Sunday, 28 February 2016 08:29

hadys we rowaýatlar

hadys we rowaýatlar

 

 

 

«Mütewekkiliň gijesi» atlandyrylan söz — kimdir biriniň maksadyna ýeten gijesi hökmünde «şatlykly gijä» mysal bolup nakyla öwrülip galypdyr. Ol gije 232-nji hijri ýylynyň şowwal aýynyň dolmagyna üç gün galanda, sogap güne gabat gelýär. Ony Bagyr Türk(men)i bilen öz ogly Muntasyr dildüwşip, bir şerap mejlisinde öldüripdirler.

 

 

* * *

Abul Kasym Zagpyrany bir şygyrda şeýle diýipdir:

 

Mütewekkil gözlerin baky ýuman gijesi,

Halas boldy galada, ynsanlaryň nijesi.

 

* * *

Barmakylaryň döwrüniň parahatçylygy, haýryň we bereketiň köpdügi barada Jemmaz[3]: «Bize barmakylaryň zamany ýaly saçak getiriň, hyzmat ediň» diýipdir.

 

* * *

Salyh ibn Taryf şeýle diýipdir:

 

Siziň döwür gowudy, eý, Barmak ogullary!

Ol döwürler üýtgedi, zamana yrga boldy.

 

Siziň ötgür döwrüňiz, dünýä göýä gelindi,

Bu gün göýä dul aýalyň, ýagdaýyna gelindi.

 

* * *

Abu Mansur Sagalyby Horezm Şa Abul Apbas barada şeýle diýipdir:

 

«Eý, Perwerdigär! Sen Mamun ogly Mamunyň raýatlaryny Barmak ogullaryny goraýşyň deýin, gorawer!

Onuň halky üçin eden işleri, nygmatlary, halk üçin şatlyk boldy we hemme ýere ýaýrady».

 

* * *

Abdylmälik ibn Merwan «Biz «Ümmi Hynewwerden» üstün çykdyk» diýeninden soň bir hepde ýaşapdyr. «Ümmi Hynewwer» dünýäniň lakamydyr. Aslyýetinde «Ümmi Hynewwer» syrtlan diýmekdir. Syrtlanyň adam iýýändigi üçin dünýä oňa meňzedilipdir. Hatda dişe hem syrtlan diýlipdir.

 

* * *

Hezreti Hatyja we Abu Talyp bir ýylda, ýagny Muhammet alaýhyssalamyň pygamberliginiň altynjy ýylynda wepat bolupdyrlar. Muhammet alaýhyssalam bu ýyly «gynanç ýyly» diýip atlandyrypdyr.

 

* * *

Hijri ýylynyň 80-nji ýylynda Mekgä uly sil gelipdir. Hatda ol sil üsti ýükli düýeleri hem alyp gidipdir. Mekgeliler bu ýyla: «Zyýan ýyly» diýipdirler.

 

* * *

Ibn Rumy şeýle diýipdir:

 

Döwrüň iki oglunyň gapyl işleri bardyr,

Günüň geçirmek bilen ýagşyja oýnaýandyr.

 

 

* * *

«Kösäniň ata münmegi» sözi – azer aýynyň gelmeginden ybaratdyr. Munuň sebäbi hem köseler bu aýyň başynda gyzgyn dermanlary içýärler we endamlaryna gyzgyn, çig zatlary sürtýärler. Soň diňe ýeke donly gezýärler. Bu bagdatlylaryň we parslaryň däbidir.

* * *

Şahyr Myrady şeýle diýipdir:

 

Eý, jarçy, ulaga atlandy köse,

Düş atdan, pyýada ýöre, sen eýse.

 

Azerden nygmaty – paýyňy al sen,

Hem durmuşda sapaň açaryn al sen.

 

* * *

Erdeşir ibn Bäbek şeýle diýipdir: «Dünýä aldanma, sebäbi seniň ýeke özüň dälsiň. Dünýäni terk hem etmäň, sebäbi ahyrete diňe onuň üsti bilen ýetip bolýandyr».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dünýäniň ýaşaýjylary göýä ulagly seýr edip ýören ýalydyr. Ol ulagyň üstündedir, ulag bolsa uklap ýatandyr».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Size dünýäden el çekmegiňizi maslahat berýärin. Sebäbi ol ýer çadyryň sökülmeli ýeridir. Suwuna-otuna aldanyp, oturylmaly ýer däldir. Ol aldawçylyk sebäpleri bilen bezenendir, zynaty bilen aldaýandyr. Ol öý Rebbiniň gatynda ähmiýetsiz öýdür. Halaly haramyna, haramy halalyna garyşandyr. Ýaşaýşy ölüm bilendir, lezzeti ajylyk bilendir. Allatagala ony dostlaryna hem beren däldir, duşmanlaryndan hem ony saklan däldir».



 

 

 

 

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh