Saturday, 17 September 2016 10:26

Hekaýat

Hekaýat

 

 

 Abu Bekr Syddygyň halypalygynyň il­kin­ji döwürlerinde Tulaýha ibn Hüweýlit atly adam gozgalaň edýär. Ol ilki mu­sulman bolup, soňra mürtet bolýar, pygamberlik da­wa­syny edýär we arap mürtetlerine goşulýar. Çarwa araplarynyň hem­mesi mürtet bolýarlar. Olar Pygamberimiziň wepat bolandy­gyny eşidip, Abu Bekriň ýanyna goşun iberýärler we oňa:

– Biziň saňa boýun bolmagymyz üçin bizden zekaty aýyr – diýýärler.

Sahabalar Abu Bekre:

– Medinede leşger ýok. Olaryň gozgalaň öze­ni gyrylar ýaly olara sowgat ibermek we zekaty olaryň boýnundan aýyr­mak gerek – diýýärler.

Abu Bekr olaryň diýenine üns bermän:

– Alladan kasam bolsun, eger olar py­gamberimiziň döw­rün­däki zekat diýip berýän zatlaryndan birje düýe dyzbendini kem ber­seler-de, olara garşy gylyç bilen söwe­şe­rin – diýýär

Şeýdip, Abu Bekr Medinäni berkidýär. Bu şäheriň üç der­wezesiniň hersinde sahaba­la­ryň emirlerinden birini goýýar. Ol bir derwezede möminleriň emiri Hezret Alyny, ýene bi­rinde Zübeýr ibn Awamy[1] we üçünjisinde Talha ibn Abdyllany go­ýup, işleri doly eline alýar we daş-töweregi berkidýär. Ähli mür­tet araplar Tulaýha goşulýarlar. Şeýdip, olar hem güýçlen­ýär. Möminleriň emiri Abu Bekr Usamany Şamdan çagyrýar. Ol Şamda köp ýagşy işler edip, buýruk boýunça yzyna do­lan­ýar. Möminleriň emiri Abu Bekr Halyt ibn Welidi emir belläp, oňa leşger berip, söweşe iberýär. Ol Tulaýha garşy söweşip, on­dan üstün çykýar we ähli mürtetleri dargadýar. Olaryň ählisi boýun bolup, zekat bermegi kabul edýärler. Soňra Halyt ol ýerden Ýemama[2] barýar.

Müseýlime[3] kezzap pygamberlik dawasyny edip, her hili aldawlar we hilegärlikler bilen bir topar adamy ýoldan azaşdy­ryp­dy hem-de ep-esli adam onuň daşyna üýşüpdi. Halyt oňa gar­şy güýçli söweşler alyp barýar. Ahyrynda Hemzäni öldüren Wahşy[4] özüniň şol naýzasy bilen ony öz bagynda ýaralaýar we jähenneme ýollaýar. Halyt oňa şeýle diýýär: «Neneň täsin sen, eý, Wahşy, kapyr wagtyň ynsanlaryň iň gowusyny öldürdiň we musulman wagtyň adamlaryň iň erbedini jähenneme ýolladyň».

Müseýlimäniň şer işleriniň özeni gyr­lyp, yslam baýdagy beýige galýar. Bu gys­gaça aýdan wakamyzy giňişleýin beýan etsek, ol uzaga çekjek. Biz halypalaryň taryhyny beýan etmek­de gysgaça aýtmagy şert edindik. Bu taryhlaryň anyk beýany jahan bezeýji patyşa aýandyr.

Jeziräniň[5], Übülläniň[6], Medaryň, De­ljä­niň, Keşiň[7], Se­wa­dyň[8], Eýranşähriň[9], Aý­nut­temriň[10] alynmagy we Döwmetil Jendeliň[11] hem-de beýleki şäherleriň basylyp alyn­magy Halyt ibn Welidiň (goý, Alla ondan razy bolsun!) edermenligi we merdanalygy bilen amala aşansoň hem-de ajamlaryň onuň haýbatyndan gorkýandyklary hemmä belli bolansoň, bu waka­lary diňe bir yşarat etmek bilen çäklenýäris. Onuň bilen on bi­rin­ji hijri[12] ýylynyň Dört tirkeşiginiň birinji aýynyň on ikisine, Başgüni halypa hökmünde ähtleşilýär. Ol on üçünji hijri[13] ýylynyň Dört tirkeşiginiň dördünji aýynyň gutarmagyna sekiz gün galanda Başgüni wepat bolýar.

 

 



 

 

 

 

 

 

 

 

[9] Eýranşähr – Abu Reýhan Birunynyň aýtmagyna görä Yrak, Pars we Horasan welaýatlaryny öz içine alýan ýurt. Ol Eýran ibn Arfahşat ibn Sam ibn Nuhuň ady bilen baglanyşykly bolup, ýagny «Eýranyň ýurdy» diýen manyny aňladýar.

[10] Aýnuttemr – Küfäniň günbatarynda ýerleşýän şäher.

[11] Döwmetil Jendel – Medinäniň bir etraby. Beýle at Döwmän ibn Ysmaýyl ibn Ysmaýylyň adyndan gelip çykýar. Çünki şol ýerde Ysmaýylyň ogly Döwme dogulýar.

[12] 633-nji milady ýylyna gabat gelýär.

[13] 635-nji milady ýylyna gabat gelýär.

Add comment


Security code
Refresh