Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 01 September 2016 15:53

PARZY KIFAÝA BOLAN YLMYŇ BEÝANY(4)

PARZY KIFAÝA BOLAN YLMYŇ BEÝANY(4)

 

                                                                                                                                              Indi, biz öten fakyhlaryň ömürbeýanlary baradaky söhbe­ti­mize geçeliň. Sen mezhepbaşy fakyhlaryň yzyndan ýöränleriň olara nähili zulumlary ‎edendiklerini we kyýamat güni iň uly duşmanlarynyň olardygyna göz ýetirersiň. Çünki, bu fakyhlar ylmy Taňry razylygyndan başga zat üçin ulanmaklygy maksat edinmediler. Biz olaryň ahwallary barada «Ahyret alymlarynyň alamatlary» diýen bapda söz açarys. Olar diňe fykh ylmyna berilmän, eýsem kalplar ylmyna hem meşgul boldular we ömür­lerini ylymlaryny öwretmeklige we kitap ýazmaklyga sarp etdiler. Bu fakyhlar pitwa ylmynda garaşsyz alymlardy. Biz aşakda Şapygy, Mälik, Ahmet ibn Hanbal, Abu Hanypa we Suf­ýan Söwri (goý, Taňry olaryň hemmesine rehimdarlyk et­sin!) barada yslamyň fakyhlarynyň aýdan sözlerini getirýäris. Olaryň her biri ybadathon, takwa, ahyret ylymlaryny ökde bil­ýän we adamlaryň dünýewi we ahyret bähbitlerini goraýan fa­kyh alymlardy.

Ymam Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) gijäni üçe bölüp, onuň üçden bir bölegini ylym üçin, üçden bir bö­le­gini ybadat üçin we üçden bir bölegini uka sarp ederdi. Rabyg şeýle aýtdy: «Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) ora­za aýynda Gurhany altmyş gezek namazda hatm ederdi. Onuň talyplaryndan bolan Buwaýty hem ussadyna öýkünip, oraza aýyn­da her gün Gurhany hatym ederdi» Hasan Karabisi: «Men Şapygynyň ýanynda birnäçe gije ýatdym. Ol gijäniň üçden biri­ni namaz okap geçirýärdi we her rekagatda elliden ýüze çenli aýat okaýardy. Özi hem rehmet aýatlary gabat gelende Allata­ga­ladan hemme musulmanlar üçin rehmet soraýardy, azap aýatlary gabat gelende Taňrydan azapdan halas etmegini di­lär­di» diýdi. Onda howpda we umytda bolmak gylyklary jemle­nen­di. Elli aýat bilen çäklenmegi onuň aýatlarynyň syrlaryna çüm­megine we syrlar barada oýlanmagyna delildir. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle aýtdy: «Men on ýyl­dan bäri doýagarna tagam iýmedim. Çünki, doýmak göwräni agraldýar, kalby doňýürek edýär, aňy gidirýär, ukyny getirýär, ybadata gowuşgynsyzlyk döredýär» diýdi. Onuň dokluk bara­da­ky paýhasy hakynda we ybadata yhlasly ýapyşyşy dog­ru­syn­da oýlanyp gör. Ol doklukdan ybadat üçin saklandy. Çünki, yba­datyň başy-tagamy az iýmekdir. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle aýtdy: «Men Taňrynyň ady bilen ýa­lan­dan hem, çyndan hem ant içmedim». Gör, onuň Taňra sy­lag-hormaty nähili eken! Munuň özi onuň Beýik Taňryny içgin tanaýanlygynyň alamatydyr. Şapygydan (goý, Taňry ondan razy bolsun!) bir mesele barada soralypdyr. Ol bir salym dy­myp durupdyr. Oňa: «Eýsem sen sowala jogap bermejekmi?» di­ýip­dirler. Ol: «Men dymmaklygyň ýa-da jogap bermekligiň haýsynyň artykmaçdygyny düşünýänçäm dymmaklygy saýlap adym» diýipdir. Gör, onuň diline ygtyýar edişi nähili eken! Çünki, dil fakyhlarda iň bir musallat getiriji agzadyr. Şonuň üçin ol dilini saklap, ondan üstün gelýär we diňe anyk jogap­la­ry berýär. Bu ymam artykmaç sözi sözlemeýärdi. Ahmet ibn Ýah­ýa ibn Wezir şeýle aýtdy: «Şapygy (goý, Taňry oňa rehim­dar­lyk etsin!) bir gün çyra bazaryna çykdy. Biz onuň bilen bile barýardyk. Ylym ählinden bolan bir kişi bir adama paýyş söz­le­ri aýdýardy. Şapygy bize tarap öwrülip: «Siz beýle sözleri aýt­mak­dan diliňizi saklaýşyňyz ýaly, gulagyňyzy hem diňle­mek­den saklaň. Çünki, diňleýji aýdyjy bilen şärikdir. Akmak öz ga­bynda hapa zady görüp, ony siziň gabyňyza boşatmak isle­ýär. Erbetleriň sözlerini diňleýänleriň günäkär boluşlary ýaly, diňlemän ret ‎edýänler hem bagtlylyga ýeterler» diýdi. Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şeýle aýtdy: «Bir dana beýleki bir dana şeýle hat ýazdy: «Maňa ylymdan paý berildi. Sen yl­myňy günä garaňkylygyna bulama! Ýogsa sen ylym ähliniň ylymlarynyň nury bilen ýörejek gününde (ýagny, kyýamat gü­nünde) garaňkylykda galarsyň». Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!) ‎ýene şeýle aýtdy: «Alla söýgüsi bilen dünýä söý­gü­sini kalbymda bir ýerde jemlärin diýip öňe sürýän adam ýalançydyr». Humeýdi şeýle aýtdy: «Şapygy (goý, Taňry oňa re­himdarlyk etsin!) hökümdarlaryň biri bilen Ýemene gitdi, ol ýerden on müň dirhem bilen Mekgä bardy. Onuň üçin Mek­ge­den çykylýan ýerde çadyr dikdiler. Onuň ýanyna çar tarapdan adamlar gelip başlady. Ol ýanyndaky ähli pullary paýlap, ol ýerden çykyp gitdi. Bir gezek hammama girip çykanda, ham­mam­ça köp pul berdi. Ýene bir gezek onuň gamçysy elinden gaçyp, ýere düşdi. Bir adam gamçyny ýerden galdyryp, oňa ber­di. Ol onuň bu hyzmatynyň haky üçin oňa elli dinar berdi». Şa­pygynyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) sahylygy uçursyz zordy.

Sahylyk-takwalygyň başydyr. Çünki, ol gowy görýän za­dyň­dan özüňi saklamakdyr. Sahylyk bar bolsa, mal senden aýrylmaz. Takwalyk dünýäni özüňden pes tutmakdyr. Onuň tak­walygynyň güýçlüdigine, Taňrydan gorkusynyň zordugyna we ahyret aladasyna gujur bilen ýapyşandygyna şu rowaýat delildir.

Bir gün Sufýan ibn Uýaýna[1] çuň manyly bir hadysy ro­wa­ýat edende, Şapygy muňa çydaman, özünden gitdi. Sufýana: «Ol öldi» diýdiler. Ol: «Zamananyň ýagşy adamsy ölüpdir» diý­di. Abdylla ibn Muhammet Balawydan şeýle söz aýdylýar: «Men we Omar ibn Nebata ikimiz oturyp, ybadathonlar we takwalar barada söhbet etdik. Omar: «Men Muhammet ibn Id­ris Şapygydan (goý, Taňry ondan razy bolsun!) takwarak hem dilewarrak adamy görmedim» diýdi. Bir gün men, ol we Harys ibn Lubeýt üçümiz Sapa gitdik. Harys – Salyh Murrynyň[2] ýag­şy şägirtleriniň biridi. Ol Gurhan açyp, okap başlady. Onuň sesi gulaga ýakymlydy. Ol şu aýaty okady: «Bu gün (kapyrlaryň) gep­lemeýän we olara geplemäge rugsat berilmeýän gündir. Olar ötünç sorarlar».[3] Men Şapygynyň (goý, Taňry oňa rehim­dar­lyk etsin!) bu aýaty diňläp, reňkiniň üýtgändigini, göwresi­niň titräp başlandygyny, güýçli tolgunma düşendigini, özüni ýitirendigini gördüm. Ol özüne gelensoň: «Eý, Taňrym! Özüň meni kezzaplaryň makamyna düşmekden we gapyllyk belasyn­dan saklawer! Eý, Taňrym! Aryplaryň kalplary Seniň erkiňe ta­byn­dyr. Eý, Taňrym! Jomartlyk mülküňden maňa sahylyk ül­şüni eçil! Aýyp ýapmak hazynaňdan hormata mynasyp bolmak nesibäni ber! Etmişimi jemalyň keremi bilen geçir!» diýdi. Soň­ra biz Harys bilen ýolumyzy dowam etdirip, Bagdada geldik. Görsem ymam Şapygy hem ol ýerde ‎eken. Men bir gün Dejle derýasynyň kenarynda oturyp, täret almaga başladym. Meniň ýanyma bir adam gelip: «Eý, oglan! Täretiňi ýagşy alsaň, Taňry saňa dünýäde we ahyretde ýagşylyk eder» diýdi. Men öwrülip garasam, bir topar jemagat bir alymyň yzyna düşüp barýar. Täretimi tamamlap, onuň ýanyna bardym. Ol ma­ňa ýüzlenip: «Seniň menden hajatyň barmy?» diýdi. Men: «Hawa Allatagalanyň özüňe öwreden ylmyndan maňa bir zat öwret» diýdim. Ol: «Kim Taňra yhlasly bolsa, ol halaslyk ta­par. Kim şu gün dinine mähriban bolup, takwalyk etse, ertir onuň gözleri sogap görmek bilen şatlanar. Saňa ýene bir zat aýdaýynmy?» diýdi. Men: «Hawa» diýdim. Ol: «Imanyňy emri magrup,[4] nehi münker[5] we Taňrynyň emrini berjaý etmek bilen kämil et. Ýene bir zat aýdaýynmy?» diýdi. Men: «Hawa» diý­dim. Ol: «Dünýäde takwa bol, ahyretde sogap umyt edýän bol, hemme işleriňi Taňry üçin yhlasly et. Şonda sen halas bo­lu­jylaryň toparyndan bolarsyň» diýdi. Soňra ol gitdi. Men: «Ol kim?» diýdim. Adamlar: «Ol Şapygy» diýdiler. Gör, ol nähili wagyz edýär eken! Munuň özi onuň takwalygyna, Taňrydan howpunyň çäksizdigine delildir. Beýle howp we takwalyk diňe Taňryny tanan adamlarda bolýar. «Elbetde, Taňrydan Onuň alym bendeleri gorkýandyr»[6] Şapygy (goý, oňa Taňry rehim­dar­lyk etsin!) Gurhandan we hadyslardan gelip çykýan ylym­lary ýagşy bilendigi sebäpli beýle howpa we takwalyga eýedi. Çünki, Gurhanda we hadyslarda öňdäkileriň we soňdakylaryň pähim-paýhaslary bardyr.

Şapygynyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) kalbyň syr­la­ry­nyň we ahyret ylymlarynyň alymydygyny ondan miras galan paýhaslardan bilmek mümkin. Ondan bir gezek ryýa[7] barada soraldy. Ol muňa: «Ryýa – alymlaryň kalp gözleriniň öňüne haý‏-höwesiniň ornaşdyran bir pitnesidir. Alymlar nebisleriniň arzuwyna tabyn bolup, oňa meýil ‎etseler, amallary zaýa eder­ler» diýip jogap berdi. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk et­sin!) ýene: «Sen şöhratparaz bolmakdan gorkýan bolsaň, onda ne mukdar sogap isleýändigiň, haýsy azapdan gorkýandygyň, nähili geçirimlilige şükür edýändigiň, nähili belanyň özüňi how­sala salýandygy barada oýlan. Eger sen bu zatlaryň biri barada pikir ýöretseň, onda amalyň saňa kiçi bolup görner» diýdi. Gör, ol ryýanyň we şöhratparazlygyň hakykatyna nähili kesgitnama berýär. Bu zatlaryň ikisi hem kalbyň uly apat­la­ryn­dan­dyr.

Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Kim özüni ha­ram­dan saklamasa, ylmy oňa peýda bermez» diýdi. Ol ýene: «Kim ylmy bilen Taňrynyň erkine tabyn bolsa, ol Taňrynyň syr­lar hazynasyndan peýdalanar» diýdi. Abdylkadyr ibn Ab­dyl­eziz şeýle aýtdy: «Ol ýagşy hem takwa adamdy. Men ondan takwalygyň meseleleri barada sorardym». Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Sabyrly bolan adam derejä ýeter. Derejä diňe kynçylyk çekmäge sabyr etmek bilen ýetilýär. Eýse, sen Beýik Taňrynyň Ybraýym alaýhyssalamy, Süleýman alaýhys­sa­lamy, Musa alaýhyssalamy, Isa alaýhyssalamy synagdan ge­çirip, dereje eýesi edendigini bilmeýärsiňmi? Derejä ýetmek hallaryň ýagşysydyr. Beýik Taňry: «Biz Ýusuby kynçylyklar görkezmek bilen derejä ýetirdik»[8] diýdi. Eýýup alaýhyssalam kynçylyk-muşakgat çekmekden soňra derejä ýetdi. Bu jähetden Allatagala: «Biz oňa ili-maşgalasyny we olar bilen goşup, ýene şolaryň sanyça bala-çagalary bagyş etdik»[9] diýdi.

Şapygynyň (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) beýle söz­leri onuň Gurhanyň syrlaryna içgin aralaşandygynyň we py­gam­berleriň hem welileriň makamlaryna ýetendiginiň delilidir. Bu zatlaryň hemmesi ahyret ylymlaryndandyr.

Şapygydan (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Adam ha­çan alym bolar?» diýip soraldy. Ol bu sowala: «Okan her bir zadyna gowy düşenenden soň beýlekisine geçmek we ol ýer­dä­ki kemçilikleriniň öwezini dolmak arkaly alym bolar» diýdi. Ja­li­niusa (Galene): «Sen bir dert üçin köp dürli derman ulan­magy buýurýarsyň» diýildi. Ol: «Aslynda derdiň dermany bir­dir. Ýöne şol dermanlaryň biriniň beýleki bir dermanlara go­şul­magy, ol dermanyň zyýanly täsirlerini azaltmak üçindir. Ýene derman kämahal güýç bilen ters täsir ‎edip, hassany öldürip biler. Ýöne beýleki dermanlar onuň güýjüni azaldar we onuň di­ňe şypa beriji häsiýeti galar» diýdi.

Şapygynyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) Taňrynyň ýe­ke-täkligini bilmekde derejesiniň beýikligine delil bolýan my­sal­lar köpdür. Emma onuň fykh ylmyna bolan erk-isleginiň güýçlüdiginiň we Taňrynyň razylygy üçin paýhas nazaryýeti­niň giňliginiň delili hökmünde şeýle söz rowaýat edilýär: «Syr­kaw ýatyrka özüni soramaga gelen Rabyga: «Meniň maksadym maňa degişli ‎edilmezden bilýän zatlarymy adamlara ýetirmek­di» diýipdir. Gör, onuň kalby Taňrynyň razylygyndan başga ni­ýete düşmekden nähili derejede päk eken! Abu Söwr (goý, Taň­ry oňa rehimdarlyk etsin!): «Men Şapygy ýaly alymy asla görmedim. Onuň ýaly alymy gören adama hem duşmadym» diýýär. Ahmet ibn Hanbal (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Men dört ýyldan bäri okan namazlarymda Şapyga ýagşy dileg edýärin» diýdi. Gör, dileg edijiniň oňa hormaty nähili eken, dileg edilýän derejesi nähili eken! Oňa dileg eden alymlar her asyrda köpdür. Ogly Ahmet ibn Hanbala: «Şapygy nähili adam­dy? Näme sebäpden oňa doga-dileg edýärsiň?» diýip so­wal berdi. Ahmet ibn Hanbal: «Eý, oglum! Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) dünýäniň ýanynda gün ýalydy. Adamlara garanyňda saglyk ýalydy» diýip jogap berdi. Ahmet ibn Hanbal: «Eli syýa çüýşäni tutan her bir adamyň Şapygy ýaly mertebesi bardyr» diýdi. Ýahýa ibn Sagyt Kattan:[10] «Kyrk ýyldan bäri her bir okan namazymda ylma we dogry ýola sa­lan­dygy üçin Şapyga bagyş ‎edip doga-dileg edýärin» diýdi. Şonuň üçin Taňry Kattana ylymlaryň gapylaryny giňden açdy.

Biz onuň ahwaly barada şu mysallary getirmek bilen çäklenýäris. Çünki, beýle mysallar köpdür. Biz bu mysallary şyh Nasr ibn Ybraýym Makdisiniň (goý, Taňry oňa rehim­dar­lyk etsin!) Şapyga bagyşlap ýazan «Mertebeler» atly kitabyn­dan aldyk.

Ymam Mälik barada aýdylanda, bu alym hem bäş sany ahlak bilen häsiýetlendirilen adamlaryň biridir. Oňa: «Eý, Mälik! Sen ylym talap etmek barada näme aýdarsyň?» diýildi. Ol: «Ylym gözel zatdyr. Ýöne sen gündelik durmuşyňda gerek bolan ylmy talap et» diýdi. Ol din ylmyna şeýle bir hormat goýardy welin, hatda bir hadys rowaýat ‎etmekçi bolsa hem, hökman täret alardy, onsoň düşegine geçip oturardy, sakgalyny darardy, hoşboý ysly jisimlerden üstüne seperdi, soňra söze başlardy. Oňa bu häsiýeti barada sowal berildi. Ol: «Men Py­gam­ber alaýhyssalamyň hadyslaryna hormat goýulmagyny ha­la­ýaryn» diýdi.

Ymam Mälik: «Ylym bir nurdur. Taňry ony islän ýerine ýaýýar» diýdi. Ymam Mälik ýene: «Dinde jedel etmek hiç zat­dyr» diýdi. Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle diýdi: «Men Ymam Mäligi gördüm. Ondan kyrk sekiz sany me­sele barada soraldy. Ol: «Bu meselelerden otuz ikisini bil­me­ýärin» diýdi we galan on alty meseläniň çözgütlerini aýtdy. Özüne göwni ýetip gopbamsyraýan alymlar «bilmeýä­rin» di­ýip, pespällik görkezmezler. Şonuň üçin Şapygy (goý, Taňry on­dan razy bolsun!): «Mälik alymlaryň arasynda ýiti şöhleli ýyl­dyz ýalydyr. Meniň üçin Mälik ýaly alym ýokdur» diýdi.

Aýdylyşyna görä, Abu Japar Mansur[11] mejbur ‎edilen talak baradaky hadysyň rowaýatyny aýtmagy gadagan edipdir. Soňra ol hile gurnap, bir adamy gizlinlikde Ymam Mäligiň ýanyna iberdi. Ymam Mälik bu hadysy, rowaýaty halkyň arasynda aç-açan aýdyp; «Zor bilen aýalyny boşadanyň aýaly talak bolmaz» diýdi[12]. Abu Japar Mansur oňa gamçy urdurdy. Ýöne Ymam Mä­lik ol hadysyň rowaýatyny aýtmagy goýmady. Ýene-de ol: «Kişi rowaýat ‎eden hadysynda ýalançy bolmaz. Dogruçyl aýtsa garranda syrkawlamaz. Akly ýitmez. Duýgulary gitmez» di­ýipdir.

Onuň takwalygyna şeýle gürrüň delildir. Möminleriň emiri Mäti[13] bir gezek ondan: «Seniň öýüň barmy?» diýip sorady. Ol: «Ýok. Men Rabyga ibn Abu Abdyrahmandan ‎‎eşiden hadysymy gürrüň bereýin. Kişiniň asly öýüdir» diýdi. Harun Reşit[14] hem ondan: «Seniň öýüň barmy?» diýip sorardy. Mälik «Ýok» diýdi. Harun Reşit oňa üç müň dinar berip: «Muňa öý satyn al» diýdi. Mälik puly aldy, ýöne ony sowmady. Harun Reşit Hyjazdan Yraga gaýtmakçy bolanda ymam Mälige: «Seniň meniň bilen bile gitmegiňi isleýärin. Sebäbi men Osmanyň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) Gurhany adamlaryň arasyna ýaýradyşy ýaly, «Al-muwatta» («Hadys gollanmasy») kitabyny adamlaryň arasyna ýaýratmak isleýärin» diýdi. Onda Mälik: «Kitaplary «Al-muwatta» kitaby bilen alyş-çalyş etmäge hiç hili isleg ýok. Sebäbi Pygamber alaýhyssalamdan soň sahabalary dürli ýurtlara gitdiler we baran ýerlerinde adamlara eşiden-gören zatlaryny aýtdylar. Pygamber alaýhyssalam: «Ym­ma­tymyň arasyndaky gapma-garşylyk olar üçin rehmet­dir» diýdi. Siz bilen gitmegime mümkinçilik ýok. Pygamber alaýhyssalam ‎ýene: «Eger bilseler, olar üçin Medine has ýag­şydyr»; «Oduň demiriň posuny aýryşy ýaly, Medine hem ‎erbet adamlary dep eder» diýdi. Ine, bular hem beren pullaryň. Isle alyň, isle hem go‏ýuň. Siz ‎eden peşgeşleriňiz üçin maňa Medi­ne­den gitmegi teklip edýärsiňiz. Emma men dünýäni Resulyl­lanyň şäheri Medine bilen çalyşmaryn» diýdi. Munuň özi Mäli­giň takwalygynyň delilidir we onuň dünýä bolan söýgüsiniň azdygynyň subutnamasydyr. Takwalyk kalpda dünýä üçin boş ýeriň bolmazlygydyr. Süleýman alaýhyssalam öz mülkünde takwady. Şapygy (goý, Taňry ondan razy bolsun!): «Men Mä­li­giň gapysynda Horasan atlaryny we Müsür gatyrlaryny gör­düm. Men oňa: «Seniň gowy atlaryň bar eken» diýdim. Ol: «Eý, Abdylla! Ol atlaryň bary menden sowgat bolsun!» diýdi. Men oňa: «Sen münmek üçin özüňe bir at galdyr» diýdim. Ol: «Men at münüp, Pygamber alaýhyssalamyň aýak basan topra­gyn­da atyň yzyny galdyrmaga Taňrydan çekinýärin» diýdi. Gör, onuň sahylygy we Medinäniň topragyna hormat goýuşy nä­hi­li eken! Ol atlaryň baryny bir gezekde peşgeş berdi. Mu­nuň özi onuň Taňrynyň razylygy üçin ylym isländiginiň we yl­my dünýäden öňe tutandygynyň delilidir.

Mälikden şeýle gürrüň aýdylýar: «Men Harun Reşidiň hu­zu­ryna bardym. Ol maňa: «Eý, Abu Abdylla! Biziň özara yla­la­şyga gelip çagalarymyza «Al-muwatta» kitabyňy öwretme­gi­miz gerek» diýdi. Men: «Möminleriň emirini Taňrynyň özi sy­la­syn! Bu ylym sizden, ýagny kuraýşdan çykýar. Eger siz ony äsgermän, hormat goýmasaňyz, onda ol pese düşer. Ylym hiç kimiň aýagyna gitmez, ylmyň bar ýerine geliner» diýdi. Ol: «Siz dogry aýdýarsyňyz» diýdi we çagalaryna: «Metjide baryp, beýlekiler bilen diňläň» diýdi.

Emma ymam Abu Hanypa (goý, Taňry rehimdarlyk etsin!) barada aýdylanda, ol ybadathondy, takwady, arypdy we ylmy bilen Taňrynyň jemalyny isleýän dindardy. Onuň takwalygy barada Ibn Mübärek gürrüň berdi: «Ymam Abu Hanypa gije namazy köp okardy. Gijäni ybadat bilen geçirerdi». Hammat ibn Süleýman şeýle aýdýar: «Ol gijäni oýa geçirerdi» Bir gün ymam Abu Hanypa (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) ýol bilen ýöräp barýardy. Bir adam oňa eşitdirip: «Ine, şu kişi gijäniň baryny oýalykda geçirýär» diýdi. Şondan soň ymam Abu Hanypa gijäniň baryny ybadat bilen geçirdi. Ol «Men ybadatymdan bolmadyk zat bilen wasp edilmegim, ýagny et­me­dik işim bilen taryplanmagym sebäpli Taňrydan utanýaryn» diýdi. Onuň takwalygy barada Rabyg ibn Asym şeýle diýdi: «Men Abu Hanypa bilen Ýezit ibn Omar ibn Hubeýranyň ýa­ny­na bardym. Ol Abu Hanypany beýtilmala[15] ýolbaşçy belle­mek isledi. Abu Hanypa onuň bu teklibinden boýun towlady. Ol Abu Hanypa bu sebäpden ýigrimi gamçy urdurdy». Gör, ol häkimlikden nähili gaçdy we azap baryny gördi!

Hekim ibn Hyşam Sakafy Abu Hanypanyň Şamda başyn­dan geçen bir waka barada şeýle diýdi: «Abu Hanypa amanata örän wepadar adamlaryň biridi. Hökümdar hazynalarynyň açar­la­ryna onuň eýelik etmegini, eger ylalaşmasa, oňa gamçy ur­mak­lygy buýurdy. Ymam Abu Hanypa Taňrynyň azabyna de­rek hökümdaryň azabyny saýlap aldy. Aýdylyşyna görä, ymam Ibn Mübäregiň ýanynda ymam Agzamyň garşysyna şeýle diýlipdir: «Dünýäniň ähli baýlygy hödürlenende hem ondan gaçan alym barada nädip beýle gürrüň ‎edýärsiňiz». Muhammet ibn Şujag Abu Hanypanyň şägirtleriniň birinden eşiden sözüne salgylanyp, Abu Hanypa barada şeýle gürrüň aýtdy: «Mömin­le­riň emiri Abu Japar Mansur Abu Hanypa on müň dirhem ber­me­gi buýurdy» diýdiler. Abu Hanypa bu puly almaga göw­ne­me­di. Ol puly almaga barmaly gün ertir namazyny okady, soň­ra eşigine bürenip, geplemän oturdy. Möminleriň emiriniň ilçi­si Hasan ibn Kahtaby puly alyp geldi we Abu Hanypanyň ýany­na bardy. Abu Hanypa ilçi bilen gepleşmedi. Hasan ibn Kah­taba: «Sen näme biz bilen sözleşmeýärsiň? Ýa-da seniň adatyň şeýlemi?» diýdi. Abu Hanypa: «Siz puly jaýyň burçun­daky şu haltajyga goýup gidäýiň» diýdi. Soňra ogluna wesýet etdi: «Eger men ölsem, siz meni jaýlasaňyz, sen şu halta­jyk­daky puly alyp, Hasan ibn Kahtabanyň ýanyna git we oňa: «Sen Abu Hanypa goýan amanat zadyňy kabul edip al diý» diý­di. Abu Hanypa ölenden soňra, ogly kakasynyň tabşyrygyny berjaý etdi. Hasan ibn Kahtaba: «Seniň kakaň dinine örän gaýym eken» diýdi.

Aýdylyşyna görä, halypa ony kazy wezipesine bellemekçi bolupdyr. Ol: «Men bu wezipä laýyk däldirin» diýipdir. Halypa ondan: «Näme üçin?» diýip sorapdyr. Ol: «Eger dogrusyny aýt­sam, men beýle wezipä ýaramaýaryn. Eger ýalan sözlesem, onda men ýalançy bolaryn. Ýalançy bolsa, kazylyga ýaramaz» diýip jogap gaýtarypdyr.

Abu Hanypanyň ylmy ahyret ýoludyr we din işleriniň ýoludyr. Onuň magrypeti[16] beýik Taňrynyň razylygy üçindir. Mu­nuň özi Taňrydan howp etmeginiň güýçli bolandygynyň delilidir.

Şuraýk Nahgy:[17] «Abu Hanypa köp dymýan, köp pikirlen­ýän we adamlar bilen az sözleşýän adamdy» diýdi. Munuň özi bu ymamyň batyn ylmy erkiniň güýçli bolandygynyň we diniň möhüm işlerine meşgullanandygynyň delilidir. Kimde dymma­lyk we takwalyk bar bolsa, oňa ylym berlendir.

Ine, şu getirilen sözler üç ymamyň hallary baradadyr. Em­ma ymam Ahmet ibn Hanbal, Sufýan Söwri (goý, Taňry bu iki ymamdan razy bolsun!) barada aýtsak, bularyň yzlaryna dü­şen­ler az, aýratynam Sufýan Söwriniň yzyna ‎eýerenler azdyr. Ýö­ne olaryň ikisi hem ybadathonlyk we takwalyk bilen meşhurlyk tapdylar we bu iki ahlak bilen özlerini orta çykardylar. Bu ki­tapda olaryň hallary we sözleri barada mundan artykmaç aýt­maklygyň hajaty ýok. Indi sen olaryň dünýä işlerine garşy bo­lan hallary, sözleri, işleri barada oýlanyp gör! Şonda sen ahyret ylmynyň beýleki ylymlardan artykmaçdygyna göz ýetirersiň.

 



 

 

 

 

 

 

 

 

 

.

 

 

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh