Sunday, 12 June 2016 14:52

hadys we rowaýat

hadys we rowaýat

 

 

Pähim-paýhas esasyna gurlan dostluk, gazanç esasyna gurlan dostlukdan uzaga çeker.

 

* * *

Abdylla ibn Omar barada gürrüň gozgalanda, Eşgap Tamag şeýle diýer eken: «Abdylla meni Alla üçin halamaýan eken».

 

 

* * *

Hajjaç Ibn Kyrryýeden[1] sorapdyr:

— Kerem näme?

Onda ol:

— Dostuň kynçylykda we agyr günde wepaly bolmagydyr — diýipdir.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Ynsanlary iki zat heläk edýär: Aşa söýgi we aşa ýigrenç». 

 

* * *

Sehl ibn Huneýf Ensary[2] Syffyn söweşinden[3] gaýdyp gelýärkä wepat bolupdyr. Hezreti Aly şeýle diýipdir: «Ol meniň iň gowy görýän dostumdy. Ol hem meni gowy görýärdi. Kim meni gowy görse, onuň başyna belalar iner, hatda eger bir dag hem meni gowy görse, başyna belalar geler».

 

* * *

Araplar şeýle diýipdirler: «Eger ynsanlaryň arasynda ýaraşyk diýen zat bolmasady, ynsanlar heläk bolardylar. Eger ynsanlaryň arasynda dostluk we ysnyşyk bolmasady olar wagşy bolardylar».

 

* * *

Bir adam Şehr ibn Huşybyň[4] ýanyna gelip:

— Men seni gowy görýän — diýipdir.

Onda ol:

— Sen näme üçin meni gowy görmeli däl. Men Allanyň kitabynda seniň doganyň, Allanyň dininde seniň alymyň, meniň zähmetim senden gaýrylara hem ýetýär — diýipdir.

 

* * *

Kim saňa kömek edýän bolsa we seniň hajatlaryňa tagalla-gaýrat edýän bolsa, seniň dostuňdyr.

 

* * *

Kim aýpsyz dost gözlese, dostsuz galar.

 

* * *

Her bir ýalňyşy üçin dostuna gaharlananyň, duşmany köpeler.

 

* * *

Şerik ibn Abdylla[5] şeýle diýipdir: «Ynsan dosty bilen adamdyr. Eger dosty altyn bolsa ol altyndyr».

 

* * *

Dost bilen syr paýlaşmak iç gysdyrmaýan durmuşdyr.

 

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň ejizleri dosty az bolanlardyr. Dostlaryň iň ejizleri bolsa, ýeňşiň dostlar bilendigine ynamyny ýitrenlerdir» diýipdir.

 

* * *

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  şeýle diýipdir: «Dostuňdan habardar bol, diňe ynamdar bolana ynan. Ynamdarlyk hem diňe Alladan gorkmak bilen bolýandyr» .

 

* * *

Biwepalyk etse ynamdar dostum,

Daralýar gözüme watan – rastym.

 

Niýetim özi dek bolmagym gerek,

Gözde – gahar odum, dözenok – ýürek.

 

* * *

Muhellep şeýle diýipdir: «Kesgir gylyç batyrgaýlygyň ölçegi däldir, on­dan üstün dostluk bardyr».

 

* * *

Hindiler şeýle diýipdirler: — Kim şu üç zady gizlese özüne hyýanat etdigi bolar:

  1. Soltandan nesihatyny;
  2. Tebipden keselini;
  3. Dostundan gussasyny.

 

* * *

Dostuň halamaýan zadyny söýmek dostlukdan däldir.

 

* * *

Şagby şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň iň hormatlysy dostluga howlugýan we duşmançylykdan daş durýan kişidir. Ol göýä kümüşden küýze ýalydyr, aňsat döwülmez we döwülse tiz bejeriler. Yn­sanlaryň iň aýyplysy bolsa dostlukdan daş durup, duşmançylyga how­lugýan kişidir. Ol göýä toýundan küýze ýalydyr. Ol tiz döwüler we bejerilmegine howlugylmaz».

 

* * *

Akyldarlaryň arasynda ýetişen akmak bilen dost­laşmak, nadanlaryň arasynda ýetişen akylly bilen dostlaşmak­dan has oňatdyr.

 

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Men bir çarwa arabyň dostuna şeýle diýýändigini eşitdim: «Eý, doganym, hakykatdan hem jepa etmek bilen dost duşman bolýar, mähirlilik bilen duşman dost bolýar. Men seni dostlaryň aýbyny açmakda dilli görýärin, olary öz duşmanlaryň sanyna goşup köpeldäýme».

 

* * *

Bir adamdan sorapdyrlar:

 — Dünýäniň lezzeti näme?

Onda ol:

— Göçeniňden soň gonmak, soňra dostluk — diýipdir.

 

 

* * *

Halypa Mansur Yshak ibn Müslim Ukaýlydan sorapdyr:

— Sen meni gowy görýärsiňmi ýa-da Merwany?

Onda ol:

— Bu saňa bagly. Eger sen maňa onuň peşgeşinden köp yhsan etseň seni ondan gowy görerin — diýipdir.

 

* * *

Allatagala Musa alaýhyssalama şeýle diýipdir: «Eý, Musa, bilgin, seniň bagtlylygyňa şatlanmaýan her bir dost,  seniň duşmanyňdyr».

 

* * *

Ybraýym alaýhyssalam her wagt özüniň goýberen ýalňyşy ýadyna düşende özünden gider eken we onuň çekýän jepasy bir menzilden eşi­diler eken. Jebraýyl perişde oňa şeýle diýipdir:

— Eý, Haly­lulla![6] Halyl saňa salam iberdi we «Heý, dostuň dostdan gorkanyny gördüňmi?» diýdi — diýipdir.

Onda Ybraýym alaý­hyssalam:

— Eý, gardaşym Jebraýyl! Ýadyma dostumyň öňünde eden ýalňyşlygym düşende dostlugy unudýaryn — diýipdir.

 

* * *

Ews ibn Harysa[7] şeýle diýipdir: «Seniň dostlaryňdan nygmata iň laýyk bolanlar saňa kyn wagtlaryňda dost bolanlardyr».

 

* * *

Abu Temam şeýle diýipdir:

 

Elleriň giň wagty dostlar gaşyňda,

Agyr günde biri durmaz daşyňda.

 

* * *

Kaýs ibn Hatym[8] şeýle diýipdir:

 

Durmuşda kim bolsa dostlukda meňki,

Bakyda toprakda dost bolar süňki.



 

 

 

 

 

 

 

 

More in this category: « Meret Aýy Hekaýat »

Add comment


Security code
Refresh