Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 06 March 2016 14:00

hadys we rowaýatlar

hadys we rowaýatlar

 

 

 

Mugawyýa şeýle diýipdir: «Hezreti Abubekr Syddyk (Alla ondan razy bolsun) dünýäden gaçdy, dünýä bolsa ondan gaçdy. Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!)  onuň bilen gyzyklandy, ol hem onuň bilen gyzyklandy. Hezreti Osman (goý, Alla ondan razy bolsun!)  oňa gowuşdy, ol hem oňa gowuşdy. Emma men dünýä bilen arkan-ýüzin ýatdym».

 

* * *

«En-nesaýyh es-sygarda» şeýle diýlipdir: «Eý, dünýä! Sen niçe batyrlary ýaraladyň. Niçe göz gabaklaryny gabartdyň. Özüňden aýra düşendikleri sebäpli, aşyklaryň kellelerini erbet akybete ugratdyň. Olaryň senden edýän arz-şikaýatlary bolsa daşlaryň sany ýalydyr».

 

* * *

Enes şeýle diýipdir: «Her gijäniň, gündiziň, aýyň we ýylyň owwalynda haýyr bardyr. Men muny siziň pygamberiňizden eşitdim».

 

* * *

Ýunus ibn Meýsere şeýle diýipdir: «Bize näme bolýarka? Üstümize gelýän ähli zaman üçin aglaýarys we üstümizden geçen ähli günler üçin hem aglaýarys».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Başy jebir-jepa (mähnet) bolan we soňy panylyga elten ýurdy men size nädip beýan edeýin. Halalynda hasap bar, haramynda azap. Kim-de kim bu ýurtda baý bolan bolsa, onuň synaglaryna sezewar bolandyr. Kim-de kim garyp bolsa, gaýgy-gam içindedir. Kim ony gazanjak bolsa, ondan ýiter-gider. Kim oturyp ony islemese oňa geler. Kim oňa ybrat-görelde bilen seretse, ony dogry garaýyşly eder. Kim oňa isleg-hesret bilen seretse, ol onuň kalbyny kör eder».

 

* * *

Halyt ibn Abdylmälik ýedi ýaşynda Medine häkimligine bellenilipdir. Şol ýyl gurak bolupdyr, hatda çöldäkiler Şama göçüp başlapdyrlar. Şonuň üçinem: «Halydyň ýyllary ýaly ýyllary indi yzyna getirmäwersin» diýipdirler. Hatda ol «Ýusubyň ýyllarynyň bolşy» ýaly diýen atalar sözüne öwrülip galypdyr.

 

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Hakykatdan-da Alla meret aýynyň ortasynda öz ýaradan bendeleriniň ählisiniň günäsini geçer. Diňe özüne şirk goşan müşrigi we öz musulman dogany bilen öýke-kineli ýagdaýda bolanyň günäsini geçmez».

 

* * *

Hasan Basry oraza baýramy günlerinde birnäçe adamlaryň gülüşip-oýnaşyp ýörendiklerini görüpdir. Ol şeýle diýipdir: «Oraza ynsanlaryň Allanyň tagat-ybadatynda ýaryşmak üçin aýlaw edilip goýuldy. Ömrümden ant içýärin eger, aradaky gaýyp perde açylyp, hemme zat äşgär bolsa-dy, bularyň arasyndaky ýagşy kişiler haýyr işleri bilen, zalymlar bolsa donlaryny täzeläp, çekýän arpalaryndaky kem çekmekden seresap bolmak bilen meşgul bolardylar».

 

* * *

Sagyt ibn Jubeýr Ibn Apbasdan şeýle gürrüň beripdir: «Dünýä jemi ýedi müň ýyldyr. Şu wagt alty müň bir ýüz ýyl geçdi. Ýöne ýyllardan ýene-de asyrlar geler, olar muňa birleşen däldir (bulardan başgadyr)».

 

* * *

Kagbul Ahbar şeýle diýipdir: «Dünýäniň uzynlygy 6000 ýyldyr».

 

* * *

Şu wagt ajal ýakaňdan tutmanka, onuň bu pursatyny amal etmäge mümkinçilik we olja hasapla. Sebäp we bahana görkezmegi taşla. Sen çäkli wagtyň içindesiň we ömrüň hem uzak däldir.

 

* * *

Isa alaýhyssalam  şeýle diýipdir: «Eý, dünýäni talap ediji, dünýäni ýyk. Seniň ony terk etmegiň oňa iňňe sokan ýalydyr».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Kim möwç urýan deňizde öý gurnar. Bu size dünýädir. Ony ýaşaýyş ýeri hökmünde tutmaň».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Kim dünýäde özüni erbet alyp barsa, Alla oňa garşy çykar. Ahyrete diňe dünýäni terk etmek bilen ýetip bolar».

 

* * *

Rahypdan:

— Nädip dünýäni özüňe gadagan edýärsiň? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Men özümiň ondan islegsiz çykjakdygyma göz ýetirdim, şonuň üçinem ondan öz islegim boýunça çykdym — diýipdir.



 

 

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh