Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Friday, 07 September 2012 15:21

Namazyň ähmiýeti we käbir peýdalary

Namazyň ähmiýeti we käbir peýdalary

Yslam dininde we biz musulmanlaryň durmuşynda , namaz iň ýokary ähmiýete eýedir şonuň üçin namazyň ähmiýetinden näçe aýtsaň-da azlyk edýändir.

Yslam dininde we biz musulmanlaryň durmuşynda , namaz iň ýokary ähmiýete eýedir şonuň üçin namazyň ähmiýetinden näçe aýtsaň-da azlyk edýändir.Ynsanyň, öz ýaradany we Rebbi bilen wagtal-wagtal gürleşmäge geregi bardyr we namaz Hudaý bilen gürleşmegiň ýoludyr.Namaz okaýan adam, mydama Hudaýndan güýç alýar we şol güýç bilen jismi – ruhy taýdan karar tapýandyr.

Ynsan, Hudaý bilen baglanyşykda bolmagy talap edýär we şol talap we şol baglanyşyk, adamy dürli kynçylyklara garşy göreşde goldaýar sebäbi , namaz , adamyň ruhuna ruh goşýar , ruhy kuwwat, jismi kuwwatdan ýokardadyr, namaz, adama jismi kuwwat bilen birlikde ruhy kuwwaty hem bagyş edýändir.Mömin adam, her gün bäş gezek namazyny okap bäş gezek Taňrysyndan jismi we ruhy kuwwat alýandyr bu kuwwat oňa uly işleri etmäge we zähmet hem-de durmuş meýdanynda , uly hümmet bilen hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Namaz, aram-karar bagyş edýän ajaýyp dermändyr .Namaz okamak bilen Allanyň ady , janda we ýürekde janlanýar .Allanyň ady ýürekde janlansa , ol bütin ýagşylyklary we gözellikleri özi bilen getirýändir.Ynsan, hakykat ýoluny dogry aşjak bolsa , ol Hudaý we Hudaýyň bendeleri bilen bolan baglanyşygyny berkitmelidir we Hudaý bilen baglanyşygy pugtalandyrmagyň iň ýagşy ýoly, namaz okamakdyr.

Namaz okaýan adam , ömrüniň we ýaşaýşynyň iň uly işini berjaý kylýandyr şol sebäpli namaz okaýan adam, bu işine guwanmalydyr .Hudaýtagala şeýle aýdýar : “Namaz uly işdir kiçijekdir öýtmäň”.

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň Mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi , namaz barada şeýle diýýär : “Namaz , adamyň ruhyny kanagatlandyrýandyr , namaz, iň süýji ylahy şerbetdir”.

Namazyň ajaýyp peýdalarynyň bir näçesi:

-Namaz adamyň ýaşaýşyna many berýär.

-Namaz, Taňry bilen söhbet etmekdir.

-Namaz, ahlaky bozgaklygy ýaly bir topar ruhy keselleri derman edýändir.

Namaz, Hudaýa ýakynlaşmagyň iň uly serişdesidir . Bir çaga , atasynyň elinden tutup ýöräninde , özüni kuwwatly görýändir , namaz hem ynsany Hudaýa birikdirip oňa kuwwat berýändir we ynsan , şol kuwwat bilen , zor aýdýanlaryň garşysynda durmaga güýç tapýandyr.

Namaz, ruhuň iýmitidir we namazy yhlas bilen okamak bilen, onuň peýdalaryny görüp bileris.

Add comment


Security code
Refresh