Wednesday, 02 March 2016 09:07

hadys we rowaýatlar

hadys we rowaýatlar

 

 

 

Rowaýat etmeklerine görä, ol garry aýalyň ýedi ogly bar eken. Ol bir gün ogullaryndan özüni durmuşa çykarmaklaryny sorapdyr. Ogullary hem oňa käýäpdirler. Soň olar oňa: «Sowuk howada ýedi gün dursaň seni durmuşa çykaraly» diýipdirler.

Ol garry aýal hem olaryň aýdyşlary ýaly edip, sowuk howada galypdyr. Ýyl hem it ýyly eken. Ol ýedinji gün diýlende wepat bolupdyr. Şol günler hem garrylar gününe degişli edilipdir.

 

* * *

Şeýle-de: «Ol günler ad kowumynyň heläk bolan günleridir» hem diýlipdir. Ýöne dogrusy «garrylar güni» gyşyň ahyrydyr.

 

* * *

Eger oglan ýigit çykanda oňa: «Çaganyň sakaly çykdy, murty derledi» diýipdirler.

 

* * *

Abul Atahyýa şeýle diýipdir:

 

Aldanma dünýäniň ýüzüne bakyp siňe sen,

Ömür puşman edersiň görseň eger ýeňsesin.

 

* * *

Ibn Ammaryň ýyly mekgeliler üçin haýry köp bolan ýyldyr. Ibn Ammar — Ahmet ibn Omar ibn Şady Basrydyr. Ol halypa Mugtasymyň weziri bolupdyr. Ol wezirligini taşlap: «Men Mekgede Allanyň goňşuçylygynda ýaşamak isleýärin» diýipdir. Mugtasym oňa on müň dinar beripdir. Şeýle hem oňa Mekgede paýlamak üçin ýigrimi müň dinar iberip, olary diňe haşymylara, kuraýşylara we ensarylara bermegini sargapdyr.

Ibn Ammar ondan:

— Olardan galanlara paýlamaýynmy? — diýip sorapdyr.

Mugtasym hem oňa ýene-de bäş müň dinar berip:

— Al bulary hem olara paýla — diýipdir.

Mekgeliler hem bu ýagdaý sebäpli: «Ibn Ammaryň ýyly ýaly ýyl görmedik» diýipdirler.

 

* * *

Bir akyldar şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň içinde zamananyň iň alymy, onuň hadysalaryna az geň galýandyr».

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Gündizden soň gijäň gelşine kybap,

Wagt hemmä terbiýe berer döwrebap.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Bu dünýä meniň gözüme jüzzamly kişiniň elinde gemirlen doňuz süňklerinden hem has pesdir».

 

 

* * *

Abu Hafs Şatranjy şeýle diýipdir:

 

Ynsan geçen her gün üçin dynç almagy arzuw edýär,

Täze günüň her habaram düýn üçin seni agladýar.



.

 

Add comment


Security code
Refresh