Thursday, 17 March 2016 07:55

hadys we rowaýatlar

hadys we rowaýatlar

 

 

Halypa Mugawyýa Dyrar ibn Damra Şeýbanydan Hezret Aly barada sorapdyr. Onda ol: «Şaýat bolýaryn, men ony köp ýerlerde gördüm. Bir gezek ol mährapda durup, bir eli bilen sakgalyndan tutup, närahat ýagdaýda enesini ýitiren köşek ýaly aglap şeýle diýýärdi: 

— Eý, dünýä, dünýä! Sen menden daş dur. Sen maňa hüjüm edýärsiňmi ýa-da maňa hasrat çekdirýärsiňmi? Seniňki ýaly hyýanatym ýok. Haýhat, haýhat! Sen menden başgasyny gözle! Meniň saňa mätäçligim ýok. Men seni gaýdyp yza almaz ýaly üç gezek talak diýdim. Seniň ýaşaýşyň gysga. Seniň hataryň aňsat. Seniň maksadyň pes. Ah, azyk az, ýol bolsa uzak. Sapardan soň baryljak ýer uludyr».

 

* * *

Muhammet ibn Wasyg bir gezek dünýäniň gürrüňini edip oturan bir jemagatyň ýanyndan geçip barýarka:

— Bular kim? — diýip sorapdyr.

Oňa:

— Bular zahytlar — diýipdirler.

Onda ol:

— Dünýä nähili hatarly zatdyr, hatda zahytlar hem onuň gürrüňini edýärler — diýipdir.

 

* * *

Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Eý, oguljygym! Sen uklaýşyň ýaly ölersiň, oýanyşyň ýaly hem direlersiň».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dünýäden habardar boluň. Ondan hiç zat galan däldir, gapda galyndynyň galyşy ýaly diňe galyndy galandyr. Şeýle-de ahyret sizi hem garşy alar. Olaryň ikisiniň hem ogullary bardyr. Siz ahyretiň ogullaryndan boluň. Dünýäniň ogullaryndan bolmaň. Her bir dogan çaga kyýamat güni ejesine garaşjakdyr. Şeýle-de bu günler amal günüdir, hasap güni däldir. Ertir bolsa hasap günüdir, amal güni däldir».

 

* * *

Abytdan:

— Dünýäni näme üçin terk etdiň? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Sebäbi men onuň lezzetini özüme gadagan etdim, şonuň üçinem onuň gaýgysyndan daş durýaryn — diýipdir.

 

* * *

Başga bir abyda bolsa:

— Sen hem dünýäden öz paýyňy al, sebäbi sen ondan gitmeli bolarsyň –diýipdirler.

Ol:

— Seniň şu sözüňden soň meniň ondan lezzet almazlygym wajyp boldy — diýipdir.

 

* * *

Abdylmälik ibn Merwan şeýle diýipdir: «Men remezan aýynda doguldym. Rejep aýynda Gurhany hatym etdim. Halypalyk hem remezan aýynda berildi. Remezan aýynda ölerin öýdüp hem gorkýaryn.

Emma şowwal (baýram) aýy gelende, ol arkaýynlaşypdyr we şol aýda hem wepat bolupdyr».

 

* * *

Men şol bir günde haýsydyr bir halypanyň hem ölen, hem halypa bolan, hem doglan gününi bilmeýärin. Ýöne bir gijede halypa Hady doguldy, Harun Reşit halypa boldy we halypa Mansur dünýä indi, ine, men şol güni bilýärin.

 

Add comment


Security code
Refresh