Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Monday, 08 June 2015 16:44

RUHY ÝAGDAÝLAR HAKYNDA

RUHY ÝAGDAÝLAR HAKYNDA

 

 

 Adamyň bedeni ruhy ýagdaýlaryň täsiri netijesinde üýtgäp durýar. Ruhy ýagdaýlar diýlende gahar-gazap, gaýgy-gam, şowhun-şatlyk, çekinjeňlik, utanç-haýa ýaly zatlar göz öňünde tutulýar. Gahar-gazap bedeni gyzdyrýar we ony guradýar. Şol sebäpli Resulalla gaharlanmagy gadagan etdi. Aýtmaklaryna görä, bir adam Pygamberimiziň ýanyna baryp: «Maňa nämedir bir ýagşy zady nesihat ber» diýende, «Gaharlanma, gazaba münme» diýip aýdypdyr. Bu hadysda aýdyljak bolunýan zat, gahar-gazaba laýyk gelýän hereketleri hem etme diýildigi. Muňa Pygamberimiziň aýdan başga bir sözi delildir. Ol: «Öz araňyzdaky iň güýçli adam kimdir öýdýäňiz?» diýeninde, «Adamlaryň batyrnyp bilmeýäni» diýip jogap beripdirler. Emma Pygamberimiz munuň bilen kanagatlanmandyr. Ol: «Ýok, bu beýle däl. Ol gaharlanan wagty özüni saklap bilýän adamdyr» diýip aýdypdyr.

Şonuň üçinem gahary tiz gelýän, gyzma, ýaramaz häsiýetli adamlar, gahar-gazabyň özüni eýeläp, bolmasyz bir işi etmez­ligi üçin, özüni köşeşdirmäge çalyşmaly, şoňa hem endik etmeli. Allatagalanyň «Gaharyny basybilýän adamlar[1]» diýen sözünde hem şolar ýatlanylýar. Allatagala şol ýerde ýüze çykan ýagdaýyň gazap joşgunydygyny bildirdi we gaharyny basyp bilýändikleri üçin olary öwdi. Biziň Pygamberimizem käteler gaharlanýardy, onuň gaharlydygyny ýüzünden aňyp bolýardy diýýärler. Muhammet pygamberiň: «Gahar-gazap şeýtan tara­pyn­dandyr. Şeýtan bolsa otdan ýaradylan. Ody hem diňe suw bilen öçürip bolýar. Şonuň üçinem, eger-de biriňiz gahar­lan­sa­ňyz suwa ýuwunyň» diýenini Abu Dawut ýatlar eken. Ter­me­ziniň rowaýat etmegine görä: «Gahar-gazap adam ogullarynyň ýüregindäki otly kesindi ýalydyr. Eýsemde siz adam gaharla­nan wagty gözüniň gyzarýandygyny, gabarylýandygyny göreň­zokmy?» diýilýär. Ýene bir rowaýatda: «Men bir sözi bilýärin. Gaharlanan wagtyňyz şony aýtsaňyz köşeşersiňiz we gahar-gazapdan nam-nyşan galmaz. Ol: «Auzu billähi mineş-şeý­ta­nir-rajim» («Daşlanan şeýtanyň şerinden goramagy üçin Hu­daýa sygynýaryn, Hudaýdan pena soraýaryn») diýen söz» diýipdir.

Ruhy ýagdaýlaryň ýene biri şadyýanlykdyr. Şadyýanlyk sebäpli ynsan ruhy güýçli we gyzgyn bolýar. Çäkden geçen şadyýanlyk, aşa keýpihoşluk ynsan ruhyny sarsgyna berýär, neti­jede adam ýogalýar. Aşa begenmekden ýaňa ýogalan adam­lar hakda bir ýa iki däl, örän köp adamlar gürrüň berdi. Şol sebäpli aşa begenmekligi, çaksyz şadyýan bolmagy Alla­tagala gadagan etdi. «Alla aşa keýpikök kişileri halaýan däldir[2]». Emma iman şatlygy, buýsanjy gowy görülýär. «Alla­nyň beren nygmatlaryndan hoşal bolýanlar[3]», «Allanyň fazly-merhemeti we rahmet-mähribanlygy bilen şady-horram bolsunlar» diýip aýt[4]» diýen aýatlar muňa delildir.

Ruhy ýagdaýlaryň ýene biri gaýgy-gamdyr. Gaýgy-gam gündelik aladalar sebäpli ýüze çykýar. Pygamberimiz gaýgy-gamdan saplanmak üçin Hudaýa haýyş ederdi. Bir rowaýata görä, «Gaýgy-gamy köpelen adamyň bedeni hem keselläp başlar» diýip, Pygamberimiz aýdypdyr. Gaýgy bilen gamyň hem tapawudy bardyr. Gaýgy-alada indi bolmaly we bitmeli işler hakyndaky umytsyz pikirler, gam bolsa bolup geçen ýa-da elden giderilen bähbitli zatlar hakdaky pikirler. Pygamberimiz her namazynyň soňunda, gaýgy-gamdan halas etmegini Hu­daýdan dilär eken.

Ibn Apbasdan eşitmeklerine görä, «Gaýgy-gamy, aladasy artan adam «Lä hawle we lä kuwwete illä billähi-l-aliýýi-l-azym» («Barça güýç we kuwwat ýalňyz Allanyň elindedir») di­ýen sözi köp gaýtalasyn, ähli işleri ugruna bolar». «Haw­ka­la[5]» özüň bilen baglanyşykly ähli işleri Hudaýa tabşyrmakdyr. Şeýdeniňde ähli işiňi Hudaý bitirip, maksadyňa ýetirmek üçin barça ýollary ýeňilleşdirip goýýar. Gaýgy bolsa ýalňyşlyklara, şowsuzlyklara baglanyp goýlan zat bolmaly.

Gaýgyň köpeliberse ony unutdyryp biläýjek zatlar bilen has köp meşgullanmak maslahat berilýär. «Bir gaýgylanyp başlasa, gaýgynyň toruna düşmeýän adam ýokdur» diýip, Pygamberi­miz aýdypdyr. Termeziniň Abu Hüreýra salgylanyp, getirýän hadysynda: «Pygamberimiziň başyna bir alada, iş düşen pur­sady başyny asmana göterip «Subhanallahyl-azym» («Beýik Alla päkdir») diýer eken».

Abdylla ibn Mesgut: «Çözülmesi kyn nähilidir bir iş-alada ýa-da gaýgy-gama duçar bolan Taňry bendesi şu sözleri gaý­talasa, Allatagala onun ähli gaýgy-gamyny gidirer, iş-alada­sy­ny bitirer. Ol sözler: «Özüňi atlandyran ýa-da kitabyň bilen inderen, ýa-da öz barlygyňda kimdir birine öwreden, ýa-da gaýyp ylymlaryň bilen özüňe garadan ähli mübärek atlaryň haky üçin Gurhany ýüregimiň bahary, gursagymyň nury etmegiňi, gaýgy-gamy gidermegiňi, dep etmegiňi soraýaryn».



 

 

 

 

 

Add comment


Security code
Refresh