Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 16 January 2016 16:37

Ýasama hezzetiň gelşiksizligi

   Ýasama hezzetiň gelşiksizligi

 

 

 

* Müslim ibn Zyýat şeýle diýdi: «Bazara baryp, bir köpüklik gök alyp gelmegimi tabşyrýan ýekeje myhmandan, ýüz myhmany öýümde baryndan hezzetlänimi has gowy görýärin».

* Bir adam Selman Parsyňka myhmançylyga barypdyr. Selman ony öýe çagyryp, baryndan hezzet edipdir hem-de myhmana garap: «Myhman üçin ýasama hezzet etmegi Pygamber gadagan etdi» diýipdir.

* Bekr ibn Abdylla Muzeni şeýle diýdi*: «Eger saňa myhman gelse, oňa özüňde baryny hödürle. Hudaý seni hezzet etmek babatda isleýän ýagdaýyňa ýetirýänçä, özüňde ýok zady berjek bolup dyrjaşma».

* Käbir parslar şeýle diýdi: «Myhman üçin iň zyýanly zat, öý eýesiniň dok, özüniň aç oturmagydyr».

* Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Özünde ýok zady berjek bolup, ýasama hezzet edenler iň ýaramaz adamlardyr».

* Görnükli adamlaryň käbiri şeýle diýdi*: «Bize myhmançylyga gelende, towuk ýa-da jüýje soýmaklygy tabşyrmaýan ýoldaş örän oňatdyr. Meniň öýümde oňňut edere merjimek bilen noýba bar, işdäsi alsa zeýtun ýagy bar. Ýasama hezzet ýaramazlykdyr».

* Sufýan ibn Mugyra şeýle diýdi*: «Eger bize myhman gelse we men oňa özümde baryny bersem, meniň ýazygym azalýar. Eger garyp bende özündäkini, baý hem berdiginden bagyşlasa, sahylyk babatda olaryň ikisem deň bolýar.

Saýyl adamlara ýa-ha serpaý bilen, ýa-da mylaýym söz bilen elmydama ýagşylyk ediň».

* Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Özüne berlen nygmaty pes saýmak, az görmek adam üçin ýeterlik günädir».

* Ahnaf ibn Kaýs şeýle diýdi: «Öýüňize myhman gelse, özüňize agram salman, baryndan beriň».

* Musa ibn Japar Hanafy şeýle diýdi: «Eger bir ýere myhman bolsaň, öňüňde ýagşy-ýaman näme goýulsa, şony iýgin. Saçakda goýulmadyk zady talap etmegin».

* Bir adam Aly ibn Abu Talyby nahara çagyrypdyr. Aly oňa bir şert goýup, şoňa kaýyl bolsa gitmäge razydygyny bildiripdir. Ol: «Eger ýok zady berjek bolup, özüňe agram salmasaň, özüňde baryny hem bizden gysganmasaň bararys» diýipdir.

* Bir ýaşuly Abdylla ibn Mukaffanyň ýanyna gelýär eken. Ol bir gün Abdyllany nahara çagyryp, günortanlygy özünde edinmegi sorapdyr. Ol şonda Abdylla bakyp: «Sen özümde ýok zady hödürlemek üçin, özüme agram salaryn öýtme. Baryndan başga zady bermerin» diýipdir. Abdylla çakylygy kabul edip, onuňka myhmançylyga barypdyr. Öý eýesi myhmanyň öňünde bir döwüm çörek bilen uşajyk duzdan başga zat goýmandyr. Şol wagt gapyň agzynda hem bir gedaý iýmäge zat sorap duran eken. Öý eýesi oňa: «Allaň bendesine Allanyň özi kömek etsin!» diýipdir. Emma gedaý ýerindenem butnaman ýaňky diýenini gaýtalapdyr. Öý eýesi: «Üstümde Hudaý bar, häzir daş çyksam, iki goluňam owradaryn» diýipdir. Şonda Abdylla gedaýa ýüzlenip: «Walla, sen şunuň beren sözüne nähili wepalydygyny bilsediň, onda dilegden saklanyp, derrew yzyňa dönerdiň. Bela sataşmankaň şu wagtam ugra. Bu «etjek» diýen zadyny aňryýany bilen ýerine ýetirýär» diýipdir.

 

Add comment


Security code
Refresh