Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 01 September 2016 15:51

PARZY KIFAÝA BOLAN YLMYŇ BEÝANY(3)

PARZY KIFAÝA BOLAN YLMYŇ BEÝANY(3)

 

Jüneýit (goý, Beýik Taňry oňa rehimdarlyk etsin!): «Ma­ňa ussadym Sary Sakaty bir gün menden: «Sen meniň ýanym­dan gideniňden soň kim bilen söhbet edip otyrsyň?» diýip so­rady. Men: «Muhasyby[1] bilen» diýdim. Ol: «Sen dogry ‎edýär­siň. Onuň ‎‎‎edebinden we ylmyndan al. Emma kelam hakdaky söz­lerine gulak salma. Ony kelamçylara goý» diýdi. Soň men ussadymyň: «Alla seni öňürti hadysda alym ‎etsin we soň sopy ‎‎etsin. Öňürti sopuçylyk ylmyny bermesin» diýendigini ‎‎‎e‎şitdim. Ol bu sözi bilen hadys ylmyny okanyňdan soň tasawwuf (sopu­çylyk) bilen meşgullananyň baýlyk tapjakdygyny, ylymsyz so­pu­çylyga giren kişiniň heläk boljakdygyny aýtmak isledi».

Sen maňa: «Näme üçin kelam we pelsepe ylymlarynyň gör­nüşleri baradaky pikiriň hakynda söz açyp, olaryň oňla­nyl­ýan ýa-da oňlanylmaýan ylymlardygyny açyklamaýarsyň?» di­ýer­siň. Meniň saňa bu nukdaýnazardan aýtjak jogabym şeýle bolar.

Kelam ylmy Gurhandan we hadyslardan gelip çykýan de­lilleri öz içine alýar. Deliller ýoýulmaga sezewar bolandyklary sebäpli ýa-ha oňlanylmaýan jedellerden (Jedeller bedgatdyr. Bed­gatyň beýany öz ýerinde, yzda berler) ýa-da gapma-garşy taglymatlara eýerýän akymlaryň döreden özara pitnelerinden we din bilen hem, yslamyň ilkinji asyrynda düzülen esaslar bilen hem baglanyşygy bolmadyk, gulaklara ýakmaýan tosla­ma­lar­dan, manysyz sözlerden, adamyň tebigatyny ýadawlyga salyjy uzyn-uzyn makalalardan we girişlerden ybaratdyr. Biziň döwrümizde kelam ylmy baradaky parasat Gurhanyň we sün­ne­tiň talaplaryna ýugrulyp özgerdi. Alymlar bu ylmy şübhe­ler­den päkläp, maksadalaýyk tertibe saldylar. Bu parasat zerurlyk sebäpli ýüze çykdy we ol bedgatçy alymlaryň ündewlerine gar­şy göreşmegiň ygtybarly serişdesi derejesine ýetirildi. Biz bu parasat barada, eger Hudaý halasa, indiki bapda aýdyp geçeris.

Emma pelsepe ylmy barada aýdylanda bolsa, onda ol diňe ýeke özi özbaşdak ylym bolman, eýsem dört sany bölümiň öz­ara baglanyşygyna daýanýar. Olaryň birinjisi, hendese[2] (geo­met­riýa) we hasap ylmydyr. Bu iki ylym, öňde aýdylyp geçilişi ýaly, mubah ylymlardyr. Olara içgin aralaşmakdan diňe oňla­nyl­maýan ylymlaryň täsirine düşmekden heder edýän alymlar saklanýarlar. Bu iki ylma meşgul bolýanlar olaryň syrlaryna çuň­ňur aralaşmak bilen çäksizligiň öňünde ejiz gelmekleri se­bäp­li bedgata sezewar bolýarlar. Munuň özi derýanyň kenaryn­da duran çaganyň suwa gaçmakdan gorkmagynyň ýa-da döw­rüň musulmanlarynyň kapyrlar bilen gatyşmakdan heder et­mek­leriniň mysaly ýalydyr. Olaryň ikinjisi mantyk[3] ylmydyr. Ol hem şol bir delilleri beýan ediş nukdaýnazaryndan derňeýär we kelam ylmyna degişli edilýär. Olaryň üçünjisi ylahyýet yl­my­dyr. Ol Taňrynyň zatyny (özüni) we sypatlaryny öwrenýär. Bu ylym hem kelam ylmynyň düzümine girýär.

Pelsepe barada aýdylanda hem ony pelsepeçi alymlar yl­myň özge bir usullary bilen däl-de, eýsem käbir akymlaryň kü­pür­lige, nazaryýetçi alymlaryň bolsa bozuk garaýyşlara düşen­dikleri bilen özbaşdak ylym hökmünde öňe çykardylar. Edil şunuň ýaly, mugtazyly akymynyň taglymaty hem özbaşyna bir ylym däldir. Çünki, ony esaslandyryjylar mütekellimlerden bo­lan nazaryýetçi alymlaryň bir toparydyr. Olar özleriniň bozuk taglymatyny ylym hökmünde öňe sürdüler.

Olaryň dördünjisi tebigat ylymlarydyr. Olaryň käbiri şeri­ga­ta we hak dine tersdir. Munuň özi nadanlykdyr we tebipleriň garaýyşlaryna laýykdyr. Çünki, tebigatçy alym hemme jisim­le­re özgermek we hereket etmek jähetinden garaýar. Emma tebi­gat ylymlary olara mätäç däldir. Diýmek, kelam ylmy hem bed­gatyň hyýallaryndan köpçüligiň kalplaryny goramak nuk­daý­nazaryndan hemme ylymlara mätäçlik çekýär. Bu mätäçlik bedgatyň peýda bolmagy bilen baglanşykly ýüze çykdy. Edil şuňa meňzeş mätäçlik hajylaryň ýolunda araplaryň olara zulum etmekleri we ýol urmaklary sebäpli hem döreýär. Eger araplar beýle hereketlerini taşlasalardy, onda gorag mätäçligi aradan aýry­lardy. Bedgatçylar özleriniň dini manysyz ýoýmalaryny bes etseler, onda dine sahabalaryň (goý, Taňry olardan razy bol­sun!) döwründäki bolşundan artykmaçlyk girizmek gerek bolmazdy. Şonuň üçin mütekellim özüniň dindäki çägini bil­me­lidir. Onuň dindäki tutýan orny hajyň ýolundaky gorag­çy­nyň orny ýalydyr. Mütekellim goragdan we nazaryýetden mah­rum bolsa, onda ahyret ýoluny söküp bilmez, kalplary bu ýola gönükdirmegi başarmaz. Onuň ýaragy dini ylymlardan ybarat bolmalydyr. Mütekellimiň dinde ynançdan başga ýaragy bol­ma­ly däldir. Ol şol ynanjy köpçülige ýaýratmalydyr. Ol ynanç kalbyň we diliň amallarynyň jeminden ybaratdyr. Mütekellim köpçülikden jedel we gorag kärini ele alandygy bilen tapa­wut­lanýar.

Emma biziň mukäşefe ylmynyň beýanynda Taňryny ta­na­mak, Onuň sypatlary, işleri bilen tanyşmak we Taňry bilen ben­desiniň arasyndaky gatnaşygy bilmek babatda aýdan zat­la­rymyz dogrusynda aýdylanda bolsa, bu zatlar kelam ylmyndan hasyl bolmaýar, belki kelam ylmy olara gorag perdesi bolar. Taňryny bilmek yhlas etmek bilendir. Yhlas etmegi bolsa Taňry dogry ýola gönükmegiň girelgesi edip goýdy. Bu nuk­daý­nazardan Taňry: «Biz özümize yhlas edýänleri hökman dog­­ry ýola salarys. Elbetde, Taňry ýagşy işlere yhlas edýänler bilendir»[4] diýdi.

Yslam ymmatynyň mertebeli alymlary fakyhlar we mü­te­kel­limlerdir. Olar Taňrynyň ýagşy adamlarydyr. Onsoň olaryň derejeleri din ylmynda nähili beýle pes derejä inderilýär?» di­ýip aýdarsyň. Bilip goý! Hakykaty Hakdan däl-de, eýsem yn­san­lardan gözleýän, azaşmaklyk çölünde azaşar. Eger sen ha­kykat ýolagçysy bolsaň, onda Haky tana. Egerşeýtseň ha­ky­kat ählini taparsyň. Sahabalar kelam we fykh ylymlaryny däl-de, eýsem ahyret ylmyny, onuň ýolunda ýöremegi bilen­dik­leri bilen beýleki adamlardan tapawutlanýardylar. Abu Bekr (goý, Be­ýik Taňry ondan razy bolsun!) oraza köp tutandygy ýa-da namaz köp okandygy ýa-da söz, ýa-da rowaýat köp aýdandygy, ýa-da köp pitwa berendigi bilen däl-de, eýsem Pygamberleriň serweri (goý, Taňrynyň oňa ýalkawy we salamaty bolsun!) gü­wä geçişi ýaly, kalbynyň asyllydygy bilen tapawutlanýardy. Seniň hem bu syryň gözleginde talabyň güýçli bolsun! Çünki ol nepis göwherdir we syrly dürdür. Pygamber alaýhyssalamyň daşyny müňläp sahabalar (goý, Taňry olaryň hemmesinden ra­zy bolsun!) gurşap alýardy. Olaryň hemmesi Taňryny tanan alym­lardy. Pygamber alaýhysallam olary öwerdi. Ýöne sahaba­lar­dan ýekeje kişi kelam ylmyny bilýärdi we on töweregi adam diýäýmeseň, galany pitwa hem berip bilmändir. Ibn Omar[5] (goý, Taňry ondan razy bolsun!) özünden bir meseläniň çöz­gü­di barada pitwa soran kişä: «Sen pylan emiriň ýanyna git! Ol adam­laryň garamatyny monjuk düzümleri ýaly edip boýnuna dakdy. Muny hem onuň boýnuna geçir» diýerdi. Ol bu ýerde pitwa çykarmaklyga hökümdarlaryň ygtyýarlydygyny göz öňün­de tutdy. Omar (goý, Taňry ondan razy bolsun!) dünýäden ötende, Ibn Mesgut:[6] «Ylmyň ondan dokuz ülüşi öldi» diýdi. Adamlar oňa: «Beýle diýmek bilen sen nämäni göz öňünde tutýarsyň?» diýdiler. Ol: «Men bu ýerde ylym hökmünde hö­küm­ler we pitwalar ylmyny däl, ilähi magrypeti (Allany ta­na­mak­ly­gy) göz öňünde tutýaryn» diýdi. Görýärsiň, ol, kelam we jedel ylmyndan gürrüň hem gozgamady. Sen näme üçin Oma­ryň ölümi bilen ondan dokuz ülüşi giden ylma höwes ‎etme­ýär­siň? Kelam we jedel ylmynyň gapysyny hezreti Omar ýapypdy.

Şeýle-de seniň: «Alymlaryň tanymalragy fakyhlar we mü­tekellimlerdir» diýen sözüňe meniň jogabym şeýledir: «Taň­ry­nyň dergähinde mertebeli bolmak bilen adamlaryň ýanynda mer­tebeli bolmak başga-başga zatlar. Abu Bekriň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şöhraty halypalyk bilendi. Ýöne onuň ýaşy­ryn mertebesi hem bardy. Ol onuň kalbynyň asyllylygydy. Omaryň (goý, Taňry ondan razy bolsun!) şöhraty syýasat bilen­di, mertebesi bolsa taňryhonlyk ylmy bilendi. Onuň ölümi bilen bu ylmyň dokuzdan bir ülüşi gitdi. Şeýle hem onuň mertebesi özüniň hökümdarlygynda raýatlaryna adyllygy, mähribanlygy bilen Taňra ýakynlyk gazananlygyndadyr.

Şöhrata kowalaşýan adam üçin şöhrat heläk ediji bolup bi­ler. Mertebe ýaşyryn hem bolup biler. Ýaşyryn mertebä fakyh­la­ryň we mütekellimleriň köpüsi ýetip bilmeýär. Alymlar mer­te­be jähetinden ylym hem pitwa bilen Taňryny gözleýjilere Py­gam­ber alaýhyssalamyň sünnetini goramak bilen tapawutlanan, beýle hereketden şan-şöhrat yzlamaýan alymlara bölünýär. Bu­lar Beýik Taňrynyň razylygyny gözleýän alymlardyr. Olaryň Taň­rynyň dergähindäki mertebeleri pitwalary we nazaryýetleri bilen Taňrynyň jemalyny gözleýişlerine görä däl-de, eýsem ylymlaryna amal edişlerine görädir. Çünki, her bir ylym amal edilşine görä miwe berýär. Her bir amal ylym däldir. Tebip hem ylmy bilen Taňra ýakynlyk gazanyp biler. Ol ylmyna Taň­ry razylygy üçin amal etse, sogap tapar. Soltan Taňry bilen hal­kyň arasynda durýar. Eger ol Taňrynyň razylygy üçin iş ýöret­se, Taňry ondan razy bolar we din ylmyna ökdeligi üçin däl-de, Taňra ýakynlyk gazanmak maksady bilen eden amaly üçin sogap gazanar.

Taňra ýakynlyk getirýän zatlaryň üç sany görnüşi bolýar: 1. Ýönekeý ylym. Ol aýanlyk ylmydyr. 2. Ýönekeý amal. Ol Sol­tanyň adyllygy, işi tertip-nyzam bilen alyp barmagy we ş. m. 3. Ahyret ýolunyň ylmy. Bu ylmyň eýeleri alymlar we amal edijilerdir. Sen özüňe bakyp, Taňry üçin ylym öwrenen we amal eden adamlaryň toparynda bolmaga çalyş. Munuň özi seniň üçin möhüm zatdyr. Bir şahyr şeýle aýdypdyr:

 

Eşiden zadyňa däl, ynan göz bilen görseň,

Gün dogansoň ne peýda, Zuhalasary ýörseň.



 

.

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh