Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 22 June 2015 11:23

tarawa namazy

tarawa namazy

 

 

Remezan aýynda 20 rekagat okalýan bu namaz erkekler üçin hem,  aýallar üçin hem müekked sün­netdir. Çünki, bu namazy Pygamber Serwerimiz hem-de ondan soň Dört Çary­ýarlar, ashaby kiram dowam edipdir. Tarawa namazyny jemagat bilen okamak sünnetdir. Ýeke hem okalyp bilner.  Resulullah sallallahu aleýhi wesellem «Remezan aýynyň üçünji, bäşinji, ýedinji we ýigriminji gijelerinde bu namazy mesjitde jemagat bilen okapdyr. Soňra mü’minlere farz bolar endişesi bilen, özi ymamlyk etmändir. Pygam­berimiz tara­wa namazyny se­kiz rekagat okadyp, galanyny öýünde okaýar eken.  Jema­gat hem şeýle ed­ýär­di», (Buhary, Müslim, Tirmizi).

Tarawa witir namazyn­dan öň okalýar. Iň pazy­letlisi her iki rekagatdan soň salam bermekdir. Her dört rekagatyň soňunda biraz oturyp dynç alyn­ýandygy üçin, bu rekagata «ter­wyha» ady berlip­dir. Köplügi bolsa tara­wdyr.

Tarawa na­ma­­zy­­nyň jemagat bilen 20 rekagat okalmagy hz. Oma­ryň ha­lyf­lyk döw­ründe düz­güne girýär. Bu barada Ebu Hanyfe şeýle diýýär: «Tarawa güý­çli sün­netdir. Hz. Omar ony özün­den tapan däldir. Ol muňa hiç bir täzelik hem giri­zen däldir. Ol muny özüniň bilýän bir deliline da­ýa­nyp amal edipdir».

Käbir hadys alym­lary Resu­lul­lahyň sallal­lahu aleýhi wesellem reme­zanda tara­wany jemagat bilen sekiz reka­gat okamagy hem­­­­­-de Hezreti Äşe enämizden (Allah ondan razy bolsuň) rowaýat edilen şu hadysa («Resulullah ne-hä reme­zanda, ne-de remezandan beýleki aýlarda on bir reka­gatdan köp nafile namazy okamandyr») daýa­nyp, şeýle netijäni çykarypdyrlar: Tarawa namazynyň  sekiz rekaga­tynyň muekked sünnet bolandygyna hiç hili şübhe ýokdur. Ibnül Humam ýaly käbir alymlar tarawanyň sekiz rekagatdan soňky rekagatlarynyň  mustahap­dygyny aýdypdyrlar. Bu edil ýassynyň parzyndan soňky sünneti dört reka­gat oka­magyň musta­hap bolşy ýalydyr. Ýassynyň soňky sün­neti­niň ilki iki rekagaty müekked sünnetdir, (Ibnül Hum­am, «Fethül Kadyr»).

Add comment


Security code
Refresh