Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 07 March 2016 14:19

hadys we rowaýatlar

hadys we rowaýatlar

 

Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) bir gün Resulallanyň ýanyna barypdyr. Resulalla şol wagt boýranyň üstünde ýatan eken. Hezreti Omar ony görüp, aglap: — Eý, Allanyň pygamberi, bir düşek ýazyp ýumşak ýerde ýatsadyňyz — diýipdir. Onda pygamber oňa : — Meniň dünýä bilen işim ýok. Men bilen dünýäniň mysaly göýä bir syýahatçynyň yssy günde seýr edip barýarka, bir agajyň aşagynda dynç almak üçin düşläp, dynç alyp, soň bolsa terk edip gidişi ýalydyr — diýipdir. * * * Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim-de kim juma güni sabyr edip we sogap isläp agzyny beklese, oňa on sany üýtgeşik gün berler, ol günler dünýä günlerine meňzemez». * * * Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Biliň, Alla size rehim etsin. Hakykatdan hem siz hakykatyň az aýdylýan wagtynda, dilleriň dogruçyllykdan kütek, hakykatyň basgylanýan döwründe ýaşaýarsyňyz. Siziň döwrüňiziň ýaşaýjylary günälere özüni beren, aldanylmaga öwrenişen, ýaşlaryňyz azan, garrylaryňyz günäkär, alymlaryňyz mynapyk, karylaryňyz ryýakär. Kiçileriňiz ulularyňyza hormat goýmaýar, baýlaryňyz garyplaryňyza seretmeýär». * * * Kimiň juma güni metjitden çykmanka gözünden ýaş aksa, Allatagala çepdäki perişdä bakyp: «Bendämiň amal depderini düýrle. Indiki juma çenli onuň günä işlerini ýazma!» diýer. * * * Abu Zer şeýle diýipdir: «Dünýä göýä ýumşak başly düýe ýalydyr. Eger onuň kellesinden tutsaň, guýrugyny hem getirer, ýagny eger günüň başyny haýyr bilen başlasaň, tä soňuna çenli şol gün haýyrly bolarsyň». * * * Lukman Hekim ogluna şeýle diýipdir: «Dünýäniň içine girme, aralaşma, ol seniň ahyretiňe zyýan ýetirer. Ony terk hem etme, ynsanlara ýük bolarsyň». * * * Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) her gezek münbere çykyp dik durup, hutbasyny şeýle sözler bilen başlar eken: «Eý, ynsanlar, Alladan gorkuň! Ol ynsany ýöne ýere oýun üçin ýaradan däldir. Ol ynsany ýöne ýere öz peýwagtyna goýberen däldir. Ahyretiň tersine erbetlikleri gözüňize gowy şekilde görkezilýän dünýäňizi hem ýöne ýere ýaradan däldir. Siziň dünýäde rüstem hasaplap, uly ähmiýet berýän ulumsylygyňyz näme? Ahyretden hem rüstem görýän pes gynançlaryňyz ýaly bular näme?». * * * Huzeýfe Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Siziň iň haýyrly bolanyňyz ahyreti dünýä üçin terk edeniňiz ýa-da dünýäni ahyret üçin terk edenleriňiz däldir. Gaýtam, tersine, ikisinden hem peýdalanandyr».

Add comment


Security code
Refresh