Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 14 April 2016 09:44

Pygamber dermanlary hakda

Pygamber dermanlary hakda

 

 
 

 «Içagyrym sebäpli towlanyp ýatyrkam, Pygamberimiz me­ni gördü-de: «Şekomet dert?» diýdi. Men: «Hawa, Resul­alla» diýdim. Pygamberimiz maňa ýüzlenip: «Tur-da namaz oka, er­tir namazynda şypa bar» diýdi.

Ýokardaky söz parsça bolup: «Seniň içiň agyrýarmy?» diýen manyny berýär. «Şekom - iç, garyn; dert – kesel, agy­rydyr. Alymlaryň aýtmagyna görä bu ýerde iki alamat bar. Olaryň biri Pygamberimiziň parsça gürländigi, beýlekisi namazyň ýürek, aşgazan we içege agyrylaryndan saplaýandygy bildirilýär. Bu ýerde üç sany alamat bar.

1). Ybadatlygy taýdan ylahy buýrukdyr.

2). Özüňi terbiýelemek. Adam namaz okamak bilen güý­me­nip, agyryny unudýar, ony az duýýar. Şonda agyryny ýeňibiljek güýç ýüze çykyp, ony dep edýär.

Ussat tebipler ruhy güýjüni artdyrmak üçin her dürli hilä baş urýar. Käteler ony iýmit bilen güýçlendirse, käteler ony umyt we gorky bilen güýçlendirýär. Namaz bolsa bulardanam köp zady özünde jemleýär. Çünki onda gorky, howp, umyt, haýa, söýgi, ahyretiňi ýatlamak ýaly güýjüňi artdyryjy we gur­sagyňy giňeldiji täsir bar. Hut şularyň üsti bilenem dertden saplap bolýar.

Alynyň käbir oglanlarynyň aýtmagyna görä, Ala çykan ýarany kesip aýyrjak bolsalar, agyry-yzadan ýaňa mümkin bolmandyr. Onuň maşgalasy bu işi namaz wagtyna çenli soňa goýmagy tabşyrypdyr. Haçanda namaz okamaga girende, bu ýarany kesip aýrypdyrlar. Emma namaza durky bilen gark bolany üçin endamynda sähelçe-de agyry duýmandyr. Bir ge­zek namaz wagty bolsa, gapdalyndaky haýat ýykylanda oňa gözünem aýlamandyr.

Abu Eýýup özi öýdekä maşgalasyna «sesini çykarman, ümsüm oturmagy» buýrup, diňe namaz wagty gürleşmäge rugsat berýän eken. Ol: «Namaz okaýan wagtym siziň sözüňiz birjikde gulagyma ilenok» diýipdir.

Mundan başga hem namazda özüňi we bedeniňi türgenleş­dir­mek ýaly tebigy terbiýe bar. Namazyň içindäki kyýam (dik durma), rukug (egilme), sežde (başyňy ýere goýmak), kaýyl­lyk, jemgyýet, yhlas, ybadat, diýenedijilik, zelillik we şolar ýaly beden bogunlaryny herekete getirýän zatlar süňňüňi ber­kid­ýär. Bu hereketler bilen beden agzalarynyň köpüsi, esasa­nam aşgazan-içege ýaly agzalar ýumşaýar. Peşewiň we neja­satyň çykmagyna, tagamyň aşgazana düşmesine ýardam berýär.

Muwaffak Abdyllatybyň «Erbagyn» atly kitabynda şeýle diýilýär:

«Men işsiz we bolelin ýaşaýan, sagdyn adamlaryň bir toparyna duşup, bu zatlaryň sebäbine göz ýetirmek isledim. Olaryň köp namaz okaýandygyna we tehejjüde (gije turup ybadat etmek) galkýandygyny bildim. Olar: «Ýoňlan we dü­mew­län adamlar üçin iň peýdaly zat seždedir. Burun dykyl­ma­sy­nyň açylmagyna iň oňat ýardam berýän seždedir. Tagamyň aşgazandan we içegelerden aşak inmegine, nejasatdyr peşewiň dargamagyna iň güýçli goldaw berýän seždedir, ol ýerdäki ga­lyn­dylary herekete getirýän we daşyna çykarýan zat seždedir. Çünki sežde wagty iýmit gazany basyşa sezewar bolýar. Ol ýer­de dörän dykylma sebäpli, iýmitler biri-biriniň üstüne gaçy­şyp başlaýar. Namaz köplenç ýüregi şatlandyryp, gaýgy-gamy dep edýär, gazap oduny öçürip, Haka bolan söýgüni, halka bo­lan pespälligi oýarýar. Ýüregi ýukaldýar, geçirimliligi söý­dü­rip, ar almak hyjuwyny ýigrendirýär.

Namaz okamak oý-pikiriňi, duçar bolýan işleriň çäresini, kesgitli jogaby kalba salýar. Unudan zatlaryňy ýada salýar. Özi bilen baglanyşykly işleriň döreýşi we sebäpleri hakda, dünýä­siniň we ahyretiniň bähbidi hakda, özüne hasabat bermek hak­da pikir edýär, esasanam iş aladasy köp bolan halaty şeýdýär. Bu ýagdaý köplenç gijelerine, gözler ýumlup, sesler ýatyşan­soň, aşaky älem (zemin) güýçleri birleşip, dargan süri kibi göz­den ýitensoň, asmany güýçler ýaýrap ýaýylansoň gowy bolýar. Pygamberimiziň: «Namaz okap, bize rahatlyk ber» diýip, Bilala ýüzlenmesi, «Gözümiň guwanjyny namazda ýaratdy» diýmesi muňa yşaratdyr.

Namaz okanyňda göwün galkmasynyň we röwşenliginiň hasyl bolýandygy üçin, Allatagala dünýäniň we ahyretiň pazylatyndan peýdalandyryp, Pygamberimiziň göz guwanjyny namazda ýaratdy. «Iýen tagamlaryňyzy Hudaýy ýatlamak we ony öwmek bilen siňdiriň» diýip, Pygamberimiz aýtdy.

Tarawa namazynyň sünnet bolup galmagynyň bir sebäbi şudyr. Namazda, ýaradan we döreden Hudaýyň şöhlesinden kuwwat alyp inen, dünýäniň we ahyretiň iň haýyrly zady bar. Muny duýan adam özündäki beden dertlerini we kesellerini dep edip, nebsiň pes ahlagynyň örtügini aýrar, ony kämil we gözel etmek üçin taýynlanyp başlar.

Sehl ibn Sagdyň Pygamberimize salgylanyp aýtmagyna görä, Alynyň gözi agyrýarka, oňa çüfläpdir we gutulmagy üçin doga edipdir. Tiz wagtda agyryly ýeri bitipdir.

Bu bölüm o hakdaky zatlary beýan ederden ejiz, gysga gelýär. Herki zadyň anygyny Alla bilýär.

Göz agyrysyndan zeýrenip, özüne ýüz tutan bir adama Py­gamberimiz: «Gurhana göz gezdir» diýipdir. Ýüreginiň re­him­siz­liginden zeýrenýän adama: «Ýetimiň başyny sypa, ýa-da oňa tagam ber» diýipdir.

Doňýüreklikden zeýrenip özüne ýüz tutanlara Abu Derda: «Syrkawyň halyny sora, jynazalara gatnaş, öwlüýälere zyýarat et» diýip aýdar eken.

«Meniň gyzdyryp ýatanlygym Ymam Ahmede ýetende, gyzdyrmadan saplanmak üçin maňa bir ýazgy berdi» diýip, Merwezi ýatlaýar. Onda şeýle ýazylgy: «Mähriban we rehimli Allanyň ady bilen. Allanyň ady bilen, saglyk beriji Alla bilen, Muhammet Allanyň resulydyr. «Eý, ot, Ybraýym üçin salkyn we aman bol. Olar mekirlik etjek boldular. Biz bolsa olaryň öz­lerini hasrata goýduk»[1]. Jebraýylyň, Mikaýylyň we Ysra­pylyň Perwerdigäri bolan Beýik Alla, şu ýazgyny göterýäne öz güýç-gudratyň we beýikligiň bilen şypa berewer, eý, Hak ylahym. Ämin».

Yslama gireli bäri, öz süňňünde bir agyryny duýýanly­gyn­dan zeýrenip, Osman ibn Abyl As Pygamberimize ýüz tutup­dyr. Pygamberimiz oňa: «Eliňi agyryly ýeriňe goý. Soňra üç ge­zek «Bismilla», ýedi gezek hem «Özümdäki agyrylaryň şe­rin­den goramagy üçin Hudaýyň beýikligine we gudratyna sygynýaryn» diýseň, derrew gutular» diýipdir.

Halyt ibn Welit Pygamberimize ýüzlenip: «Eý, Allanyň resuly, ukusyzlykdan ýaňa gijelerine ýatyp bilemok» diýip zeýrenende, Pygamberimiz oňa: «Düşegiňe geçen wagtyň: «Ýedi gat asmanyň we zeminleriň, gidenleriň we azalmadyk­laryň, şeýtanlaryň we azaşmadyklaryň eýesi bolan Päk Perwerdigärim, meni ähli ýaradan zatlaryň şerinden, olaryň azmasyndan we kast etmelerinden gora. Seniň goraýşyň beýikdir, senaň kämildir, Senden gaýry Hudaý ýokdur, Senden başga Ylah[2] ýokdur» diýmegi sargapdyr.

Halyt gijelerine gorkup turýanlygyndan zeýrenip, Pygam­be­ri­mi­ze ýüz tutanda: «Jebraýylyň maňa öwreden sözlerini öwretmäýinmi? Äpet jynlaryň biri maňa hile gurmakçy bo­landa: «Asmandan inýän we oňa göterilýän, topraga ekilýän we ondan gögerip çykýan zatlaryň şerinden, gije we gündiz pitnesiniň, gije we gündiz gelýän, haýyr getirmeýän zatlaryň şerinden goramagy üçin päkizeleriň we azgynlaryň çäkden çy­kyp bilmeýäni – Hudaýyň kämil sözlerine sygynýaryn» diýmegi tabşyrypdyr.

Abu Derdanyň aýtmagyna görä, atasynyň buşugyp bilme­ýän­ligini we buşugypbilmezlik (uremiýa) keseline sataşandy­gy­ny aýdan bir adama, Pygamberimiz doga öwredipdir. «Ady asmanda mukaddes, ýere-göge hökümli Alla, Asmanlardaky mähriň kibi zemine hem rahmetiňi saç, biziň ýazygymyzy we ýalňyşlarymyzy bagyşla, ähli ýagşy zadyň eýesi Sensiň, bu agyrynyň üstüne öz mähriňden bolan ýagşylygy, şypaňdan bo­lan dermany iber» diýmegi we doga etmegi buýrupdyr. Bu do­gadan soňra ol saplanypdyr.

«Fatyha» süresi bilen doga edilýändigini bolsa, öň ýat­lapdyk.

«Mäjumyň häsiýeti – ýüregi abatlap, waswasany kow­ýanlygydyr».

Mäjum diýildigi halal iýmek we takwa bolmak, iliň oňla­ma­dyk zadyny etmezlik, içki we daşky dünýäňi gorap sakla­mak, özüňi ylma höwrükdirmek, syr saklamaga endik etmek, nebsiňden, haý-höwesiňden we şeýtanyňdan goramagy üçin Hudaýa dileg etmekdir.

Bilalyň aýtmagyna görä: «Size gije turup ybadat etmegi maslahat berýärin. Ol sizden owalky ýagşylaryň däbidir. Gijeki ybadat günäden saklar, Hudaýa ýakyn eder, ýamanlyklaryňy ýuwup aýrar, süňňüňdäki dertleri çykarar».

 

* * *

Zünnün Müsri bir gezek, daş-töweregine bir topar jemagat üýşüp duran, käbir tebipleriň ýanyndan geçip barýan eken. Erkekleriň we aýallaryň elinde suwly küýze bolup, tebipler olaryň hersiniň keseline muwapyk gelýän dermany maslahat berýän eken. Zünnün olara golaýlaşyp, salam beripdir. Salamy alnandan soňra olara bakyp: «Alla size merhemet etsin, gü­nä­leri bejerýän derman barmyka?» diýipdir. Tebip bir müt­det dymyp durupdyr. Soňra başyny göterip: «Şeýle dermany ýazyp bersem, sen maňa düşünip, şony ýerine ýetirermiň?» diýipdir. Ol: «nesip bolsa» diýip jogap beripdir. Tebip Zünnüne garap: «Pahyrlyk köküni, sabyrlylyk ýapragy we pespällilik helilesi (Mirobalan. Terminalia chebula)bilen gar. Tä parasat köpürjigi görünýänçä kaýyllyk «belilesini»[3], tabynlyk «hindisi», tämiz­lik «besfaýyjy», päkizelik «yşgyny» we söýgi «garugyny» tap. Eger parasat köpürjigi peýda bolsa, ony zikr eleginde üwe, soňra ryza jamyna guýup, tä sowaýança ony öwgi ýelpewajy bilen sowat. Sowansoň iç we takwalyk bilen agzyňy çaýka. Şeýtseň gaýdyp günä işe dolanmarsyň» diýipdir.

Ertir ýaşaryn öýdýän we nadanlyk bilen uzyn umyt edýän adam, ýagşy işi ýerine ýetirip bilmez. Öňki dermanlar bilen jesediňi sagaldyşyň ýaly, bu dermanlar bilen kalbyňy düzle. Şeýtseň bu dünýädäki we ahyretdäki iň doly we kämil saglyga eýe bolarsyň.

 



 

 

 

Add comment


Security code
Refresh