Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 16 May 2016 16:54

Meret Aýy

Meret Aýy

 

 

 Resulullah , Meret aýyna uly hormat ederdi we "Ýa Rabbi, Recep we Meret aýlaryny biziň üçin mübarek kyl we bizi Remezana  ýetişdir" diýip doga ederdi.
Âişe walidamyz  şeýle diýýär:
(Resulullahyň, hiçbir aýda, Meret aýyndan has köp oraza tutduguny görmedim. Käwagyt meret aýynyň hemmesini orazaly geçirerdi.)[Buhari]
Meret aýynda näme üçin köp oraza tutdugy soralan wagtynda Resulullah şeýle jogap bererdi:
(Meret, şeýle faziletli bir aýdyr ki, ynsanlar mundan gapyl galarlar. Bu aýda amallar, älemleriň Rabbine arz ediler(ýetiriler) . Ben hem amallarymyň orazaly (agzym bekli ) wagtynda ýetirilmesini isleýärin.) [Nesai]
Bu mowzuga degişli käbir hadis-i şerifler şeýledir:
(Remezan’dan soňra iň faziletli oraza, Meret aýynda tutulan orazadyr.) [Tirmizi]
(Meret aýynda üç gün oraza  tutana, Allahü tagala jennetde bir ýer taýýarlar.) [Eý ogul ilmihaldan]
Saglyk ýagdaýy gowşak bolanyň, meret aýunuň  15 inden soňra oraza tutman, parz bolan Remezan-y şerif orazasyna taýynlanmak gowy bolar. Saglygy ýerinde bolanlar bolsa, meret aýynyň köpüsüni, hatda hemmesini orazaly geçirip biler.
Berat gijesi, meret aýynyň on bäşinji gijesidir. Ýagny 14-nji meret aýynyň gijesidir. ( 2012-nji ýylyň 4-nji iyulynyň agşam namazyndan soňky giren wagyty)
Hadis-i şeriflerde diýilýär:
(Meret aýynyň  15-nji gijesini ybadat bilen, gündüzünü bolsa orazaly geçirin! O gije Allahü tagala diýer ki: “Bagyşlanmak isleýän ýok my, bagyşlaýyn. Yrsk isleýän ýok my, yrsk bereýin. Dertli ýok my, sagatlyk, dynçlyk bereýin. Näme isleýän bar bolsa, islesin bereýin” Bu hal-ýagdaý , daň atýança dowam eder.)[İbni Maje]
(Şu bäş gijede edilen dogalar yzyna goýberilmez. Regaib gijesi, Berat gijesi, Anna gijesi, Remezan we Gurban baýramlary gijesi.) [İ. Asakir]
Bu gijäni olja bilmeli, towa istigfar etmeli, kaza namazy kylmaly, Kur'an-y kerim okumaly, Aýratyn hem ylym öwrenmelidir. Iň gymmatly ylym, dogry ýazylan ylmyhal  ylymlarydyr. 

Add comment


Security code
Refresh