Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Saturday, 20 February 2016 09:32

hadys we rowaýatlar

hadys we rowaýatlar

 

 

 

Sabyt ibn Magbat[1] şeýle diýipdir: «Dünýäniň dostlugy içýanyň dostlugy ýalydyr. Soňunda zäheri we iňňesi bilen çakar».

 

* * *

Halypa Mamun şeýle diýipdir: «Eger sen menden dünýä barada sorasaň, men ony diňe Abu Nuwwasyň aýdyşy ýaly wasp ederin:

 

Dünýäni synaga salsaň eger sen,

Dost lybasly duşmanlygyn görersiň.

 

* * *

Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kim derýanyň tolkunlarynyň üstünde öý gurar? Dünýäden habardar boluň. Dünýäni özüňize mesgen görmäň».

 

* * *

Muhammet ibn Ýahýa Wasyty şeýle diýipdir: «Allanyň tagatyndan şeýtanyň tagatyna köp üns berýän Allany doly manyda tanamaz, dünýä köp üns berýän hem ahyreti doly manyda tanamaz».

 

* * *

Bişr ibn Harys şeýle diýipdir: «Ahyreti mal-mülküň başy kyl. Heý, dünýäni utan kişini görüpmidiň?».

 

* * *

Ibn Mesgu Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Dünýä sögmäň. Ol mömini haýra ýetirýän nähili oňat ulagydyr. Onuň bilen şerden halas bolýarlar».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Eger bir adam saňa: «Allatagalla dünýä lagnat etsin diýse» onda dünýä hem: «Öz Rebbine iň uly günäkär bolan guluna Allatagala lagnat etsin» diýer.

 

* * *

Şahyr şeýle diýipdir:

 

Käbirleri diýýär: «Zamana, bozuk»,

Ýok, bozuk özüňiz, däl ahyr siz hak.

 

* * *

Ibn Rumy şeýle diýipdir: «Sen näme döwri günäkärleýärsiň, ol näme saňa öz maksatlaryny, seniň üçin gizlin ýa-da görünmeýän ýer bolan, dag başyndaky bürgüdiň höwürtgesinde ýa-da balygyň ýaşaýan ýeri bolan deňiziň düýbünde getirdimi?»

 

* * *

Hasan Basry bir gezek:

— Hajjaçdan eşiden sözüm meni keselletdi — diýipdir.

Ondan:

— Seni şu Hajjajyň sözi keselletdimi? — diýip geňirgenip sorapdyrlar.

Ol hem:

— Hawa. Men onuň şu agaja çykyp aýdan şeýle sözlerini eşitdim. Ol: «Eger bir kişiniň ömrüniň sagady öz ýaradylyşyna mynasyp bolmadyk ýagdaýda geçse, onda onuň muňa gynanmasy dogrudyr» diýdi — diýipdir.

 

* * *

Abdyrahman Ensary Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kyýamat ýakynlaşanda ýagyş köp ýagyp, ösümlik az bolar, ylym okan köp bolup, din alymy az bolar, soltanlar köp bolar, emma ynamdarlary az bolar».

Enes hem bir hadysda şeýle rowaýat edipdir: «Metjitler geçelge ýoluna öwrüler».

 

* * *

Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Fyrat derýasy gyzyl bir dagdan açylyp çykýança kyýamat gopmaz. Ynsanlar onuň üstünde urşarlar. Her ýüz kişiden togsan dokuz kişi öldüriler. Olaryň her biri: «Belki, şol halas bolan mendirin» diýer».

 

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Sen Allanyň 50 000 ýyllap aýakda goýjak kowumlary barada pikirlen. Olar iýmezler, içmezler hatda olar suwsap boýunlary kesilip gider. Garynlary açlykdan ýaňa ýansa, ony ot bilen doldurarlar, gaýnap duran suw guýarlar. Onuň tagamy hem örän ajydyr we ol mundan ýaňa çişer».

 

* * *

Bir gezek Abu Sagyt Hudry Muhammet alaýhyssalamdan:

— Ýa, Resulalla! Kyýamat gününiň dowamlylygy näçedir? — diýip sorapdyr.

Pygamberimiz hem:

— Nebsim (janym) gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin, ol mömine gysga bolar. Eger mömin namazly bende bolan bolsa has hem gysga bolar — diýipdir.



 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh