Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 26 November 2015 12:30

Düzümli dermanlaryň gysgaça beýany

Düzümli dermanlaryň gysgaça beýany

 

 

 Syrkawyň keselini bejereniňde agzap oturmaga ze­rur­lyk ýogam bolsa, men bu ýerde, has köp ulanylýan der­man­lary beýan etdim.

*Süýji içgi. Ol sähekigde, sibistan, arpabadyýan we süýji buýanyň kökünden taýýarlanylýar. Bişenden soňra, gaýnan süýjiň üstüne garuk dänesi, gyzyl kişmiş we kana mi­we­sini goşmaly. Emma kakadylan süýji tagamlara erik, sähe­kigde, armyt we suw liliýasy degişlidir.

 *Turşy içgi. Muny taýýarlamak üçin hindi hurmasynyň we naryň däneleri gerek. Iç geçirýän gury ot-çöp bolan senaýymekke, benewşe güli, bir dänik mukdarda peçek, azajyk hem astragal goşmaly. Bularyň ählisini gyzgyn suwa ýatyrmaly we şeker garyp arassalamaly.

Eger ir-iýmişlerden bişirip taýýarlajak bolsaň, iç sürýän gu­ra­dylan miweleriň üstüne sary käbili helilesini, erigiň deregine sibistan garyp bişirmeli. Soňra peçek we lawr bilen güýç­len­dirmeli.

Bişirilen iklimunyň  üstüne bişirilen miweler, efti­mun  besfanyj, garuk, peçek, ermeni daşy we lazurit goşulýar. Eger bogunagyrysyna melhem etjek bolsaň, onuň üstüne surenjan  nedirtedan  we türbet, şeýle hem ysgynly we şaterne goşulýar. Eger gijilewük ýa-da gotury aýyrmakçy bolsaň, syçratgyny garmaly. Munuň başga bir görnüşi yşgyn, peçek, armyt şiresi bilen taýýar­la­nyl­ýar, bularyň üstüne baly, şiräniň ornuna ýabany dalçyny hem goşmak bolýar.

Dänedir-maňyzlara eýaryj, türbet, helile, peçek de­gişli. Bulary ilki suw bilen gowy arassalamaly we soňra noýba şiresi ýaly däne görnüşinde ulanmaly.

Merwezi bir gezek Abu Abdylla bakyp: «Kellämde agyry duýýan» diýende, ol: «Tebigatyňy ýeňilleşdir» diýip jogap berip­dir hem-de şol agyryň tebigatyň guraklygy zerarly ýüze çykýandygyny beýan edipdir. Soňra: «Men saňa öz ulanýan dänämi bereýin» diýip, däne çykaryp, maňa uzatdy. «Muny gijesine içgin» diýip aýtdy. Bu dänäniň sary we gara helileden, mastikadan we aloeden taýýarlanandygyny beýan etdi» diýil­ýär.

Şu maňyzlar baş agyrysyny aýyrmak üçin iň peýdaly se­rişdedir.

Indi ýeňil iç ýuwmalar hakda aýtsak, olary sähekigde, si­bis­tan, gül, benewşe, senaýymekge, mamamonjuk dänesi, gül-haý­ry, ýabany dalçyn, peçek, bura, gyzyl şeker, künji ýagy we şugundyr bilen bitirip bolýar.

Ymam Ahmet, zerurlyk ýüze çykmasa iç ýuwmanyň hala­nyl­maýandygyny ýazdy. Müjähit, Hasan, Tawus we Amyr dagylaram şol pikiri tassykladylar. Emma iç ýuwmanyň peýda­synyň köpdügi, onuň gowy görülýändigi barada hem telim adam agzap geçdi. Alymlar Ybraýym, Abu Japar, Hakam ibn Uýaýýine we Ata bu topara degişlidir.

Abu Abdyllanyň iç ýuwmaklygy halamandygyny, ýöne bejergi üçin rugsat berendigini, El-Halal aýtdy. Bu adamyň Sagyt ibn Eýmene baglap getirýän sözüne görä, Omar ibn Hattap hem iç ýuwmak usulyny peýdalanmaklyga närazy bol­man­dyr.

Muhammet ibn Alydan iç ýuwma hakda soralanda: «Onuň zyýany ýok. Olaram edil beýleki dermanlar ýaly» diýip, jogap beripdir.

Abu Bekr Merwezi bolsa iç ýuwma hakda Abu Abdylla hat ýazyp: «Eger agzyny bekleýän adam içini ýuwsa orazasy bozularmy ýa-da ýok?» diýip sorapdyr.

Bu ugurda alymlaryň arasynda çapraz pikirler bar. Şapygy mezhebine görä orazasy bozulýar, Abu Hanypa görä bozul­ma­ýar. Ahmet ibn Teýmiýe hem şu soňky pikiri goldaýar we onuň pikiri dürsdür.

Iç ýuwmany ilki ýerine ýetirenler gotan guşlary bolup, ha­çan­da olar aşa köp balyk iýenlerinde, çüňkleri bilen deňziň duz­ly suwuny alyp, syrtlaryndan goýberipdirler. Şeýdibem içlerini boşadypdyrlar.

 

Add comment


Security code
Refresh