Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 14 November 2016 08:43

pygamber tebipçiligi

pygamber tebipçiligi

 

  فاغيةHynagül. Bu hynanyň gülüdir. Ol gyzgyn çişleri bejermekde peýdalanylýar. «Şagbul-iman» («Iman halky») kitabynda Bureýda salgylanyp, şeýle diýilýär: «Dünýä we ahyretdäki reýhan gülleriniň serweri hynagüldür».

 «Hoşboý ysly gülleriň arasynda Pygamberimiz üçin iň oňady hynagüldi» diýip, Enes aýtdy.

 فجلRediska. (Raphanus sativus). Ýokumlylygy az bolan bu ösümlikde bagyr dykylmasyny açýan gyzgynlyk bar. Ýüregiňi bulandyrýar we gusdurýar. Iýmit siňmesine peý­da etse-de, özi agyr siňýär. Rediskany köp iýmek bit-büre ýaly zatlary döredýär.

Sagyt ibn Musib: «Kim rediska iýmegi halaýan bolsa, ilkinji dişlände Pygamberimizi ýatlasyn» diýdi.

 فستقPisse. (Pistacia). Tebigaty gyzgyn-çygly bolan pissä­niň gabygy gusmany we içgeçmäni saklaýar. Pisse maňzyny gara kişmiş bilen garyp iýmek zehiniňi ýiteldýär we ýüre­giňi güýçlendirýär.

 فضةKümüş. Kümüşiň tebigaty sowuk-çyglydyr. Ýüregi­ňi berkidýär we ýürek urmasyny kadalaşdyrýar. Kümüş gaplary ulanmak haramdyr. Ol köňül şatlygyny artdyrýar, agzyňda saklasaň, agyz ysyny hoşboý edýär. Kümüş gaty­lan göz dermanlary gözüň nuryny artdyrýar.

 فقاعPiwo. Arpadan ýasalýan içgi. Aşgazan we beýni üçin ýaramaz bolup, endamyňda çiş döredýär.

 فلفلBurç. (Piper). Dördünji derejeli, gyzgyn-gurak tebi­gatly bolup, süňňüňi gyzdyrýar we içdäki ýeli çykarýar.

 

 

c ق d

 

 قـثاUzyn hyýar. (Cucumis sativis). Ikinji derejeli, so­wuk-çygly ösümlik. Dermanlyk täsiri taýyndan iň oňady bişen hyýar. Ol gyzgynlygy ýatyrýar, peşew akmasyna kömek ed­ýär. Bu hyýar adaty hyýarlardan ýeňildir. Pygamberimiziň hurma bilen hyýar iýendigini, Buhary beýan etdi. «Ejem meni dürli zat bilen bejerse-de, men semräp, özümi tutup gidiber­medim. Haçan-da hyýar we hurma bilen bakanda semredim» diýip, Äşe aýtdy.

Şu ýerden gelip çykýan ýene bir zat, aýallara semrediji serişdeleri ulanmagyň rugsat berlenligidir.

 قرعKädi. (Cucurbita). Allatagala bu ösümligi Ýunus alaýhyssalam hakdaky kyssada ýatlap «Onuň üstüne kädi daragtyny ösdürip goýduk»[1] diýdi.

Ikinji derejeli sowuk-çygly bolan bu ösümlik tiz ýokum berýär, üsgülewigi ýatyrýar. Gyzzyrmaly adamlar üçin iň oňat dermandyr.

«Pygamberimiz kädi iýmegi halaýardy» diýip, Enes aýtdy. «Kädi iýiň, ol akylyňyzy artdyrar, beýniňizi güýçlendirer» di­ýip, Pygamberimiziň aýdan sözlerinde ýatlanylýar. Äşe: «Mer­jimek bilen kädi iýeniň ýüregi ýumşar we jynsy kuwwaty ar­tar» diýip aýtdy.

Kädini turşy nar we sumak bilen garyp ulansaň öt haltaňa peýda berýär.

 قرطاس مصريMüsür kagyzy. Muwaffak Abdyllatyp «Mü­sür kagyzy» diýilýäniň papirus agajynyň gabygyndan ýasal­ýan dermandygyny aýtdy. Galen ony gan akmasyny togtatmak bölüminde ýatlap geçdi. Içegede dörän ýaralary bejermek üçin «müsür kagyzy» peýdalanylýar.

 قسطKust-aloe. (Aloexyluma gallochum). Ikinji derejeli, gyzgyn-gurak ösümlik. Ysmaz adamlara peýda berýär, jyn­sy joşgunyňy oýarýar. Zäherli ýylanlaryň awusyna gar­şy iň oňat dermanlyk serişde aloedir. Dümewi bejermek üçin bu ösümligi ysgamak gerek, onuň ýagy bolsa bil agyryny bejermäge peýdaly.

«Özüňizi bejerýän zatlaryňyzyň iň gowusy gan aldyrma we aloedir» diýip, Resulalla aýtdy. Pygamberimiziň gan aldyrma bilen aloeni bir ýerde agzamagynyň aňyrsynda inçe syr bardyr. Gan almazdan owal, kust sürtseň, şol ýerde gan alýan guralyň agyryly yzasy galmaýar. Ine, bu hem tebipçiligiň täsin zatla­ry­nyň biridir. Eger, gan aldyranyňyzdan soňra, hamyňyzda onuň yzy galsa, adamlar ony heýwere ýa demrew keselidir öýder, köpler muňa howpurgar. Şeýle yzlary görse, adamyň jany gor­ka düşüberýär. Bu ýagdaýy bilensoň, gan aldyrmakdan soň­ky täsirlerden goramak üçin, Pygamberimiz aloeni ulanmagy ýatlady. Kust diýilýän bu aloe, başgaça hindi udy hem diýilýär. Aloede örän köp peýdanyň bardygy üçin, Pygamberimiz ony bejeriji serişdeleriň iň oňady diýip atlandyrdy.

Jabyryň aýtmagyna görä, bir gün Pygamberimiz Äşäniň ýanyna baranda, iki burnundan gan gelip ýatan oglanjyga gözi düşüpdir. Pygamberimiz onuň nämedigini soranda, «Ol badam şekilli mäzlerini sowukladypdyr» diýip jogap beripdir.

Pygamberimiz olara garap: «Wah, size nebsim agyrýar, perzentleriňizi beýdip heläk etmäň. Haýsy enäniň perzendi badam şekilli mäzini sowukladan bolsa, ýa başy agyrýan bolsa, hindi aloesini tapyp owratsyn we ony ysgasyn» diýipdir hem-de Äşä şeýtmegi tabşyrypdyr. Ýaňky dermany ýasap, ysgadan­laryndan soňra ol syrkaw sagalypdyr.

Badam şekilli mäziň sowuklamasy[2] – bu bogazda döreýän agyrydyr. Käbir adamlar bu keseli bogazy gijedýän gan diýip düşündirdi. Bu gan şol badam şekilli mäzlere yza berýär. Bu mäzler bogaz boşlugynda – damakda ýerleşýär. Zenanlar muňa «Benatul-uzun» diýip at berýärler hem-de barmaklaryny sokup, ony öňki ornuna galdyrmak bilen bejerýärler. Pygamber alaý­hyssalamyň: «Haýbat-gorky bilen perzentleriňize ezýet ber­mäň» diýendigini aýdýarlar. Abu Abyt bu sözüň manysy hakda durup: «Bu ýerdäki «haýbat» diýýäni, şol agyryny bejermek üçin, perzendiňize zor salmaň!» diýildigi» diýdi.

Zeýt ibn Arkam Pygamberimiziň: «Plewrit[3] keselini deňiz aloesi we zeýtun ýagy bilen bejeriň» diýenini rowaýat etdi.

Plewrit keseli hem iki kysym bolup, olaryň birine hakyky plewrit diýilýär. Ol gapyrgalary gurşap alan örtükde ýüz ber­ýän gyzgyn çişdir. Hakyky däl plewrit, göwrede gezip ýören galyň ýeller sebäpli, böwrüňde sanjy-agyrynyň ýüze çykmasy ýaly zat bolup, ol kem-kemden ýaýraýandyr (plewrotorkus). Eger ýumşadylan aloeni gyzgyn zeýtun ýagyna garyp, agyryly ýere owkalasaň ýa-da ýalasaň, şol dert üçin iň peýdaly seriş­dedir.

Aloeniň içki agzalary güýçlendirip, içdäki ýeli çykarýan­dyg­ny, plewrit keselini bejermek üçin peýdalydygyny Mesih aýtdy. Mesih diýýänim belli-meşhur tebipleriň biri bolup, tebipçilik hakda onuň birnäçe eseri bar. Ibn Baýtar «Jamygul-kebir» atly eserinde bu tebip hakda ýatlap geçdi.

 قصبGamyş. (Phragmites anstralis). Olardan şekerçiň­ňerik hakda aýtsak, gyzgyn-çygly tebigaty bolan bu ösüm­lik üsgülewigi bejermäge peýdaly, çyglylygy we ujydy arassalaýar. Şekerçiňňerigiň peýdasy örän köpdür.

«Öwezine zat (derman) tapylmaýan üç sany derman bar. Olar üzüm we gül şiresidir. Eger şekerçiňňerigem bolmasady, onda men siziň ýurduňyza ornaşmazdym» diýip, Şapygy aý­dyp­dyr. Aýtmaklaryna görä, nahardan soň, şekerçiňrik soran adam, uzakly gün şadyýan gezýärmiş.

 القصب الفارسي«Pars gamyşy». «Pars gamyşy» diýilýän ösümlik sowuk-gurak tebigatly bolup, peýdaly täsiri azdyr. Pygamber alaýhyssalam gamyş bilen dişiňi synçgamagy ga­da­gan etdi. Bu ýagdaýy Omar hem gadagan etdi. «Gamyş bilen dişini synçgalan adamyň dişlerine iriňli ýara çykar» diýip, gürrüň berýärler.

 قطنPagta. (Cossypium). Gyzgyn tebigatly. Gyzdyryjy täsiri örän ýokary bolup, pagta süýüminden dokalan geýim zygyr (süýümli) geýimlerinden ýylydyr.

 قنبKenep, jut. (Cannabis sativa). Meşhur saman oty bolan bu kenep örän bellidir. Akylyňa we diniňe zeper ýetirýän, gözüň görejini küteldýän, erkeklik tohumyny ýok edýän bu ösümlik örän ýaramazdyr. Ol gyzgyn-gurak tebigatly.

 قنبيطGül kelem. (Brassica oleracea). Sowuk-gurak tebigatly bolan bu ösümlik aşgazanda agyr siňýär, käteler göz garaňkyrama derdine uçradýar.

 

«Käf» harpy

c ك d

 

 كافورKamfar. (Laurus camphora). Allatagala bu ösüm­ligi «hel etä[4]» süresinde ýatlap geçdi. Pygamberimiz onuň merhum ýuwulanda ulanylýandygyny aýtdy.

Kamfar üçünji derejeli, sowuk-gurak tebigatly ösümlikdir. Ol duýuş agzalaryňy güýçlendirýär, burun ganamasyny tog­tad­ýar jynsy joşgunyňy ýatyrýar. Uklamazlyk üçin kamfar ysga­mak, içgeçmäni kesmek üçin bir arpa dänesi[5] möçberinde kam­far içmek ýeterlikdir.

Merhumyň jesedine çalsalar, bir mütdet ýeriň astynda çüý­remeýär. Anygyny Alla bilýär.

كهربا Ýantar. Sowuk-gurak tebigatly bolup, ýüregiňi gurp­landyrýar. Magnitiň demri özüne çekişi ýaly, ýakym­syz yslary özüne çekip aýyrýar.

 كباثKebbas. Erek daragtynyň bişen miwesine kebbas diýilýär. Gyzgyn-gurak tebigaty bolan bu ösümlik aşga­za­nyň işleýşini güýçlendirýär. Kebbasyň berýän peýdaly täsir­leri edil erek daragtynyňky ýaly.

Jabyryň aýtmagyna görä: «Resulalla bilen kebbas miwe­le­rini ýygnap ýörkäk, Pygamberimiz bize garap: «Onuň gara miwesini ýoluň, iň oňady şoldur» diýipdir.

 كبرGöýül. Keber. (Capparis spinosa). Köp adamlar mu­ny gyrmyzygoza diýibem atlandyrýar. Bu ösümlik ýumşa­dyjy we rahatlandyryjy täsirleri, dürli dermanlyk güýçleri özünde jemleýär. Dalak üçin örän peýdaly iýmitdir.

Ibn Apbasdan rowaýat etmeklerine görä, Pygamberimiz olara bakyp: «Jennet gülende (ýylgyranda), kömelek çykypdyr, zemin gülende – göýül» diýipdir.

 كبدBagyr. Sirke we porsybadyýan bilen iýilýän bagyr iň oňady bolup, sowuklan adamlar tmin bilen garyp iýse şypa tapar.

Resulallanyň: «Bize öli zatlaryň we ganlaryň (hersinden) ikisini peýdalanmaga rugsat berildi. Iki ganly zat bagyr we dalakdyr. Iki öli zat bolsa balyk we çekirtge» diýendigini, Ibn Omar aýtdy.

 كتمNil boýag. (Indigo). Burça meňzeş maňzy bolan bu ösümlik gusdurujy serişde hökmünde bellidir. It dişleme­sini bejermäge peýdaly, eger hyna bilen garyp ulansaň saçyňy berkidýär. Bu hakda «hyna» bölüminde ýatlapdyk.

 كتانZygyr. Keten. (Linum). Zygyr süýüminden dokalan geýimler (keteni geýimler) sowuk bolýar, olara güýe düş­meýär. Dümewden açylmak üçin ony tütetmek gerek.

 كرفسGarauk. (Apium). Gyzgyn-gurak tebigaty bolan bu ösümlik, erkekleriň we zenanlaryň jynsy höwesini heýjana salýar. Göwreli zenan garauk iýen halaty, göwredäki çaga akmak we kemakyl bolup dogulýar. Içýan çakmasyndan gork­ýan adam, garauk iýmekden saklanmaly, çünki bu ösüm­lik gan dykylmasynyň öňüni açýar.

Aýtmaklaryna görä, garauk iýip ýatan adamyň agzynda ýakym­ly ys peýda bolup, dişagyry keselinden ejir çekmez.

 كراثPoreý. Glediçiýa. (Gleditsia). Et bilen gowrup iýseň ýakymsyz yslary ýok eder. Ony iýip ýören adamyň gözi garaňkyrar, bolgusyz düýşleri görer.

Aýtmaklaryna görä, poreý iýip ýatan adam babasyl keselin­den salamat bolar, ýöne perişdelerem ondan çetleşer, sebäbi ol sarymsaga meňzeş ösümlik. Muny «Wesile» eseriniň ýazary gürrüň berdi.

 كراعGoýun injigi (aýagy). Goýun aýagynyň eti şepbeşik, ýakymly we örän oňat ganyň döremegine sebäp bolýar, az­ganlylygy, gan pürkülmesini we üsgülewigi ýatyrýar.

Pygamberimiziň hadysynda: «Goýun injigini iýmäge çagyrylsam, hökman barardym» diýilýär.

 كرمÜzüm çybygy, üzüm. (Viris vinifera). Üzüm çyby­gyn­da hem edil hurmanyňky ýaly örän köp peýda bardyr. Rowaýat etmeklerine görä, «Üzüm hem edil hurmanyň özi ýa-da uýasy ýalydyr» diýilýär. Sowuk-gurak täsirli güýji bolan bu üzümi, sargy edip ýapsaň gyzgyn çişleriň gaýt­ma­gyna peýda berýär.

 كمونTmin. (Carum carvi). Gyzgyn tebigatly bolup, iç­däki sanjyny we ýellenmäni aýyrýar. Toprak ýa palçyk iýe­si gelýän­ler, sirke garylan tmini içse, oňa bolan höwesini (işdäsini) ýaty­rar. «Göwrä gireninde tminden başga üýtge­me­ýän zat ýokdur» diýip aýtdylar.

 كمأةKömelek. Sowuk tebigatly bolup, iýeniňde lezzet ber­ýän kömelek iň oňadydyr. Kömelek suwunyň gözüňi ýitel­dýändigi hakda tebipler bir pikire uýýarlar. Resulalla: «Köme­lek Hudaýyň peşgeşidir, onuň suwy gözlere şypa­dyr» diýip aýtdy. «Kömelek topraga çykýan düwürtikdir, köp boldugyça köpelip gidýär» diýip, rowaýatlarda aýdyl­ýar. Çölde azaşyp ýören Ysraýyl kowumynyň iýmiti köme­lek­di. Çünki kömelegiň bir özi çörek bilen bedenäniň or­nuny tutýar. Olar kömelegi şirinje bilen goşup iýipdirler, şeýdibem olaryň güzerany gowu­laşypdyr. «Meniň hyzmat­kär gyrnagym dört-bäş ýa-da ýedi sany kömelegi alyp, ony sykyşdyrdy. Ondan çykan suwy bir küýzä salyp goýdy we soňra şonuň bilen gözüni sürmeledi. Şeý­dibem gözagyry derdinden gutuldy» diýip, Abu Hüreýra aýtdy.

Pygamberimiz «şirinje» sözüni düşündirende, ol Allatagala­nyň öz bendelerine ýadamazdan, zähmet çekmezden bagyş eden zadydyr. Onuň üçin ýer bejermek, suw bermek ýa-da başga zatlara mätäçlik ýok» diýipdir.

 

Add comment


Security code
Refresh