Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 18 September 2014 13:51

namaz we edep

namaz we edep
Written by:  L-GERKEZ

 

 

 

Yslamyň taglymaty boýunça namaz okajak adamyň üsti başy arassa we iň arassa egin başy bolmaly,sebäbi namaza durmak iň eziz eýäniň garşysynda durmak we arzy hal etmek,geplemek we doga etmekdir we bu iş edebi hem talap etýär,şonuň üçin namaza durýan adam özüni edep göwherine hem bezeýär,namaza duraňda aýagyň üstünde  hereket edip durmaly däl,agras bolmaly!

Bu aýdanlarymyz nämäni aňlatýar?

Howa,namaz bize we perzentlermize edebi öwretýär!bir öýde uly kiçiň namaz okamagy,şol öýe aramlyk,sapalyk,ynam dereje we hözir berýändir,bu aýratynlyklaryň ýany  bilen öýde örän ysnyşykly ,süýji we ruhlandyryjy bir şertleri döretýändir,şu şertler we ýagdaýlar çagalarda göni täsir goýýandyr,olaryň sözünde,özlerini alyp baryşynda,oý pikirlerinde örän täsirleri goýjakdyr.

Gurhan kerim-de şeýle gelýär:il gün bilen ýagşy sözläň we namazy berjaý kylyň  Gurhanyň bu sözünden alyp bolýan iň ýagşy sapaklaryň biri;namaz okaýan adamyň sözde,gylyk häsiýet-de edepli bolmagy we il gün bilen edepli gürlemegidir,bu bolsa namaz bilen edebiň aýratyn baglanşygyny görkezýändir.

Add comment


Security code
Refresh