Bu sahypamyz baglandy we Parstoday Sahypasyna göçdik
Wednesday, 14 March 2018 20:36

Lawrow:Amerika Siriýany bölmegiň yzyndadyr

Lawrow:Amerika Siriýany bölmegiň yzyndadyr
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Amerikanyň resmileri Siriýany bölmegiň yzyndadyrlar diýdi.

şu gün Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada Türkiýeli kärdeşi Mewlut Çawuşoglu bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň resmileri Siriýany bölmek we bu ýurtda galmak ugurda plan düzýändirler diýip nygtady.

Lawrow şeýle-de Siriýa döwletini ýykmak ugurdaky Amerikanyň amala aşyrýan planlary halkara kanunlaryna garşydyr diýip sözüne goşdy.

Moskwa döwleti Amerikanyň Siriýa hüjüm etmegi barada gaty duýduryş berendir diýip Sergeý Lawrow nygtap geçdi.

Orsýetiň daşary işler ministri şeýle-de Kawkaz sebiti,Gara deňiz,Ukraina we halkara guramalardaky işleri barada Çawuşoglu bilen maslahatlaşdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri hem bu duşuşykda Siriýanyň toprak bitewiliginiň goralmagyny nygtap Türkiýäniň Siriýanyň topragyna göz garatmaýandygyny aýtdy.

Add comment


Security code
Refresh