Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 15 February 2016 10:22

zikir we namazyň dogalary

 zikir we namazyň dogalary

 

Doga bilen ybadat aslynda al... bilen bolmakdyr . her kim al... bilen bolsa ümürde ülümde oňa gözel görüner.

Namaz ybadaty hudaýy ýatlamak we oňa gulluk wezipäňi ýerine ýetirmek çin musulmanlara parz edilendir . namaz hudaý bilen bendäň arasynda bir gepleşik , bir munajatdyr.

Namazhon ynsan , namaz salymlarynda , hudaýa öwgiler aýtýar we onuň belent mertebesini we biri birinden gözel bolan sypatlaryny taryplaýar . namazyň akymynda ynsan hudaýny sylap gol gowşurýar , eňilýär sejdä gitýär we edep ekramly oturup , her bir hereketinde bir doga bilen hudaýa sygynýar , bu dogalar , ynsan oglynyň iň arassa niýetli şükranalaryny we ýalbarmalaryny üz içine alýar.

Al...tagala üz mübärek kelamy bolan gurhan kerimde : meni çagyryň , syzy jogap gaýtararyn . ýa : maňa doga ediň kabul eder ýaly diýip beýan etýär. zikir we doga hakda eziz we mähriban pygambermizden hem ençeme gözel hadyslar bar . bu hadyslarda resul al...(s) dogany , al...ň ýanynda rahmat açary , möminiň ýaragy , diniň diregi , ýeriň asmanyň nury we ybadatyň maňyzy diýip wasp etýär.

Namazyň dürli bölümlerinde ýokary mazmunly , owadan manyly dogalar ýerleşýär . namazyň her eňiliminde okalýan  hamyt sürüsiniň soňky aýatlary ebedi

Ýaňlanyp duran doga aýatlarydyrlar : << diňä seni ybadat etýäris we diňä senden medet soraýarys , bizi dogry ýola gönükdir . gazaplananlar we azaşanlaryň ýolyny dälde , olara nygmat berenleriň ugurna hedaýat  edewer .>>

Oturma halatynda iň soňky dogasynda namazhon , özüne , ene atasyna , ussadyny we barça musulmanlara , ha öli ha diri ýalkow dileg etýär . ýassy namazyndan soň okalýan wetir wajyp namazynyň üçünji reketinde aýdylýan gunut dogasynda iň gözel mazmunlary şol sanda , medet hem ýalkow sorama , iman , töwekkel , sena , şükür , günäden gaçma , umyt etmek we hudaýyň azabyndan gorkmak ýaly baş setirleri öz içine alýar.

Namaza duran musulman bende ýaradanyň garşysynda kiçilik bilen ondan haraý soraýar , kömek isleýär , geliň öz taňrymyzdan baş wagt namazda ellerimizi asmana serip hajat diläliň al...niň keremi göşlidir ol bizi boş gaýtarmaz , magtymguly işanyň aýdyşy ýaly –

magtymguly her säherden sabadan

haly galma bu nalyşdan dogadan

butparazlar butdan alsa myradyn

hajatyny hakdan dilän almazmy?

 

 

More in this category: « Namaz din sütüni

Add comment


Security code
Refresh