Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 25 January 2016 11:09

tebigy dermanlar

tebigy dermanlar

 

  زبدÝag. Gyzgyn-çygly iýmit. Iň oňady täze ýagdyr. Guraklygyň we gury üsgülewigiň bire-bir emi. Nahara bo­lan işdäňi peseldýär. Onuň ýaramsyz täsirini bal ýa-da hurma aýyrýar.

Abu Dawut pygamberiň ýagy we hurmany halandygyny gürrüň berse, Resulallanyň Äşä garap: «Sen meniň üçin ýag bilen baldanam ezizsiň» diýenini Abu Nagym rowaýat edipdir.

 زبيبKişmiş. Iň oňady uly, etlek we ownuk däneli kişmiş­dir. Tebigaty gyzgyn-çygly. Sowuklama derdine uçranlaryň bedenini semredýär, gyzdyrýar we suwsadýar. Gyzdyryp ýatanlara sirkelibal bilen garyp berseň tiz peýda berýär. Onuň dänesi aşgazany gataldýar.

Nar däneleri bilen garyp, owradyp iýseň şypa berijilik täsiri köpdür.

Temim ed-Darydan eşidip şeýle gürrüň berýärler. Bir gezek ol Pygamberimize kişmiş eltip beripdir. Pygamberimiz kişmişi öňünde goýup, öz dost-ýarlaryna ýüzlenipdir. Ol: «Alyň, kiş­miş iýiň. Ol iň oňat tagamlaryň biridir. Kişmiş ýadawlygyňy aýyrýar, gaharyňy öçürýär, beýniňi berkidýär, agzyňda ýakym­ly ys döredýär, flegmany giderýär, reňňi-roýuňy tämizleýär» diýipdir.

Hezret Aly kişmiş hakda: «Günde ýigrimi bir sany gyzyl kişmiş iýýän adam, halamaýan zadyny öz süňňünde görmez» diýipdir.

Ibn Apbasdan eşidip aýtmaklaryna görä: «Çöpüni aýryp, kişmiş iýiň. Onuň çöpünde dert, etinde şypa bardyr» diýipdir. «Resulalla kişmişi suwa ezip, ony her günde ýa-da günaşadan iýerdi. Soňra şeýtmegi bize-de tabşyrdy we öz hyzmat­kär­le­ri­ne-de şol suwdan içirdi», «Resulalla guradylan hurma bilen kişmişi bilelikde ezip iýmegi gadagan etdi».

Ymam Zehri şeýle diýdi: «Hadyslary ýat beklemek we ýat­keşligini ösdürmek isleýän adam, köpräk kişmiş iýsin». Ymam Zehriň özi hem kişmiş iýer eken. Ýöne ol turşy almany welin hiç wagt iýmändir.

Kişmiş ýokumlylygy taýdan guradylan hurmadan hem oňatdyr. Kişmişi we pisse maňzyny süýt bilen garyp, her günde ajöze içse ol adamyň zehini güýçlener.

 زقومZakgun (zakkum). Ýabany zeýtun. (Elaeagnus). Bu Hyjazda bitýän ösümligiň adydyr. Zakgun ¾ nar agajyna meňzeş, ýöne ýapragy onuňkydan ýaýbaň, agymtyl-ýaşy­lym­tyl güli bolan ösümlikdir. Ol tomus aýlarynda ýetişýär. Miwesiniň dermanlyk täsiri ýigrimi ýyla çenli saklanýar. Zakgun miwesi çişleri bejermekde örän peýdaly. Onuň ýap­ragy ýaralary tiz bitirýär, ýüzüň meneklerini aýyrýar. Ol bogunagyry, guryagyry, babasyl ýaly dertleriň hem emidir. Ýiti sanjy döredýän ýogyn ýellenmeleri bejermekde zakgunyň täsiri uludyr. Ýöne zakgun iňňän ajy daragtdyr.

Allatagala bu hakda «Elbetde zakgun agajy günäkärleriň tagamydyr» diýdi[1].

 زعفرانZagpyran. (Crocus sativus). Gyzgyn-gurak tebigat­ly ösümlik. Şatlandyryjy, göwün açyjy, ruhuňy galkyndyrýan we güýçlendirýän ösümlik. Ibn Omardan eşidip gürrüň ber­mek­lerine görä, zagpyran we sary agaç bilen boýalan eşikleri geýmegi Pygamberimiz gadagan edipdir. Sebäbi, zagpyran ynsan ruhunyň göwherini güýçlendirip, jynsy höwesiň joşma­gy­na ýardam berýär. Jynsy höwesi artdyrýanlygy üçin, yhram[2] geýen adamlara şol zeýilli eşigi geýmegi gadagan etdi. Zag­py­ran köňüle kuwwat berýär, gujuryňy we şadyýanlygyňy artdyrýar.

 زنجبيلZenjebil. (Zingiberofficinale). Bu ösümligi Alla­tagala Gurhanda ýatlap geçdi. Ol gyzgyn-gurak tebi­gat­ly ösümlik. Ondaky artykmaç çyglylyk iýmitiň siňmegine we jynsy höwesiň güýçlenmegine ýardam berýär, aşgazan-içegedäki ýellenmäni aýyrýar. Eger onuň üstüne az-kem ýag goşulsa, onuň berýän täsiri has artar, ýogyn balgamy sürer, ondan gaýnadylan bal aşgazana gyzgynlyk berýär, garrylygyň öňüni alýar.

Rum patyşasynyň Pygamberimize zenjebil salnan küýzäni sowgat edendigini Abu Sagyt ýatlaýar. Pygamberimiz dost-ýarynyň hersine ondan bir bölek dadyrypdyr.

 زيتوزيتونالانفاقZeýtun. Zeýtun ýagy. (Oleaeuropaea). Ol entek bişmedik, çig zeýtundan sykylyp alynýan ýag bolup, tebigaty sowuk gurakdyr. Bişen zeýtundan alynýan ýag çyglyrak bolýar, ol gyzgyn tebigatlydyr. Hernäçe kö­nel­digiçe gyzgynlygy güýçlenýär. Zeýtun ýagyny saça we beden agzalaryna çalsaň olary berkidýär we güýçlendirýär, ýüzüň gasyn atmasyny, garrylygyň gelmesini haýalladýar. Zähere ýa-da zäherlenmä garşy zeýtun ýagyny içmek peý­da­ly. Içiňi geçirýän, aşgazan we içagyry derdini köşeş­dir­ýän, aşgazan-içegelerdäki soguljanlary çykarýan der­man­lyk serişdedir. Zeýtun ýagynyň berýän peýdasy örän köp bolup, zeýtun ýagyndan özge ýaglar aşgazanyň işleýşini ýaramazlaşdyrýar.

Ibn Omardan eşidip aýtmaklaryna görä, «Zeýtun ýagy bilen owkatlanyň we ony çalynyň, çünki ol mübärek daragtdyr».

Termezide: «Zeýtun ýagyny iýiň we çalynyň» diýilýär. Ukba ibn Amyr: «Zeýtun ýagyny ulanmagy maslahat berýärin. Ony iýiň we çalynyň. Ol babasyl derdiniň dermanydyr» diýdi. Ýene bir rowaýatda «Zeýtun ýagyny çalynanyň ýanyna şeýtan barmaz» diýilýär. Pygamberimiz plewrit gaýnaglamasyny be­jermek üçin zeýtun ýagyny we sary agajy ulanypdyr. Halk arasynda aýdylýan gürrüňe görä, garyp-gasaryň dermany zeý­tun ýagydyr. Ýaşyl zeýtun örän ýokumly, aşgazany güýçlen­dir­ýän, sowuk-gurak tebigatlydyr. Ol jynsy höwesiňi joşuryp, heýjana salýan, ýaramaz yslaryň döremegine päsgel berýän ösümlikdir. Gara zeýtun bolsa öt kesellerini (söwdaýy) döred­ýän, aşgazana ýakymsyz, gyzgyn-gurak tebigaty bolan iýmiş. Turşy zeýtun ot ýanygynyň bitmesine täsir edýär.

Agyzda döreýän agsyl keselini, düwürtigi, dokuzdonly der­dini we örgüni aýyrmak üçin zeýtun ýapragyny çeýnemek ýeterlikdir.

 



 

 

Add comment


Security code
Refresh