Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 25 January 2016 13:21

WAGT, DÜNÝÄ WE AHYRET HAKYNDA

   WAGT, DÜNÝÄ WE AHYRET HAKYNDA

 

 

 Hasan Basry şeýle diýipdir: «Eý, Adam ogly! Seniň bu arkaýynçylygyň nirä çenli? Sen ertirki gün üçin däl, şu gün üçin ýaşaýarsyň. Eger sen ertirki güne ýeteniňde şu günki aklyňy ulanyşyň ýaly aklyňy ulanarsyň. Eger sen ertirki güne ýetmeseň onda bu günki eden az işleriňe ökünme. Men dirhemlerinden we dinarlaryndan hem beter, öz ömürlerinden geçen günlerine gynanan ençeme kişileri gördüm».

 

* * *

Şygyr:

 

Goýma haýyr işi ertire çenli,

Ertä çenli galjagyňam näbelli.*

 

* * *

          Pyrgun Temimi şeýle diýipdir: «Zamananyň yzyndan ýetip bilen ýokdur. Zamana olary özüniň iki hadysasy[3] bilen dependir».

 

* * *

Bir gezek Nugman ibn Munzyr bir agajyň aşagynda dynç almak üçin düşläpdir. Onuň ýanynda Adyý hem bar eken. Adyý ondan:

— Eý, hökümdar! Sen bu agajyň näme diýýändigini bilýärsiňmi? — diýip sorapdyr, soň bolsa şu şygry okapdyr:

 

Bu saýada düşlän ençe ötegçi,

Oturyp, keýp çekip, al şerap içdi.

 

Möwriti geçensoň boldy ýolagçy,

Döwür hem üýtgedi, bu hala geçdi.

 

Nugman ibn Munzyryň şol güni mazasy bolmandyr.

 

* * *

Bir adamdan:

— Güýz gowumy, ýa-da bahar? — diýip sorapdyrlar.

Onda ol:

— Bahar gözler üçin, güýz agyz üçin gowy — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Ibn Agraby şeýle diýipdir:

 

 Eşidiň ýediler, baryňyz dogan,

 Ölmez-ýitmez hem juwan siz elmydam,

 Ýokdur sizi ynsan ornunda goýan (hepdäniň günleri).

 

* * *

Halyl şeýle diýipdir: «Günler üç görnüşdir, geçilen, görlen we wada berlen. Olar düýn, şu gün we ertirdir».

 

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Zaman kime peýda beren bolsa, ondan peýdalandygydyr».

 

* * *

Ibn Semmak şeýle diýipdir: «Dünýä gowşan şondan hem öler. Oňa gowuşmadyk şonuň üstünde hem öler».

 

* * *

Musa ibn Abdylla ibn Hasan ibn Aly şeýle diýipdir:

 

Ýaşan ömrümde durmasam ýanyp,

Dergazap bolýaryn bagrymy ýakyp.

 

* * *

Ibn Jureýjden:

— Mekgede siziň tomsuňyz näçe aý dowam edýär? — diýip sorapdyrlar.

Ol:

— On iki aý — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Şygyr:

 

Dostlaşalym bäri, zamana bilen,

Asandan soň müşgil baryn gördüm men.

Bir zat begendirse, ulaşyp gama,

Kynçylyga taýýar bolup durdum men.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Kim dünýäde arkaýyn ýaşap, özüniň onuň mekirliklerine sezewar bolandygyny duýmasa, ol aldanandyr».

 

* * *

Akyldar şeýle diýipdir: «Dünýäniň diňe üç zady bardyr: baýlygy, yzzaty we rahatlygy. Kim-de kim dünýäde kanagatly ýaşasa - baýlygyna gowşandyr. Kim-de kim takwa ýaşasa - yzzatyna gowşandyr. Kimiň gaýgy-gamy az bolsa - rahatlygyna gowşandyr».

 

* * *

Hasan kakasy Hezret Alydan:

— Ynsanlaryň dünýä bolan söýgüleri barada näme diýýärsiň? — diýip sorapdyr.

Onda Hezret Aly:

— Olar dünýäniň perzentleridir. Heý-de ynsan öz ene-atasyny söýmezmi? — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dünýä we ahyret göýä maşryk we magryp ýalydyr. Eger birine ýakynlaşsaň, beýlekisinden uzaklaşarsyň».

 

* * *

Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!)  şeýle diýipdir: «Dünýä kime giň bolup, özüniň dünýäden aldanýandygyndan bihabar bolsa, akly ony aldandyr».

 

* * *

Bekr ibn Abdylla Muzeni şeýle diýipdir: «Dünýäden dünýä bilen ýüz öwürýän adam, ody saman bilen söndürjek bolýan mysalydyr» .

 

* * *

Ybraýym ibn Ysmaýyl[ şeýle diýipdir: «Soňunyň puşmanlykdygyny bilip, dünýä meýil edýän adamyň haly örän geňdir».

 

* * *

Asmagy şeýle diýipdir: «Abu Amr ibn Agla[ maňa şu wakany gürrüň berip: «Obamyzda aýlanyp ýörkäm biriniň şeýle diýýändigini eşitdim:

 

Adamzadyň dünýäde,

Iň uly gaýgy-gamy,

Ulumsylyk ýüp bilen,

Ony tutjak bolmagy.

 

Men hem bu sözleri ýüzügimiň gaşyna ýazdym» diýdi.

 

* * *

Terkidünýä şeýle diýipdir: «Dünýäparaz garypdyr. Ol ony zeýrenip ýygnaýar we nägile bolup iýýär».

 

* * *

Hasan Basry bir adamdan:

— Seniň dünýä bolan islegiň nähili? — diýip sorapdyr.

Onda ol:

­­— Örän güýçli — diýip jogap beripdir.

Onda Hasan Basry:

—  Ondan isleýän zadyňa ýetdiňmi? — diýip sorapdyr.

Ol:

—   Ýok — diýipdir.

Onda Hasan Basry:

— Sen ondan isleýän zadyňa ýetmedik bolsaň, ondan islemeýän zadyň nähili bolar? — diýipdir.

 

* * *

Çarwa arap şeýle diýipdir: «Zamananyň iň gowusy köňlümiň hoşnutlyk tapanydyr».

 

* * *

Wehb ibn Munebbih şeýle diýipdir: — Atly aýlanyp ýörkäm, şeýle bir ses eşidildi:

 

Eý, ynsanlar! Ägä boluň, bir düşelge bu dünýä,

Islegini bitirip, göçüp, kepenläp münýär.

 

* * *

Akyldardan:

— Dünýäniň mysaly nämä meňzeýär? — diýip sorapdyrlar.

Onda akyldar:

— Dünýä özüniň mysaly bolmakdan has pesdir — diýip jogap beripdir.

 

* * *

Bir şahyr şeýle diýipdir:

 

Gije uzyn, ýöremeýär ýyldyzlar,

Ýa-da azaşdymy, ýitirip ýoly.

Olar bu gijede syr bolup galdy,

Meniň üçin olar azaşan ýaly.

 

Başga biri oňa şeýle jogaby beripdir:

 

Gije-hä uzalmady, ýyldyzlaň şol bir ýoly.

Aşyga gije uzyn, olar öňküsi ýaly.

 



 

 

*

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh