Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 14 February 2016 08:35

hadys we rowaýat

hadys we rowaýat

 

 

 

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Dünýäni saz-söhbet we surnaý bilen islemek, dünýäni din bilen islemekden has gowudyr».

 

* * *

Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Ynsanyň dünýäni dünýädäki iň erbet zatlar bilen islemegi, ahyreti islenilýän zatlaryň iň gowusy bilen islemeginden has gowudyr».

 

* * *

Hadysda şeýle diýlipdir: «Allatagala dünýä şeýle diýipdir: «Eý, dünýä meniň mömin bendäm üçin ajy bol. Oňa süýji bolma».

 

* * *

Abyt (ybadathon) şeýle diýipdir: «Men gaýgy-gamlara, hata we günä işlere gynanmaýaryn. Men uklap geçiren gijelerime, oraza tutmadyk günlerime we Allanyň zikrini etmän geçiren wagtlaryma gynanýaryn».

 

* * *

        Ybraýym Edhem[1] şeýle diýipdir: «Kalbyňy dünýäni agzamakdan boşatsaň, kalbyň hem saňa öz razylygyny bütinleý berer».

 

* * *

Çarwa arap aýal kowmuna şeýle diýipdir: «Allatagala gowuşjakdygyňyza şatlanyň. Sebäbi bu günler bizi ýuwaş-ýuwaşdan oňa golaýlaşdyrýar (ýagny gün geçdikçe ölüm ýakynlaşýar)».

 

* * *

 

Mustewrit[2] Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Dünýä ahyretiň ýanynda, siziň biriňiziň barmagyňyzy umman deňze batyranda galýan zat ýalydyr».

 

* * *

Abul Atahyýa[3] şeýle diýipdir:

 

Irden turdum, meniň sussum örän pes,

Bu ýollara çäre barmy, eý näkes?

 

Dünýä meni oýunjak dek oýnaýar,

Deňiz gark bolany şeýtmän goýmaýar.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dünýäni dost tutan göýä suwy goşawuçlap tutan ýalydyr. Barmaklary hem oňa hyýanat edip, suwy syzdyryp çykararlar».

 

* * *

Enes[4] şeýle diýipdir: «Allatagala dünýäni synag öýi edip ýaratdy. Ahyreti bolsa synagyň netije öýi edip ýaratdy. Dünýäni ahyretiň sogabyny gazanmak üçin sebäp etdi. Ahyretiň sogabyny hem dünýäniň synagyna garşylyk etdi. Ol bermek üçin alýandyr, sogap üçin synag edýändir».

 

* * *

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Dünýä uly ähmiýet bermäň, sebäbi ol size peýdasyz zatlary has owadan görkezer. Size peýdaly bolan zatlary bolsa erbet görkezer».

 

* * *

Ibn Uýeýne[5] şeýle diýipdir: «Allatagala dünýä şeýle diýipdir: «Eý, dünýä! Özüňe hyzmat edeni özüňe bendi et. Maňa hyzmat edene bolsa, sen hem hyzmat et!».

 

* * *

Bir adam Hasan Basra:

— Eý, Abu Sagyt, men eger ajyksam tapdan düşýärin, doýsam demimi zordan alýaryn — diýipdir.

Onda Hasan oňa:

— Bu diýar seniň bilen ylalaşmaz. Sen başga diýary gözle — diýipdir.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dünýä asyl mekana tarap geçelge ýoludyr. Ynsanlar hem iki topardyr. Biri öz janyny satar, dünýä olary heläk eder. Beýlekileri bolsa janlaryny satyn alarlar, dünýä bolsa olary erkinlige goýberer».

 

* * *

Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Hakykatdan Allatagala dünýäni ahyretiň niýetine berýär, emma ahyreti dünýäniň niýetine bermez».

 

* * *

Zahytdan dünýä barada soralanda ol: «Dünýä dert-muşakgatlaryň üýşen we şerbeti bulançak bolan ýerdir. Munda dost dosta, dogan-dogana peýda bermez» diýipdir.



 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh