Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 01 February 2016 16:32

hadys we rowaýatlar

hadys we rowaýatlar

 

 

 

 

 

 

* * *

Aly ibn Ubeýde şeýle diýipdir: «Zamananyň gözi erbetlikler bilen gyrpyldady, halaýyk hem onuň gözleriniň gabaklarynyň arasynda galdy».

 

* * *

Rahypdan:

— Siziň baýramyňyz haçan? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Haýsy gün Allatagallanyň öňünde günä iş etmesem, şol gün hem maňa baýramdyr — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Zahytdan:

— Allatagalla nämäni iň pes edip ýaratdy? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Eger çybynyň ganaty ýalyjak hem adalatsyzlyk bar bolsa, pany dünýäni — diýipdir.

Soragçy bolsa:

— Eger bu ganatdan köp bolsa, ondan hem has pesdir — diýipdir.

 

* * *

Bir çarwa arap ýylyň başynda sapara çykarman bolupdyr. Ol öz-özüne: «Eger men muharram[1] aýynda sapara çyksam, haramlyga mynasyp iş etdigim bolar. Eger sapar[2] aýynda ýola çyksam, saralaryn öýdüp gorkýaryn» diýip, saparyny rabyg[3] aýyna goýupdyr. Haçanda rabyg aýy gelip sapara çykanda bolsa, syrkawlapdyr we uzak wagtlap keselinden açylmandyr. Ol öz-özüne: «Men rabyg aýy saglyk aýydyr diýip pikir edýärdim, emma ol syrkawçylygyň dörtden biri eken» diýipdir.

 

* * *

Şygyr:

 

Göterenler zamananyň ýükünden,

Akmaklara geçmeginden çekinmez.

 

* * *

Şygyr:

 

Bu gün terbiýeledi meni zamana,

Durmuşy ýeňene peşgeş hamana.

 

* * *

Şygyr:

 

Diýdiler: «Bu ýyl-a sörtükli boldy»,

Bolmaz-a, ähli ýyl ýagyş-ygally.

 

* * *

Şygyr:

 

Ýüzi reňkli zaman dilli degirmen,

Aýlanar ol bir pursatam dek durman.

 

* * *

Abu Zeýt Ensary[4] şeýle diýipdir: «Abu Dukeýşiň[5] ýanyna bardym. Ol syrkaw ýatan eken.

Ondan:

— Dünýäni nähili görýärsiň? — diýip soradym.

Ol:

— Göwün isleýşim ýaly görmeýärin. Erbet zamanda ýaşaýarys. Tapan jomart däl. Jomart hem tapmaýar — diýdi».

 

* * *

Hasan Basrydan:

— Eý, Abu Sagyt, sen Muhammet sallallahy alaýhy we sellemden: «Zamana diňe erbetlige gider. Kyýamat diňe erbetleriň üstüne gopar» diýen hadysy rowaýat etmediňmi? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— Hawa, rowaýat etdim — diýip jogap beripdir.

Oňa:

— Omar ibn Abdyleziziň zamany barada näme diýersiň? — diýipdirler.

Ol:

 — Ynsanlara dynç almak hem gerek ahyry![6] — diýipdir.

 

* * *

Jahyz[7] şeýle diýipdir: «Nowruz[8] güni mihrijandan[9] has öňdedir. Sebäbi, nowruz Nuh pygamberiň döwründäki tupandan öň Jem (Jemşit) şanyň döwründe hem bolupdyr. Nowruz güni Yspyhanyň Kis diýen ýerinde uly baýramçylyk edilip başlanypdyr. Kim ol baýramçylyga girse, adamlaryň köplüginden ýaňa ondan çykyp bilmez eken. Mihrijan bolsa Peridun şanyň döwründe ýüze çykypdyr. Ol Zahhakyň[10] Dünýänet (Demawent) dagynda ýüze çykan we baýramçylyk edilip başlan günüdir».

 

* * *

Abussamt halypa Japar Mütewekkil[11] barada şeýle diýipdir:

 

Zamananyň gowusy zamanasy Japaryň,

Biziň üçin mihrijan ol zamanaň her güni.

Her bir kişä aýandyr, kimlerdigi kimleriň,

Ähli zatdan ajaýyp, dilleriň wasp edeni.

 

* * *

Jahza Barmaky şeýle diýipdir:

 

Ketjal dek bolsa-da ýyldyzlar gije,

Onuň uzaklygy baky däl hijem.

Zym-zyýatdyr olar daň atan mahal,

Jomart hem wepala meňzeýär säher.

 

* * *

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kimiň aladasy we gaýgysy dünýä bolsa, Allatagalla onuň kalbyndan baýlygy alar. Ony garyp eder. Oňa ýazgytdan özge zat bermez. Kimiň aladasy we gaýgysy ahyret bolsa, Allatagala ony baý eder. Ol islemese-de, dünýäni oňa berer».



 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh