolagçy

bolmadyk), musulman we dini ölçege görä baý hasaplanýan kişä gurban kesmeklik

wajypdyr. Gurban kesmek işi baýram namazyndan soň başlanyp, baýramyň üçünji

gününe çenli dowam edýär.

Bu amalda takwa esasy zat bolup, aýatda “Olaryň ne etleri, ne-de ganlary

Allaha ulaşar. Oňa ulaşjak ýeke zat kalplaryňyzdaky takwadyr, Allaha bolan

söýgüdir” diýilýär.

Özüni tanamaga, özüniň ýaradylyş maksadyna göz ýetirmäge çalyşýan we ynsany

Allaha eltýän ýollaryň, amallaryň gözleginde bolan müminler üç aýlar, baýramlar

we beýleki mübärek gün we gijeler ýaly Allahyň razylygyny gazandyrjak belli

wagtlary haýyrly amallary, ybadat-u tagatlary bilen bereketlendirip, ýürekden

tobalary, yhlasly namazlary we ybadatlary bilen Hak gatynda beýgelendirler...

Gurbanlyk

Gurban kesmek, maddy hal-ýagdaýy ýerinde bolanlar üçin wajypdyr. Mümkinçiligi

bolmadyklar üçin beýle jogapkärçiligiň ýokdugy öz-özünden düşnüklidir.

Pygamberimiz bir gezek Gurban baýramynda Äşe enemizden gurban etini nähili

paýlandygyny soraýar. Hezreti Äşe (r.a.):

– Gurban etiniň ählisini paýladyk, bize bir butdan başga zat galmady – diýip

jogap berýär.

Söýgüli Pygamberimiz muny eşidip, şeýle diýýär:

– Äşe, bir butdan başgasy tutuşlygyna bize galdy diýsene!

Hawa, şeýle diýýär söýgüli Pygamberimiz. Äşe enemiz bolsa, bir butdan başga

etiň ählisini paýlandyklaryny aýdýar. Pygamberimiz-de muny eşidip begenýär.

Sebäbi mätäçlere berlen gurban etiniň sogap depderinde hasaba alynjakdygy üçin,

magşarda bereniň ýanynda bolar. Paýlanylmadyk bölegi bolsa, amal depderinde

bellige alynmaz.

Diýmek, gurban etiniň näçeräk bölegi töwerege paýlansa, mätäçlere berilse,

şonça-da haýyrlydyr. Çünki, ahyretde ynsanyň ýanynda berenleri hemra bolar, öz

iýenleri däl! Bu nukdaýnazardan, gurbanlyk malyň puluny berip ýa-da özleri alyp

berip gurbanlygyny garyp-gasarlara, mätäçlik çekýän okuwçylara bagyşlanlar

gurbanlygy tutuşlygyna öz ýanlaryna aldy diýlip hasaplanyp bilner. Çünki bu

ýagdaýda, gurbanlyk eýesi ony eti-derisi bilen tutuşlygyna berýär we hiç zadyny

özüne almaýar.

Gurban kesmegiň hikmetleri

Her ybadat Allanyň buýrugy bolandygy üçin berjaý edilýär. Allanyň emridigi

üçin amal edilýän her ybadatda bize mälim ýa-da nämälim birnäçe hikmet bardyr.

Gurban ybadatyny amal eden ynsan özüniň Allanyň emirlerine bolan baglylygyny

pugtalandyrar, şükür borjuny berjaý etmäge çalşar. Gurban onuň Rebbine

ýakynlaşmagyna sebäp bolar.

Gurbanlyk kesmegiň jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly hem birnäçe

hikmeti bardyr. Gurbanlyk jemgyýetde doganlyk, arkalaşyk, pidagärlik we

ýardamlaşmak duýgularyny kämilleşdirýär. Dürli derejelerdäki adamlaryň

biri-biriniň hal-ýagdaýyna düşünip, has ýakynlaşmaklaryna sebäp bolýar.

Gurbanlyk baýa malyndan Allanyň razylygyny gazanmak üçin mätäçlere bermegi

öwredýär, arkalaşmagyň ruhy lezzetini onuň wyždanynda duýurýar. Şunlukda, ony

husytlyk hassalygyndan, harsydünýälikden halas edýär. Gurbanlyk, garyplaryň hem

şükürlerini artdyrýar. Garybyň gözüniň baýyň malynda bolmagynyň, baýlara

duşmançylykly nazar bilen garamagynyň öňüni alýar, oňa jemgyýetde özüne hem

hormat goýulýandygyny, zerurlyklaryna we mätäçliklerine biperwaý

garalmaýandygyny duýdurýar.

Gurban kesmegiň sogaby barada soran bir sahaba söýgüli Pygamberimiz:

“Gurbanyň her bir gyly üçin bir sogap bardyr” diýip jogap berýär. Allanyň

razylygy üçin kesilen gurbanlyk ahyretde geçilmesi kyn bolan syrat köprüsinde

eýesi üçin ulag boljakdyr. Pygamberimiz bu barada şeýle diýýär: “Gurbanlyk üçin

malyň oňadyny saýlaň, çünki ol syrat köprüsinde siziň ulagyňyz boljakdyr.”

Gurbanyň ýene-de bir topar hikmetleri bardyr. Emma, şuny asla unutmaly

däldiris: ybadatlar Allanyň emridigi üçin, her dürli peýda we hikmetlerinden has

möhümi, Allanyň razylygyny gazanmak niýeti bilen amal edilmelidir. Bu

nukdaýnazardan, gurban hem her dürli şahsy, jemgyýetçilik peýdalary bilen bir

hatarda, Allanyň razylygyny gazanmak maksady bilen berjaý edilmeli ybadatdyr.

Kurany-Kerimde bu barada şeýle diýilýär: “Şuny unutmaň, ne olaryň

(gurbanlyklaryň) etleri, ne-de ganlary asla Allaha baryp ýetjek däldir. Emma Oňa

ulaşjak ýeke-täk zat, kalbyňyzdaky takwadyr, Allaha bolan hormatdyr.” (Haj
suresi, 37.)

Add comment


Security code
Refresh