Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 01 October 2012 01:38

Namazy terk etmegiň günäsi

Namazy terk etmegiň günäsi

Namaz, Resulallanyň (s.a.w) gözüniň nury , ynsanyň mertebesiniň beýgelmeginiň serişdesi we ruhy belentliginiň ganatydyr.

Musulmanlygyň iň möhüm alamaty, namazdyr şonuň üçin hiç bir musulmana, namazy terk etmäge rugsat edilmeýär.Resulla, namazy terk etmegiň gabahatlygyny şeýle beýan edýär: “Her kes namazyny terk etse , ol dinini ýok edendir”.

Resulallanyň bu sözüne dykgat edeniňde, namaz, diniň dowamatydygyny aňsa bolýar.Namaz okamak, dini goramakdyr we namazy terk etmek , dini terk etmekdir.Namaz, adamlaryň ruhy şatlygyna sebäp bolýandyr bu häsiýeti, namaz okaýan we okamaýan adamlary deňeşdirip göreniňde äçyk-äşgär görüp bolýar.

Bäş wagt namaz, bäş wagt güýç almakdyr.Resulallanyň käbir sözlerini dykgata alanyňda, namazy terk etmegiň uly günädigini şonuň üçin namazy terk etmeli däldigini aňýarsyň.Resulalla şeýle aýdýar: “Kapyrlyk bilen bendeligiň arasy , namazy terk etmekdir” .

Bäş wagt namazy özümize borç bilşimiz ýaly, bu möhüm-ähmiýetli meseläni çagalarymyza hem düşündirmelidiris.Adamlar kiçi ýaşdan namaza öwrenişseler, ulalyşan wagtlary, din taglymatlarryna uýup arassa we päk ýaşamagy öwrenjekdirler.

Namaz, maşgalany we köpçüligi her hili ahlaky kesellerden aman saklamak üçin bir dermandyr.

Namaz, öýe we köpçülige bereket getirýändir.

Namaz, Allanyň rahmetiniň eçilmegine şert döredýändir.

Resulla, bir hadysynda şeýle aýdýar:Namazy terk edýän adama, dinden peýda ýokdur.

Add comment


Security code
Refresh