Tuesday, 23 February 2016 10:08

hadys we rowaýat

hadys we rowaýat

 

 

 

Muhammet alaýhyssalam bir gezek sahabalara ýüzlenip: «Size jennetiň sagatlaryndan bir sagady habar bermegimi isleýärsiňizmi? Ol sagatda kölegeler uzalýar, rysgallar paýlanýar, rehmet giňelýär, dogalar kabul bolýar» diýipdir.

Oňa:

— Hawa, ýa, Resulalla — diýip jogap beripdirler.

Ol:

— Ol wagt daň atandan tä gün dogýança bolan aralykdyr — diýipdir».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Bir gün Muhammet alaýhyssalam gün dogmazdan ozal uklap ýatan Äşäni yralap, oňa: «Rebbiň rysgalyny gazanmak üçin we gapyllardan bolmazlygyň üçin tur, çünki Alla öz bendeleriniň rysgallaryny daň atandan, tä gün dogýança paýlaýandyr» diýdi».

 

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ertir namazyňdan soň, tä gün dogýança özüniň tutuş maşgalasy bilen Allanyň zikrine meşgul bolan kişi, meniň ýanymda Ysmaýyl ogullaryndan bir kişini azat edenden hem has gowudyr».

 

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Nebsim gudrat elinde bolandan ant içýärin, men şeýle bir kişileri bilýärin, olar dünýä üstünde ýöreýän topraklaryndan hem has az üns berýärler. Olaryň gün dogdumy ýa-da batdymy, hiç hili habarlary hem ýok».

 

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Eý, oguljygym! Dünýä özi üçin çalyşýana, çalyşýandyr. Onda heläk bolmazdan, ondan gaç. Walla, men saňa bulary duýdurýaryn we heläkçiligi habardar edýärin».

 

* * *

Ibn Apbasdan:

— Nuh alaýhyssalam gämide namazyň wagtlaryny nädip bilipdir? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Alla oňa iki sany dür beripdir, biri ak, göýä gündiziň aklygy ýaly, beýlekisi gara, göýä gije garaňkysy ýaly. Eger agşam düşse, bu gara dür ak dürden üstün çykmaga başlaýar eken. Eger gündiz bolsa ak dür gara dürden üstün çykmaga başlaýan eken, göýä on iki sagadyň ölçegi ýaly — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Kubeýsa ibn Jabyr şeýle diýipdir: «Dünýä ahyretde towşanyň awçydan gaçyşy ýaly gorkup gaçar».

 

* * *

Ýahýa ibn Mugaz Razy şeýle diýipdir: «Dünýä şeýtanyň şerabydyr. Kim ondan içse, diňe ölüm esgeri gelende gynanyp, puşman edip açylar (ondan bärde açylmaz)».

 

* * *

Lukman Hekim  şeýle diýipdir: «Dünýäňi ahyretiňe sat. Şeýtseň, hemme taraplaýyn utarsyň».



 

 

 

Add comment


Security code
Refresh