Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Thursday, 30 July 2015 22:34

GYZZYRMA

GYZZYRMA

 

 

 

Gan bilen baglanyşykly gyzzyrma.

Alamatlary: Ýüzüň we gözüň gyzarmagy.

Bejerilişi: Fasd we hyjamat (gan aldyrmak), turşy tagamly gury miweleri iýmek.

Holerik gyzzyrma.

Alamatlary: Ýüzüň saralmagy, ukusyzlyk, holerik gusmasy we agzyň ajamagy.

Bejerilişi: Armyt we turşy mizwar içgisini bermeli. Eger teş­neligi zyýada bolsa garpyz, gök ot däneleriniň süýdi gerek. Iç geçirýän kakadylan miwe bilen tebigatyny ýumşatmaly. Eger ukusyzlygy artykmaç bolsa benewşe gülüniň ýagyny çalmaly. Ysgynsyz, mejalsyz bolsa jüýje çorbasy bilen nahar­la­maly. Uzaga çeken gyzdyrmany bejermek üçin, yşgyn gaý­na­dyp içirmeli. Gyzdyrmadan saplanan dessine, hammama sal­ma­ly we guzy eti bilen naharlamaly.

Balgamy gyzzyrma.

Alamatlary: «Az suwsamak, ýüzüň gurşun sypat reňke öwrülmegi, gagşyldap oturmak (üşütme).

Üşütmäni bejermek üçin gusdurmaly, birnäçe günläp sirkeli baly gyzgyn suwa garyp içirmeli. Ýeňil iç ýuwmak bilen tebi­gatyny ýumşadanyňdan soňra, çowdary dänesini içirmeli, no­hut ýa-da zagpyran atylan jüýje çorbasyny iýdirmeli.

Melanholik gyzzyrma.

Alamatlary: Nury öçüşen ýüz, peşewiň reňkiniň üýtgemegi, ukusyzlyk.

Bu keseli bejermek üçin arpa suwundan ýagşy hiç zat ýok­dur. Bu tagamda nemlendirmek we uklatmak ýaly täsirler bolup, örän ýokumlydyr. Bir ukyýe[1] möçberinde arpa suwuna ýarym ukyýe şeker garyp içirmeli, nahar bilen tebigatyny ýumşatmaly, owlak we täze balyk ýaly zatlaryň eti bilen nahar­lamaly. Bu gyzzyrmalar sepgitleýin hem bolup bilýär. Holeriki gyzzyrmasynyň ýene bir alamaty onuň her gün däl-de, günaşa gaýtalanýandygydyr.

Melanholik gyzzyrma bir gün tutsa, iki gün köşeşýär, flegmatiki gyzzyrma her gün tutýar.

Gaýtadan tutup başlanda, derrew gusmak gerek. Galan ýagdaýda bejerilişini bolsa ýokarda aýtdyk.

Eger gyzzyrma beden agzalaryna bagly bolsa, ol adamda üsgülewik, ýiti gyzgynlyk, işdäsizlik, derlegenlik we mejalsyz­lyk ýüze çykar. Şeýle ýagdaýda arpa suwuny peýdalanmaly. Ys­gyn-mydary oňat bolup, suwsuzlygy güýjese kamfar aga­jy­nyň dänelerini içmeli, eger ysgyn-mejaly bolmasa içirmeli däldir. Hammama köpräk girip, onuň bugundan däl-de, suwun­dan peýdalanmaly. Hammama girmek, kädi suwuny içmek, owlak eti, jüýje çorbasy ýaly zatlar bilen özüňe seretmeli. Eger ýagdaý ýitileşse, heläkçilikden gutulmak üçin arpa aşyny we göknary ulanmak bolar. Dogrusyny Alla bilýär.

 

KELLAGYRY

 

Başda döreýän bu agyry gan, öt, balgam we gara öt sebäpli ýüze çykýar. Alajynyň käbirini gyzzyrmaň bejerilişinde ýat­ladyk. Sowuklamadan dörän syrkawlygy bejermek üçin müşk, anbar we tmin dänesi ysgalýar, bal iýilýär, gaýnag suwa tutul­ýar we gyzgyn iç ýuwma ulanylýar. Sowuk suwdan we sowuk howadan gaça durmaly. Iç boşatma mätäç bolsa, eýaryj däne­sini peýdalanmaly. Bu çäräni sowuk beýni keselleriniň ählisin­de ulanyp bolar. Oňa guduzlama, tutgaý, ýüz ysmazy, sandyra­ma, ysmaz, çakyza, dümew, sowuklama, ysgynsyzlyk ýaly dert­ler degişli.

Eýaryj dänesiniň sypaty.

Eýaryj – ak köpürjik, bir dirhemlik peçek (3,12 gram), bir dänik şepbik (0,52 gram) we iki sany çowdary dänesini alyp taýýarlamaly, taýýar bolan dänäni ýary gije ýuwutmaly. Bu hakda öň aýdypdyk.

Abu Hüreýrada: «Pygamberimize wahy[2] gelende başy agyrardy. Ol başyna hyna çalyp, ýaglyk oraýardy» diýilýär. Hynanyň peýdalaryny öň ýatlap geçipdik.

Gözüniň sagdynlygyny saklamak isleýän ony aşa yssydan, ötgür sowukdan, güýçli ýelden, çaň-tozandan, köp aýallykdan, nämedir bir zada uzak wagtlap siňe seretmeden, seýrek bol­ma­sa iri hatlary göçürmekden goramaly, çünki uşak hat ýüregiňi nur­landyrýar. Ýalpyldawuk jisimlere, gün tegelegine, ak we ga­ra reňklere siňe seretmekden saklanmaly. Göz üçin iň ýaram­lysy ýaşyl reňkdir.

Enes Pygamberimiziň ýaşyl reňki halandygyny aýtsa, Alla­ta­gala: «Olar üçin aşagyndan derýalar akyp duran ebedi jennet­ler bolup, olar o taýda altyn bilezik bilen bezenerler, ýüpek matalardan lowurdap duran ýaşyl lybas geýerler»[3] diýdi.

Jennet iliniň geýýän lybasy hem ýaşyl reňkdedir. «Gök ot-çöplere we akar suwa seretmek Pygamberimize ýaraýardy» diýip, Ibn Apbas aýtdy. Bureýdäniň hadysynda: «ýaşyl zatlary we akar suwy synlamak görejiňi ýiteldýär» diýilýär. Hoşboý ysly ismet (sürme) ýaly gözi ýiteldýän we saglygyny goraýan zatlary peýdalanmaly. Bu hakda öň aýdypdyk.

 

BURNUŇ GANAMAGY

 

Aşa köp gidip, güýçden gaçyrmadyk bolsa, togtatjak bol­mak hökman däl. Eger gan akmasy köpeliberse alma we turşuja içgisini alsyn, gar (buz) suwuny kamfar bilen garyp burundan guýsun, jüýje çorbasyny içip, güýjüne gelsin.

 

DIŞLERIŇ SAGLYGYNY GORAMAK

 

Şepbik zatlary çeýnemekden, gaty we aşa sowuk zatlary dişiň bilen döwmekden, gyzgyn nahardan soň örän sowuk suw içmekden ýa-da sowuk suwuň yzysüre gyzgyn nahar iýmekden saklanmaly. Gereginden artykmaç ýuwmak dişleriňi döker, agzyňy porsadar. Zaýa tagamlary köp iýmekden, dişiňi gow­şad­ýan zatlary çeýnemekden we arap akasiýasy ýaly zatlardan gaýra durmaly.

 

ÜSGÜLEWIGIŇ BEJERILIŞI

 

Gaýnadylan, süýji arpa suwy, badam ýagyna gowrulan nar, harira[4], ýumurtga we «nimerşet[5]» ýasalýar. Sowuk gardan, etden, turşy we duzly zatlary iýmekden gaça durmaly.

 

ÝÜREGAGYRY WE SANJY

 

Bu ikisi köplenç noýba, mäş, merjimek ýaly iýmitleri ýa-da aş üstüne aş iýeniňde ýüze çykýar.

Bejerilişi: ýokarda ýatlan iýmitlerimizden saklanmaly, gusduryjy serişdeleri ulanmaly, gyzgyn gül mürepbesini peýdalanmaly. Iç boşatma zerurlyk bolsa ýiti-ýeňil iç sürýän aýwa uny bilen bejermeli. Ýüregiň üstüne we göwräňe gül ýagyny hem-de mastikany çalmaly, gyzgyn dermanlar bilen melhem daňmaly, gyzgyn suwa düşünmeli.

Içegedäki ýiti sanjyny ýada ganly içgeçmäni bejermek üçin, alma içgisi bilen gülhaýry köküni gaýnadyp bermeli. Pagta çigdini gyzdyryp ulanmaly, göknar gabygy gaýnadylan suwa buga tutmaly. Eger ganly içgeçme has çäkden geçse, köne çig (gök) üzümiň suwuny towuk çorbasy bilen içmeli, eger iç sürgüsi çäksiz bolsa nar dänesinden taýýarlanan mäjumy ulanmaly.

 

PLEWRIT KESELINIŇ BEJERILIŞI

 

Plewrit keseli iki hili bolup, hakyky däl görnüşiniň bejeri­lişini öň ýatladyk. Hakyky plewriti bejermek üçin gaýnadylan miwe şeraplary taýýarlanylýar, arpa uny, ak gülhaýry we be­newşe güli bilen sargy edilýär. Badam hozuna garylan arpa su­wy hem munuň üçin peýdaly. Eger iç gatasa bir bölek çowdaryny nabat bilen garyp bermeli.

 

SUWLYÇIŞ (SARY SUW) KESELINIŇ BEJERILIŞI

 

Bu hakda öň aýdyp geçdik. Abu Hüreýranyň rowaýatynda, Pygamberimiziň içi durmaýan bir adamyny bejermegi tebibe emr edendigi aýdylýar. Olar Resulalladan: «Tebipçiligiň peý­da­sy barmy?» diýip soranlarynda, «Derdi beren Alla der­ma­ny­ny hem berer» diýipdir.

Bu söz dogry bolsa, suwlyçiş keseline duçar bolan islendik adamyny tebipleriň bejermelidigini, çünki onuň köp görnüşli­di­gini aýtmak isleýär. Etli suwlyçiş onuň iň ýaramaz görnüşidir.

 

DÜŞEGINE BUŞUGÝANLAR

 

Bu kesel köplenç çagalarda we garrylarda ýüze çykyp, onuň baş sebäbi üşemekdir. Onuň üçin ilki bilen ýorgan-düşegi galňatmak gerek.

Ladan, mastika we bal bilen bejermeli. Towuk çorbasyny, sowuk tagamlary, garpyz we şoňa meňzeş zatlary iýmekden saklanmaly.

 

BABASYL KESELINI BEJERMEK

 

Babasyly bejermek üçin gyzgyn suw bilen benewşe şera­byny içmeli. Maluhiýa (مالوخيا), mamamonjuk we ysmanak bi­len naharlanmaly. Mümkin boldugyça, tebigatyňy ýumşatmaga çalyşmaly. Babasyl keselli adam gaty we gury çörek iýmeli däldir.

 

GURAGYRYNY BEJERMEK

 

Guragyryny bejermek üçin gusduryjy dermanlary içmeli, etli tagamlary, esasanam balygy, süýdi, ter miweleri iýmekden saklanmaly, bal iýmeli. Eger agyry sowuklyk sebäpli ýüz beren bolsa, gyzgyn zatlary köpräk iýmeli. Iç sürýän dänelerden we iç ýuwmadan peýdalanmaly.

 



 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh