Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 29 June 2016 11:20

saglyk

saglyk

 

 

 

 سبستانSibistan. (Cordia). Bokurdagyňy we aşgazanyňy ýumşadýan, derman hökmünde bişirilip, gaýnadylyp iç ýuw­mada ulanylýan ösümlik.

 سدرKedr. (Cedrus). Beýleki zatlara garanyňda bu daragtyň ýapragy bilen ýuwunsaň başyňy gowy arassalaýar we gyzgynyňy aýyrýar. Resulalla kedri: «Merhum ýuw­landa ulanylýan ot» diýip ýatlasa, Allatagala ony jennetde bitýän daragt hökmünde beýan etdi.

 سفرجلAýwa. (Cydonia indica). Sowuk-gurak tebigatly, aşgazan üçin ýaramly miwe. Aýwa esasan iç saklaýjy, ke­seliň gaýtalanmasynyň öňüni alýan serişde hökmünde belli. Nahardan soň aýwa iýseň içiňi ýumşadýar, emma ony aşa köp iýmek içde sanjy döredýär. Üsgülewigi we bogaz çişme keselini bejermek üçin iň peýdaly emleriň biri aýwa su­wuny içmek ýa-da onuň bilen agzyňy çaýkamakdyr. Aý­wany şol durşuna hem, kakadybam ulanyp bolýar.

Iç saklaýjy serişde hökmünde üwelen aýwa bellidir, emma ol käwagt iç sürýän derman hökmünde ulanylýar. Limon gary­lan aýwa içgisi, tebigy aýwa suwy ýa-da ondan alynýan ýag derlemäni saklaýar, aşgazanyň işleýşini güýçlendirip, ýüregi berkidýär.

Jana ýakymly bolan aýwa suwyny anbar[1] bilen garyp ulan­mak has-da güýçli täsir edýär.

Enese salgylanyp aýtmaklaryna görä, Pygamberimiz: «Aý­wa­ny ajöze iýiň» diýipdir. Ibn Majeniň getirýän rowaýatynda, Talhanyň Pygamberimize aýwa berenligi, Pygamberimiziň hem oňa garap: «Saňa-da şuny iýmegi maslahat berýärin, çünki ol ýürege dynçlyk we giňlik berýär» diýenligi aýdylýar. Py­gam­berimiz: «Aýwa iýiň. Ol ýüregiňizi röwşen eder. Allanyň ähli pygamberi jennet aýwasyny iýendir. Ol kyrk erkegiň kuwwaty ýaly güýç berýär» diýdi. «Göwreli zenanlara aýwa iýdiriň. Ol ýürege giňlik berer, perzendi gözel eder» diýlip, Muhammet pygamberiň hadyslarynda aýdylýar.

 سكر Şeker. Gyzgyn-çygly tebigatly, balgamy oýarýar we garnyňy ýumşadýar. Gyzyl şekeriň ýumşadyjy täsiri has güýçli bolup, däri-dermanlaryň güýjüni, beden agzalary­nyň ähli ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Şekerçiňňirikde (şe­ker alynýan gamyş) çyglylygyň aşa ýokarylygy üçin, ony der­man hökmünde köp ulanmak, gijilewük, gotur ýaly dert­leriň döremegine sebäp bolýar.

 مسك Müşk. (Muscus). Aşgazanyň işleýşini güýçlen­dirip, der sebäpli döreýän ýaramaz yslary aýyrýan serişde. Pygamberimiziň müşk sepinmek bilen özüne timar be­ren­ligi Ibn Eble Şeýbäniň rowaýatynda aýdylýar.

 سلوي Bedene. Bu «sumane» diýilýän guşdur. Bu guş hakda Allatagala: «Size asmandan şirin nygmatlary we bedeneler inderdik[2]» diýdi. Bedene deňiz ýakalarynda ýaşaýan guşdur.

Siňmesi ýeňil we örän ýokumly bedene etiniň göwün göteriji we içde dörän daşlary eredijilik täsiri bar. Sagdyn we sagalyp barýan adamlar üçin örän peýdaly. Ol tebigaty boýunça towuklara ýakyndyr. Bedene guşuna «Gök gümmürdisi öldüren» diýibem at berýärler, sebäbi olar köplenç gök gümmürdisinden gorkup jan berýärmiş.

 سماق Sumak. (Rhus). Sowuk-gurak tebigatly bolan bu agaç, iç saklaýjy we işdä açyjy hökmünde ulanylýar.

 سمسمKünji. (Sesamum indicum). Gyzgyn-çygly tebi­gatly bolup, onuň dänesiniň aşa ýaglylygy üçin aşgazana zelellidir. Onuň künjarasyny iýmek agyzda agyry döred­ýär.

 سمنÝag. Gyzgyn-çygly tebigaty bolan ýag aşgazan üçin ýaramsyzdyr. Sygyr ýagyny bala garyp içmek zäher­lenmä peýda berýär. Pygamberimiz: «Sygyr süýdi şypa, ýagy bolsa dermandyr» diýdi.

Ýene bir rowaýatda: «Sygyr süýdüni içiň, ol şypadyr. Sebäbi ol her daragtdan iýip galýar» diýilýär. Abu Nagymyň rowaýatynda, Hezreti Alynyň «adamlar üçin ýagdan gowy bejergi ýokdur» diýenligem aýdylýar.

 سمكBalyk. Eti ýokumlysy orta hal balyklar. Süýji suwda ýaşaýan we ot bilen iýmitlenýän balyklar, nebitli suw­da ýaşaýan we hapa zatlar bilen iýmitlenýän balyklar­dan oňatdyr. Täze-ter balyklar sowuk-çygly bolup, siňmesi agyr we balgamy döredýär, gyzgyn tebigatly adamlara bolsa oňyn täsir edýär. Gyzgyn-gurak tebigaty bolan duzly balyk gijilewük, gotur ýaly dertleri ýüze çykarýar. «Si­muk» balygynda gylçygyň köplügi zerarly, ýehudylar ony iýmeýär.

 سناSena. (Senna. Cassia). Gyzgyn-gurak tebigatly ösüm­lik. Bu hakda öň Umaýsyň gyzy Esma bilen bag­lanyşykly wakada aýdypdyk. Sena Allanyň mertebelän mekany bolan Mekgede gowy bitýär. Tebipler dermanlyk serişde hökmünde munuň iň oňat görnüşini – Mekge senasyny («Senaýymekke») saýlap alýar. Pygamberimiziň: «Sena we ziräni peýdalanyň. Ol ikisinde ölüm awusyndan özge derde derman bar» diýenini, Ibn Maje rowaýat etdi. Bu Pygamberimiziň: «Garaçörekde ähli kesele şypa bar» diýmesi ýalydyr.

Sena oty örän köp derdi bejermek üçin ulanylýar. Sena mübärek dermanlaryň biridir. Ýüregiňi güýçlendirýän we hiç-hili agyry-ezýetsiz iç geçirýän serişde bolan senanyň saglyga zyýanly täsiri ýokdur. Bu dermanyň şeýle bereketlidigi we peýdalydygy üçin, tebipler ony ähli dermanyň düzümine goş­ýarlar. Iç sürdüriji däri hökmünde kakadylan, gaýnadylan, ow­radylyp un edilen senany ýa-da sena dänesiniň özüni ulan­mak bolýar. Bularyň ählisi hem içiňi ýeňil sürýär, ol flegmatik, melanholik we holerik içgeçmesine peýdaly. Bogun çuňluk­laryna ýüzüp baryp, bogunagyry we waswasylyk derdine peýda berýär. Ibn Sina senany ýürek dermanlarynyň biri saýýar. Esma bilen baglanyşykly hadysada, Pygamberimiziň: «içagyryny nä­dip köşeşdirýäň?» diýip soranlygy, onuň hem: «Süýtleňňiç bilen» diýenligi ýatlanylýar. Pygamberimiz şonda: « Süýtleň­ňiç ot ýaly gyzgyn dermandyr. Sen senany peýdalan!» diýipdir. Bu hakda ýene: «Haýsydyr bir zatda ölümiň dermany bar bolsa, ol senadadyr» diýdi.

Bu ýerde Pygamberimiziň örän köp zatlara göz ýetirenligi hakda inçe syr, beýik many we aýdyň delil bar. Sebäbi süýt­leňňiç ýaramaz täsiri bolan iç sürdüriji derman. Ol dördünji derejeli, gyzgyn-gurak tebigatly ösümlikdir. Onuň howpludygy we içi güýçli sürýändigi üçin tebipler ony ulanmagy goýbolsun etdiler. Ýokarda agzalan «zire» hakda aýtsak, käbirleri oňa «bal» diýdi, oňa «ýag» diýýänler hem, «Kerman tmini» diý­ýän­ler hem bar. Ibn Agraby ony «tmine meňzeş däne» diýip atlandyrsa, ony arpabadyýan, şibit (ukrop) ýa-da hurma hasaplaýanam bar. Muwaffak Abdyllatyp: «Ýag bölegindäki baldyr» diýdi. Umuman, ol bal bilen garylan ýagyň üstüne ow­ra­dylyp sepilen sena ýalydyr, ol içiňi ýeňil sürýär. Pygam­be­rimiziň: «Zyýanly täsiri bolmazdan ähli derde derman bolan üç zat bardyr. Olar sena we ziredir» diýenini, Enes rowaýat etdi. Adamlar ondan: «Senanyň nämeligini bilýäs welin, zire nä­me­kä?» diýip soranlarynda, «Nesip bolsa, Hudaý ony size bil­di­rer» diýipdir. Emma Pygamberimiz şol üç zadyň üçünjisini unudandygyny hem aýdypdyr.

Senany gaýnadyp içmek, owradylan senany suw bilen iç­mekden has ýokumlydyr. Sena unyny 1-3 dirhem möçberin­de, gaýnadylan senany bolsa 7-10 dirhem möçberinde içmeli. Sena ergininin üstüne benewşe gülüni we gyzyl kişmişi goşup peýdalanmak hakda er-Razy: «Sena we şaterne ähli hyltlarda iç sürüji dermandyr. Ol gotur we gijilewük derdini bejerýär. Eger içjek bolsaň, olaryň her birinden 4-7 dirhem möçberinde iç­meli» diýdi.

Elbetde bu iç geçirýän dermanlardan has oňatdyr. Ýöne ulanmak üçin olaryň üstüne ýa-ha kişmiş ýa-da şeker goşmaly.

 سويقÝarma. Arpa ýa bugdaý dänesinden bişirilýän aş. Arpa dänesinden bişirilýän bu aş, bugdaýyňka garanyňda sowugrakdyr. Olarda içdäki ýeli çykaryjylyk we iç tutujy täsir bar.

Gyzzyrmaly adamlar üçin iň ýaramly iýmit ýarmadyr. Käbir ýerde sargy hökmünde ulanylýan ýarma aşgazanyň işleýşini güýçlendirýär, teşneligi we ýürek bulanmasyny aýyr­ýar.

 سواكSiwak. Bu barada «Erek» hakda aýdanymyzda ýatlap­dyk.

 

«Şin» harpy

c ش d

 

 شاهترجŞaterne. (Fumaria). Ol gyzgyn-gurak tebigatly bolup, esasy häsiýeti ganyňy arassalamakdan ybarat. Ol gyzgyn hyltlarda sürgi serişdesi hökmünde ulanylýanlygy üçin, gotur we gijilewük derdini bejermäge peýdalanylýar.

 شبرم Süýtleňňiç. (Euphorbia pityusa). Dördünji dere­je­li, gyzgyn-gurak tebigatly ösümlik. Balgam we gara öt sür­güsine peýdaly bolan süýtleňňiç jana ýakymsyzdyr. Ondan köp peýdalanmak adamy heläk edýär. Şonuň üçinem, Es­ma bilen baglanyşykly hadysda aýdyşymyz ýaly, Pygambe­rimiz onuň ýakymsyzlygyny «Ol gyzgyndyr, gyzgyndyr» diýmek bilen tassyklady.

Süýtleňňiji süýt-gatyga garyp asla-da ulanmaly däldir. Eger onda 1 karatdan[3] 4 dänik[4] möçberinde içmegem hatarly. Te­bip­ler ony ulanmagy goýbolsun etdiler.

 شحمÝag. Olarda gyzgynlyk we çyglylyk beriji täsir bolup, köne ýaglaryň gyzgynlygy has güýçlüdir. Erkek malyň ýagy gulajyn (urkaçy) malyňkydan has gyzgynlygy üçin ýehudylar ony iýmeýär.

 شعيرArpa. (Hordeum vulgare). Birinji derejeli, sowuk-gurak tebigatly ösümlik. Iň oňady ak arpa bolup, ýokum­lylygy taýdan diňe bugdaýdan pesdir. Üsgülewik, bogaz çişme keselleri üçin, aşgazany arassalamak, teşneligi ýok etmek, peşewiň akmasyny gowulandyrmak üçin arpa suwy peýdalanylýar. Şeýle hem arpa suwunda gyzgynlygy aýryjy we ýellenmäni ýok ediji täsir bar. Arpa suwy arpa aşyndan (ýarmadan) has ýokumlydyr.

Şu sanalan on häsiýetiň arpa suwunda bardygyny Bukrat hekim hem aýtdy. Onda ýelmeşegenlik we dermanlyk täsiri bolup, ýiti kesellere tiz täsir edýän ýokumly iýmitdir.

Ibn Majeniň getirýän rowaýatyna görä, «Eger maşgalasynda ýarawsyzlyk ýüze çyksa, Pygamberimiz ýarma içmegi buýrardy we bişirip bererdi» diýip, Äşe aýdypdyr.

 شلجمŞalgam. (Brassica rapa). Muňa araplar «lift» (لفت ) hem diýýär. Şalgamda müň peýdanyň barlygy hakda gür­rüň edilýär. Ol gyzgyn tebigatly, ýumşak ösümlikdir. Ony yzygider iýmek gözüňi ýiteldýär. Gaýnadylan şalgam suwy güýçli sowuk sebäpli üşän eldir-aýagy bejermäge peýdaly. Erkeklik tohumyny artdyrmak we jynsy höwesiň oýan­magy üçin şalgam iýmek ýeterlikdir.

 

«Sad» harpy

c ص d

 

 صبرAloe. (Aloe). Miwesi ýygnalandan soňra, aloeni sy­kyp, suwuny almaly we tä guraýança garaşmaly. Olaryň içinde Ýemeniň kenarýaka adalaryndan getirilýän aloe iň peýdalysydyr. Ikinji derejeli, gyzgyn-gurak tebigatly ösüm­lik bolup, dermanlar bilen garyşdyryp ulansaň, olaryň zy­ýanly täsirinden goraýar. Gabak çişmesini ýatyrmakda, bagyr dykylmasyny açmakda we sarygetirme keselini be­jer­mekde aloeniň peýdasy köpdür. Ganjaryp duran aşga­zan ýaralaryny bitirmek üçin hem aloe peýdalydyr.

Osman ibn Affanyň gürrüň bermegine görä, göz agy­ry­syn­dan zeýrenýän bir adam Pygamberimize ýüz tutanda: «Oňa aloe bilen sargy edip daňyň» diýipdir.

«Iki sany ajy zatda: aloede we ajybalgazda şypa bardyr» diýip, Termezide ýatlanylýar.

 صعترKäkilik oty. (Thymus). Üçünji derejeli, gyzgyn-gurak tebigatly ösümlik. Agyzdaky ýaramaz ysy aýyrmak­da, iç ýellenmede, agyr naharlary ýeňil siňdirmekde käkilik oty peýdalanylýar. Gaýnadylan käkilik oty reňkiňi gowu­laş­dyrýar, peşewiň we aýbaşynyň ýeňil akmasyna peýda berýär. Aşgazan we bagyr sowuklamasyny bejermek üçin ula­nylýar. ýoňlan adamlar käkilik otuny ysgasa şypa tapar. Bu otda jynsy höwesiňi oýaryjylyk täsir hem bar. Edil kädi çigdiniňki ýaly, käkilik otuny gaýnadyp içmek içegedäki gurçuklary öldürýär. «Öýüňizde ladan we käkilik otuny tütediň» diýlip, Ibn Jöwza aýtdy.

 صندلSandal. (Santalum). Ikinji derejeli, sowuk-gurak tebigaty bolan ösümlik. Sirke ýa-da gülap sepilen sandal ýapragyny (gülüni) ysgamak başagyrysyny köşeşdirýär. Sandal içgisi bagry berkidip, asgyrmagy kesýär. Ezilen sandal iç saklaýjy serişde hökmünde bellidir, iň oňat sandal bolsa «makasyry» diýilýän görnüşidir.

 صنوبر Senuber. Maňzynyň gyzgyn-çygly tebigaty bolup, endamyňy gyzdyrýar. Şöwketiňi we jynsy höwesiňi art­dyr­ýar.

 

«Zad» harpy

c ض d

 

 ضأن Goýun. Ýokumlylygy taýdan goýun eti geçi etinden ýokarydyr, gyzgyn we çyglydyr. Bu hakda, nesip bolsa, et barada aýdanymyzda ýatlarys.

 ضب Hažžyk. Gyzgyn-gurak tebigatly, etini iýmek jynsy höwesiňi, joşgunyňy artdyrýar.

«Hažžyk etini çeýnäp, iýip otyrkam, Pygamberimiz maňa seredýärdi» diýip, Hamyt aýtdy. Resulalladan hažžyk hakda soralanda: «Ony iýemok, gadaganam edemok» diýip jogap beripdir.

Resulallanyň ýanyna hažžyk getirenlerinde, Pygamberimiz ony iýmekden saklanypdyr we «Ahlagy üýtgän kowumlardan bolaryn öýdüp gorkýaryn» diýipdir. Muny Jabyr aýtdy.

 ضرع Ýelin. Zenanlar süýdüni köpeltmek üçin sygryň ýa geçiň ýelnini iýmeli.

 ضريع Zaryý1. Ýakymsyz ysly, ajy tagamy bolan bu ot hakda Allatagala: «Olara zaryýdan başga tagam (berilmez) bolmaz[5]» diýip aýtdy. Mujahydyň aýtmagyna görä, Zaryý «şibrik» diýilýän otdur, ol bolsa zäherli zatdyr.

 ضفدع Gurbaga. Gurbaga etini iýýän ýa-da ganyny içýän adamyň endamy çişip, reňki solar, erkeklik tohumyna zy­ýan berer, hatda öldürer. Şol sebäpli tebipler ony peýda­lan­magy goýbolsun etdi. Gurbaga hakda öň bir ýerde: «Bir tebip Pygamberimiziň ýanynda gurbaganyň derde derman­dygyny ýatlanda, Pygamberimiz bize gurbagany öldürmegi gadagan etdi» diýip aýdypdyk.

Abu Hüreýra salgylanyp, aýtmaklaryna görä, hapa we şol zeýilli dermanlary ulanmagy Pygamberimiz gadagan edipdir.

 

«Taý» harpy

c ط d

 

 طباشيرHek. Sowuk-gurak tebigaty bolan hek ýüregiňi güýçlendirip, güýçli gusmany, içgeçmäni kesýär.

 طحالDalak. Dalak eti ýaramsyz bolup, gara öt kesellerini döredýär. Pygamberimiz dalak hakda aýdyp: «Bize bagryň we dalagyň gany, balygyň we çekirtgäniň ölüsi (iýmek üçin) halal edildi» diýdi.

 طرخونTarhun.1 (Artemisia dracunculus). Tarhun gyz­gyn-gurak tebigatlydyr, nahara bolan işdäňi açyp, jynsy höwesiňi ýatyrýar. Gara uk bilen garyp ulansaň zyýanly täsirini dep edýär. Derman ulanmazdan öňürti tarhun iý­mek, tagam duýuş agzalaryny ukladýar.

 طرحTarh. (Musa). Bananyň bir görnüşi bolup, bu hakda «mim» harpynda aýdarys. Tarh barada Allatagala hem ýat­lady.

 طلعTalg. Ilki görnen hurma miwesi. Onuň gabygyna «Küfri» diýilýär. Talga erkek hurma diýýänem bar.

Allatagala bu hakda: «Miweli baldaklary bolan beýik hur­malary... »[6] diýip ýatlady.

Talha ibn Ubaýdullanyň aýtmagyna görä, ol bir gezek Resulalla bilen hurma çakyşdyryp oturan adamlaryň ýanyndan geçipdir. Pygamberimiz olardan näme edýänligini soranda «Er­kek hurmany alyp, urkaçysynyň üstüne goýýarys» diýipdirler. «Ol iş peýda bermezmikä öýdýärin» diýip, Pygamberimiz aý­dypdyr. Bu habary olara ýetirenlerinde, edýän işlerini goý­bol­sun edip, aşak düşüpdirler. Pygamberimiz olara garap: «Ol ýöne bir gümandyr. Güman diýilýän zat ýalňyşdyryp, bela-betere duçar eder. Eger peýdasy bolsa ediberiň, menem edil siz ýaly adam. Ýöne meniň size aýdanymy Hudaý «Ony peý­da­lanyň» diýip aýdandyr. «Men Hudaýyň sözüni inkär edemok» diýipdir.

Ýakuty bu hakda agzap, «Hurma miwesi joşgunyňy, jynsy höwesiňi artdyrýar» diýdi. «Eger zenan jynsy gatnaşykdan öňürti hurma iýse, göwrede çaga galmagyna ýardam berer» diýilýär. Ol sowuk tebigatlydyr, ony bişen hurma bilen bile ulanyp bolýar.

Ala salgylanyp aýtmaklaryna görä, «Uýalaryňyzy hurma bilen hezzetläň. Ol hem Adam alaýhyssalamyň ýaradylan top­ragyndan ýaradylandyr». Pygamberimiz bir gezek «Musulmana (adama) meňzeş daragt hakda aýdyň» diýende, adamlar «sähra agaçlarydyr» diýen netijä gelipdirler. Emma Pygamberimiz şol agajyň hurmadygyny aýdypdyr.

 طيب Hoşboý yslar. Ýakymly ysly atyrlar. Bu müşk bilen bile ýatlanylýar. Araplaryň ýakymly oty, öň ýatlaýşymyz ýaly Izhirdir (ýakymly ysly gamyş). Pygamberimiz «Maňa siziň dünýäňizden iki zat söýdürildi: Olar aýallar we ýakymly zatlar» diýdi.

 طين Palçyk. Allatagala bu hakda «Biz ynsany arassa pal­­çyk­­dan ýaratdyk» diýdi[7].

Gan akmasyny togtatmak üçin ermeni laýy (bolýus) الطين الارمني we mahtymy laýy ulanylýar. Güýçli içi geçýän we ýatanda agzyndan gyllyk akýan adamlar sürme palçygy bilen bejerilýär. Ermeni laýy çömmeltme gyrgyn keselini we gan pürkülmesini ýatyrmak üçin örän peýdaly.



[1] Anbar ¾ ýakymly ysy bolan ösümlik.

[2] Gurhanyň «Sygyr» süresiniň 57-nji aýaty.

[3] Karat – ölçeg birligi, takmynan 0,195 grama deň.

[4] Dänik – agyrlyk ölçegi, dirhemiň 1/6 bölegine deň.

 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh