Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Sunday, 12 June 2016 14:49

Saglyk hakda

Saglyk hakda

 

 

 جبنÝag. Täze ýaglaryň tebigaty sowuk-çygly. Köne ýag­laryň tebigaty gyzgyn-gurak bolýar. Iň oňady şol ikisiniň ara­lygyndaky ýagdyr. Täze ýag örän ýokumly we semrediji bol­ýar. Duzly ýagy köp iýmek teniňi arrykladýar, ýöne jynsy hö­we­siňi artdyrýar.

Ümmi Selme Pygamberimize gowrulan ýag eltendigini, Pygamberimiziňem ony iýip, täret almazdan namaz okan­dygyny gürrüň berdi.

Gowrulan ýag aşgazan-içege ýaralaryny bitirmekde we içgeçmä garşy iň oňat serişdedir.

 جرجيرAjybalgaz. (Nasturtium officinale). Tebipler oňa «Äşäniň oty» diýibem at berýärler. Ajybalgaz gyzgyn-çygly tebigatly ösümlik bolup, jynsy gatnaşyga bolan höwesiňi joşur­ýar. Bu ot hakynda Pygamberimiz: «Ajybalgaz ýara­maz gök önümdir. Göwnüme bolmasa, ol dowzahda bitýän ýaly» di­ýip­dir.

 جرادÇekirtge. Gyzgyn-gurak tebigatly, ýokumlylygy az bolan haýwan. Çekirtgäni yzygider iýip ýörmek horluk derdine uçradýar, süňňüňi arrykladýar. Ibn Abu Awfy: «Biz Pygam­be­ri­miz bilen ýedi jeňe gatnaşdyk, iýmitimiz hem çekirtgedi» diýdi. Bu hakynda Omar: «Gowrulan çekirtge iýesim gelýär» diý­se, Enes: «Pygamberimiziň aýallary bir-birege çekirtge sowgat ederlerdi» diýdi.

 جزر Käşir. (Dancus). Bu ösümlikde ýellendiriji we gyz­gynlyk ýaly täsirler bar. Käşir nahara bolan işdäňi açýar. Käşir tohumyny içmek aýbaşyň we peşewiň agyrysyz akma­gyna peýda berýär.

 جمار Hurma maňzy. Ak reňkli, sowuk-gurak tebigaty bolan, içgeçmäni saklaýan we haýal siňýän miwe. Ibn Oma­ra salgylanyp aýtmaklaryna görä, Pygamberimize hurma maň­zy­ny getirip berenlerinde: «Ynsanlaryň arasynda mu­sul­ma­na nä­hi­li hormat edilen bolsa, daragtlaryň arasynda-da hurma aga­jy­na aýratyn bereket berlendir» diýipdir.

جوز الطيب Muskat hozy. (Juglans muscus). Gyzgyn-gurak tebigatly. Durkuňy saklamakda, agzyňda ýakymly ysyň döremeginde peýdalanylýar. Onuň ukladyjy täsiri bolup, ada­ma edýän täsiri haşhaş samanynyňky ýalydyr. Işsiz adamlar wagtyny hoş geçirmek üçin, onuň üstüne zagpyran we şeker goşup ulanypdyrlar. Muskat hozy nahary tiz siňdirýär, ýöne ony aşa köp ulanýanlaryň tiz zaýalanma­gyna sebäp bolýar.

 جوز الهند Kokos hozy. Hindi hozy. (Juglans indica). Gyz­gyn we çygly tebigatly. Jynsy höwesiň artmagyna ýardam berýär. Ol edil kedr hozy ýaly täsir edýär.

 جوز Hoz. (Juglans regia). Gyzgyn-gurak tebigatly. Kähalatlar kelleagyryň döremegine getirýär. Aşgazan üçin ýaramsyz, siňmesi agyr bolan ösümlik. Hozuň ter-täze miwesi guran miwesinden has peýdaly. Ary baly bilen garylan hoz bokurdak agyrylaryny aýyrýar.

Ibn Sina: «Injir, hoz we porsuja otuny iýmek ähli zäheriň garşysyna dermandyr» diýdi.

Diskorit hem edil şonuň ýaly aýtdy. Ol: «Eger heläk edi­biljek zatlardan öň ulanylsa gorap saklar, soň ulanylsa zäherini aýrar» diýdi.

Muhezzepden rowaýat etmeklerine görä, «Mansuryň ýany­na giremde, onuň hoz bilen ýag iýip duranyny gördüm. «Bu näme?» diýip soranymda, ol maňa bakyp: «Kakam maňa atam­dan eşidip gürrüň berdi. Ol hem Pygamberimiziň hoz bilen ýag garyp iýip duranlygyny görüpdir we onuň nämeligini sorapdyr. Şonda Pygamberimiz: «Ýag bir dert, hoz hem bir dert. Iki dert birleşse derman bolýar» diýipdir.

 

Add comment


Security code
Refresh