Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 26 September 2012 18:18

Namaz we päklik

Namaz we päklik

بسم الله الرحمن الرحیم

Namaz, bir musulman üçin hemme zatdyr, ruhy baýlykdyr , baş guwanç we buýsançdyr

Namaz päklikdir we ynsany günäden alyp galýandyr .Hudaýyň ýanynda bolmak , ynsany , ruhy bozuklykdan we günä işlerden alyp galýar Hudaýyň ýanynda bolmaga iň oňat serişde hem , namaz okamakdyr .Namaz , adamy päklige , dogrulyga we yhlasa çagyrýar we namazhon, namazy bilen , günä tarap çekilmeýär we ýagşy bolmaga we ýagşy işleri etmäge çalyşýar , ynsan, şeýdip özüni saplaýar, taplaýar.

Hudaýdan gapyl galmak, ynsanyň ýüregindäki ýagtylygy ýok edýär , namaz okamazlyk, Hudaýdan gapyl galmakdyr.Hudaýdan gapyl galýan adamyň , her bir gçnä işe bulaşmagy mümkindir şonuň üçin hem, namaz okap Hudany ýatlap durmak  we günälerden uzak durmak gerek.Namaz edil bir galkan ýaly, günäleriň garşysynda, ynsany goraýandyr.

Bäş wagt namaz, bize her gün bäş gezek Hudaýy ýatladýar , garaňkylygy we gapyllygy ruhumyzdan syryp aýyrýar.Namaz kabul bolar ýaly , ony yhlas bilen okamak gerek hem-de günälerden uzak durmak gerek .Bir musulman, namaz okamak üçin täret suwyna , geýýän lybasyna , namaz okajak ýerine , edýän söwdasyna , agzyndan çykýan sözlerine we umuman hemme amallaryna we hereketlerine dykgatly bolýar we päk galýar.

Gurhanda şeýle gelýär:Namaz, ynsany ýaramazlyklardan we günälerden alyp galýandyr.

Hz Muhammed şeýle aýdýar : Namaz, akaryň arassa suwy ýalydyr şonda ynsan ýuwunýar we hergiz kirlenmeýär.

Namaz okaýan adam huzurly , arassa we şadyýandyr.Namaz, adamyň ruhuny täzeläp beýleki adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmagyna ýardam edýändir .

Add comment


Security code
Refresh