Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 03 February 2016 10:05

hadys we rowaýat

hadys we rowaýat

 

 

 

Aly ibn Ubeýde şeýle diýipdir: «Zamananyň gözi erbetlikler bilen gyrpyldady, halaýyk hem onuň gözleriniň gabaklarynyň arasynda galdy».

 

* * *

Rahypdan:

— Siziň baýramyňyz haçan? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Haýsy gün Allatagallanyň öňünde günä iş etmesem, şol gün hem maňa baýramdyr — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Zahytdan:

— Allatagalla nämäni iň pes edip ýaratdy? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Eger çybynyň ganaty ýalyjak hem adalatsyzlyk bar bolsa, pany dünýäni — diýipdir.

Soragçy bolsa:

— Eger bu ganatdan köp bolsa, ondan hem has pesdir — diýipdir.

 

* * *

Bir çarwa arap ýylyň başynda sapara çykarman bolupdyr. Ol öz-özüne: «Eger men muharram aýynda sapara çyksam, haramlyga mynasyp iş etdigim bolar. Eger sapar aýynda ýola çyksam, saralaryn öýdüp gorkýaryn» diýip, saparyny rabyg aýyna goýupdyr. Haçanda rabyg aýy gelip sapara çykanda bolsa, syrkawlapdyr we uzak wagtlap keselinden açylmandyr. Ol öz-özüne: «Men rabyg aýy saglyk aýydyr diýip pikir edýärdim, emma ol syrkawçylygyň dörtden biri eken» diýipdir.

 

* * *

Şygyr:

 

Göterenler zamananyň ýükünden,

Akmaklara geçmeginden çekinmez.

 

* * *

Şygyr:

 

Bu gün terbiýeledi meni zamana,

Durmuşy ýeňene peşgeş hamana.

 

* * *

Şygyr:

 

Diýdiler: «Bu ýyl-a sörtükli boldy»,

Bolmaz-a, ähli ýyl ýagyş-ygally.

 

* * *

Şygyr:

 

Ýüzi reňkli zaman dilli degirmen,

Aýlanar ol bir pursatam dek durman.

 

* * *

Abu Zeýt Ensary şeýle diýipdir: «Abu Dukeýşiň ýanyna bardym. Ol syrkaw ýatan eken.

Ondan:

— Dünýäni nähili görýärsiň? — diýip soradym.

Ol:

— Göwün isleýşim ýaly görmeýärin. Erbet zamanda ýaşaýarys. Tapan jomart däl. Jomart hem tapmaýar — diýdi».

 

* * *

Hasan Basrydan:

— Eý, Abu Sagyt, sen Muhammet sallallahy alaýhy we sellemden: «Zamana diňe erbetlige gider. Kyýamat diňe erbetleriň üstüne gopar» diýen hadysy rowaýat etmediňmi? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Hawa, rowaýat etdim — diýip jogap beripdir.

Oňa:

— Omar ibn Abdyleziziň zamany barada näme diýersiň? — diýipdirler.

Ol:

 — Ynsanlara dynç almak hem gerek ahyry![6] — diýipdir.

 

* * *

Jahyz şeýle diýipdir: «Nowruz güni mihrijandan has öňdedir. Sebäbi, nowruz Nuh pygamberiň döwründäki tupandan öň Jem (Jemşit) şanyň döwründe hem bolupdyr. Nowruz güni Yspyhanyň Kis diýen ýerinde uly baýramçylyk edilip başlanypdyr. Kim ol baýramçylyga girse, adamlaryň köplüginden ýaňa ondan çykyp bilmez eken. Mihrijan bolsa Peridun şanyň döwründe ýüze çykypdyr. Ol Zahhakyň Dünýänet (Demawent) dagynda ýüze çykan we baýramçylyk edilip başlan günüdir».



 

 

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh